Aýyp görýän duýgularmy ýazmagy,
Şoň üçin setirmi ilden gizleýän.
Hemem maňa geňirgenmäň adamlar,
Derdim gizläp ilden kömek isleýän.

Özüm bilen özüm gürleşdim şugün,
Täsin, ýalňyzlyga höwrügipdirin.
Indi öňkim ýaly aglaberemok,
Ýaralarmam sarap öwrenşipdirin.

Hawa, birazajyk dikdüşdiräk men,
Gaýgymam,
şatlygmam saklap bilmeýän.
Ýene bir zat, ölen duýgym öňünde,
Setir bilen özüm aklap bilmeýän.

Durmuş oýunlary kyn gelýär biraz,
Ýogsa olam hoşlaýamy göwnüni?!
Menem başym alyp giderin mundan,
Şonda dertden goraryn men özümi...

23:21
27.05.2023
Enemähri Guwanowa

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Garlawaç tarapyndan 12-10-2023, 01:14

  • Garlawaç Garlawaç off № 1 12 октября 2023 01:16
    Oktýabr! Senden ýapraklar dökülýär, mendenem duýgylar ... ?
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 2 12 октября 2023 01:18
    ...Begenmesiz zada begenip görün,
    Hemem sähel zada keýpim bozulýar...

    G.Eziz.
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 3 12 октября 2023 01:20
    Onsoňam… Sen göwnüňi giň tut. Şol ýerde bir gysylyp galmaýyn, dostum.

    Begençgeldi Orazow
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 4 12 октября 2023 01:23
    Kebelekleň nesli tükenmez entäk, ony gaýgy etme. Sen tebigaty arz et Ýaradana. Mümkin bolsa, ýene bir-iki aý goşup bersin bahara. Gyşdan kemse bolar, halys bolmasa. Onsuzam dokuzymyz üçe ýetenok. Hemem, güýzi unutma, dostum. Dekabr aslynda güýzüň kapyýasy.

    Begençgeldi Orazow
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 5 12 октября 2023 01:32
    Aýnada özüňe syn edýäňmi bir?! Agyr dälmi gözleňdäki betonlar? Utanma, agla!
    Arasynda ýöriteläp saçyňy dara. Şemalam halaýar bezemenleri. Gözellik diýip aşa kösenme ýöne. Ýylgyryp goýber.

    Begençgeldi Orazow.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 6 12 октября 2023 01:33
    Ýatow ziom. Ukyň gelenokmy seň?Menä insomniýa keseline duçar bolan. Uklamok.
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 7 12 октября 2023 01:41
    Iñ soñky garlawajam depämden geçdi gitdi...
    Häzir güýz pasly...
    Güýz - gussa döwri...
    Guşlaryñ gidip barýanyna ýüregim gyýylýar...
    "Duruñ, nirä barýañyz, duruñ-a!.." diýip... ses edip yzlaryndan ylgaýasym gelýär…

    Bekir JOŞKUN.
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 8 12 октября 2023 01:45
    Khanture,
    Waheei, seniň üçin gynandym. Şu telimiň megebaýytyny gutaryp bilmän otyn)).
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 9 12 октября 2023 01:54
    Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
    Gursagymda çogup duran gussa bar.
    Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
    Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň

    Sapa HOMMADOW
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 10 12 октября 2023 07:00
    саг бол етиренине! sps
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 11 12 октября 2023 07:21
    Duýgular ýygra bolup galdy, çykanok hiç ýürekden. Ýekelegidede gowy höwrükdik, indi köçelerde gözümi çyglabam ýöremok. Ýöne näme üçindir entägem unudup bilemok, asyl unutjagam bolamok. Gaýta ýene şol öňküler söýüp ýörün...
    Jogap
  • Ak-sary Ak-sary off № 12 12 октября 2023 12:06
    Garlawaç
    ...Begenmesiz zada begenip görün,
    Hemem sähel zada keýpim bozulýar...

    G.Eziz.

    Nobatguly aga bolaymasyn!
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 13 12 октября 2023 14:01
    Ak-sary,
    Indiki postumda goşgyny doly paýlaşaryn, osoň: ,,Häää" diýersiňiz :))
    Jogap
  • Ak-sary Ak-sary off № 14 12 октября 2023 16:06
    Garlawaç
    Ak-sary,
    Indiki postumda goşgyny doly paýlaşaryn, osoň: ,,Häää" diýersiňiz :))

    Garlawaç
    Ak-sary,
    Indiki postumda goşgyny doly paýlaşaryn, osoň: ,,Häää" diýersiňiz :))

    Tazeden ýazmaly boldym.Nobatguly Rejebow bolaýmasyn?
    Jogap
  • Belki Belki off № 15 12 октября 2023 19:16
    Jedelleşen goşgyñyz Atamyrat Atabaýewiñki.
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 16 12 октября 2023 19:17
    Ak-sary,
    Ýok, siz ýalňyşýan bolaýmaň :-)
    Jogap
  • Abat Abat off № 17 29 октября 2023 13:54
    Mumkin bolsa paylasjak)
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 18 29 октября 2023 14:30
    Abat,
    Nämäni paýlaşjak goşgynymy:))
    Jogap
  • Abat Abat off № 19 29 октября 2023 14:58
    Hawa.öwrenmelide paylashsam bolara)
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 20 29 октября 2023 17:13
    Abat,
    Hawala, göwnüňe ýaran bolsa, soromok nämä gerek ony:)))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler