Ejemjan dileg et

Seniñ ýyly mähriñ, yssy gujagyñ,
Nurun çoýsam çaga dönýän hamala.
Has ýagtydyr seniñ bilen geljegim,
Ejemjan dileg et, dileg et maña.

Janym sag, başym dik, işlem ugruna,
Ýaman gözler daş atmasyn ýoluma,
Dileg-dogalaryñ wajyp ogluña,
Ejemjan dileg et, dileg et maña.

Her säher başyma sylyp kamatyñ,
Sen saýañda al-asmanda galgadym,
Birden gyrylsa-da arka ganatym,
Ejemjan dileg et, dileg et maña.

Aýdan öwütleriñ kalbymda sena,
Janymdan söýeýin, bolaýyn pena,
Işim ugruna däl bir zatlar kem-ä,
Ejemjan dileg et, dileg et maña.

Señ söýgiñ düýpgöter başgaça duýgy,
Hawa, ejem ogludyryn barmydyr aýby?
Müñde şükür ýagşy, etme sen gaýgy,
Şonda-da dileg et, dileg et maña.

Awtory: Jemşit Hajymämmedow
@Jemsitpoet

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Jemsitpoett tarapyndan 16-10-2023, 17:08

  • Ak-sary Ak-sary off № 1 16 октября 2023 23:51
    Janym sag, başym dik, IŞLEM UGRUNA,

    Bu setirde işler ugruna eken.

    IŞIM UGRUNA däl bir zatlar kem-ä,

    Bu setirde bolsa işim ugruna däl diyyäñ.okujy bularyñ haýsyna ynanmaly Jemşit?
    Jogap
  • Ak-sary Ak-sary off № 2 16 октября 2023 23:53
    Müñde şükür ýagşy,ETME SEN GAÝGY,
    Şonda-da dileg et, dileg et maña.

    Goşgydaky eje bu diýlenleriñ haýsysyn berjaý etmeli?
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 3 17 октября 2023 02:44
    Ejeňe okap berdiňmi şu goşgyňy?
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 4 17 октября 2023 02:44
    Ýa-da haýsy bolsa-da bir ejä okap berdiňmi?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler