Ýeriň we Aýyň yşaratlaryny plitanyň üstüne bellik etdi. Günüň maşgalasyndan bolmadyk Enki Nibirunyň hereketlerine görä bu uly gözlegiň giňişligini takyklady we Patyşanyň hormaty üçin oňa ''Anu ýoly'' diýip at goýdy. Ataly-ogul gökdäki ýyldyzlar giňişligini ölçediler.
Biri-birine ýakyn ýyldyz toparlary Enkini jadylaýan ýalydy. Gökleriň geçýän turlaryna görä bir başdan beýleki ujuna çenli on iki ýyldyzy çyzdy.
Uly giňişlikde Anu ýolunda bularyň her birini Gün toparyndaky on ikiler bilen ýakynlaşdyrdy. Şundan şeýläk şu atlar bilen atlandyrylsyn. Soňra göklerde Anu ýolunyň astynda Nibirunyň Güne ýakyn ýerine Enki öz adyny dakdy. Ýagny ''Enki ýoly''...
Ýyldyzlary hem on iki ýyldyz toplumy görnüşinde düzüşdirdi. Ýyldyzlaryň toplumy 36 sanydy. Üç ýoluň içinde ýerleşendi. Nibirunyň ýakynlaşyp daşlaşan gezegindäki synlan ugry bu ýyldyzlaryň ýerleşişine Ýerden synlap bilse bolýardy.
Günüň daşynda eden aýlawynda Ýeriň bellenen çägi hem şeýledi. Enki Marduka muny şeýle düşündirdi.
Ýere baran wagtym ahyrdaky duralga Balyk diýip atlandyrdym. Onuň yz ýanyndaky gelen topluma bolsa lakamyma mynasyp Suwlardan bolan diýip at berdim...'' diýip Enki ogly Marduga buýsançly gürrüň berýärdi. ''Bilimdarlygyň gökleri gurşap alar, öwrenenleriň meniň düşünjelerimden iki esse artar. Ýöne Ýerde we Nibirunyň üstünde ylym bilen hökümdarlyk aýrylandyr.
MARDUK KAKASYNA SÜTEM EDÝÄR, EZILENDIGINI AÝDÝAR
...Oglum! Eý oglum! Başga-da bilmeýän zadyň barmy? Saňa mundan başga näme öwredeýin, näme bereýin diýip Enki oglundan sorady. Gökleriň syrlaryny, Ýeriň syrlaryny seniň bilen paýlaşmadymmy?'' ''Heýhat kakam!'' diýen Mardugyň sesi ezýetli çykdy. Soňra ol şeýle diýip haýkyrdy: ''Abzudaky Anunnakiler işi taşlanlarynda we Senem ilkinji işçini ýaratmaga synanyşanyňda saňa kömek etmek üçin ejemi däl-de Ninurtanyň ejesini ýanyňa çagyrdyň. Saňa kömek etmek üçin meni däl-de menden kiçi Ningişziddany çagyrdyň. Ömür we ölüm bilen baglanyşykly bilimi meň bilen däl-de olar bilen paýlaşdyň...'' Enki ýene-de ''Oglum'' diýip ýüzlendi we: ''Saňa Igigileriň we Lahmunyň serkerdeligi berildi, iň ululary bol diýip...'' ''Haý kaka! heýhat kaka diýýärdi Marduk. ''Kysmat ýoksul edip goýdy bizi üstünlikden. Sen adam Anunyň birinji oglykaň, sen däl-de Enlil mirasdüşer boldy. Sen ilkinji bolup suwa gonup Eriduny guranyňda Eridu Enliliňki boldy, seňki bolsa uzak Abzuda. Seniň ilkinji ogluň men, hemem kanuny aýalyňdan bolmak bilen Nibiruda doguldym. Gel gör altyn Ninurtanyň şäherinde bir ýere toplanyp şol ýerden ugradylýar we ol ýerde goýulýar. Nibirunyň kysmaty onuň ellerinde meňkide däl. Ýere baranymyzda meniň etmeli işim näme bolar?
Meşhur patyşalyk bolarmy kysmatym ýa-da peselermi?'' Onuň bu aýdanlaryna dymyp galan Enki ogluny gujaklady. Oňa Aýda şeýle söz berdi: ''Menden alynan zatlar, geljekde seňki bolar! Seniň asmanawy zamanyň geler, seňki bolar.
ENKI WE MARDUK ÝERE DOLANYP BARMAKDAN GIJÄ GALÝAR
Indi bolsa Edindäki ulaglar ýeriniň, Sipparyň we ilkinji işçileriň nädip Edine dolanyp barýandyklary hakynda bolar.
Ýeriň birnäçe aýlawy dönüp geçse-de ataly-ogul Aýdan dolanyp gelmändiler.
Lahmudaky Igigiler birahatdylar. Enlil kakasy Anuwa gizlin sözler ugratdy: Enki we Marduk Aýa gitdiler, olar eglenmek bilen ol ýerde galdylar.
Näme edýändikleri, näme planlýandyklary belli däl. Marduk Lahmudaky gonalga ýerini terk etdi. Igigiler möwjeýärler. Tozanly tupanlar gonalga ýerine zyýan ýetirýändigi belli däl.
Edinde ulaglar ýeri gurulmady. Lahmudaky gonalga geregem bolmaz indi.
Ninurtanyň planydyr bu, bu onuň düşünjelilogini aňladýar. Rugsat berseň Bad-Tibiranyň golaýyndan gursun ulaglar ýerini. Ilkinji serkerdesi Ninurta bolsun.
GÖZLEG GONALGASY ÝERDE GURULÝAR, SERKERDESI UTU (ŞAMAŞ) BOLÝAR
Anu Enliliň bu aýdanlarynyň pikirini etdi we şeýle jogap berdi: Enki we Marduk Ýere dolanyp barýarlar, intek diňläli sözlerini. Aýda nämeler tapandyklaryny göreli.
Enki we Marduk Aýdan dolanyp Ýere geldiler.
Ol ýerdäki görenlerini aýdyp berdiler. Uçuş-gonuşly ýer aerodrom gurnamak üçin amatsyz diýdiler. Ulaglaryň ýeri gurulsyn diýdi Anu. Rugsat berseňiz serkerdesi Marduk bolsun diýip ýüzlendi Enki Anuwa. Bu wezipe Ninurta üçin aýryldy - diýip Enlil haýkyryp gygyrdy. Igigileri serkerde edip bellemegiň geregi ýok, Mardugyň bu işlerden bilýän zatlary köp. Rugsat berseň gök gapylaryna Marduk bellensin - diýýärdi Enki kakasyna.
Anu bu meseläni goh-galmgal bilen ulaltdy. Pähim-paýhasdan ýüki ýetik Anu belli karara geldi. Ulaglara derek altyny başga bir usullar bilen daşalsyn edildi.
Anu: ''Mundan beýläk täze nesliň ellerinde bolsun buýerler. Ne Enlil ne Enki, ne-de Ninurta we Marduk bolsun serkerdesi!!! Bu wezipäni üçünji nesil Altyn, serkerdesi Utu bolsun! Gök arabalaryň ýeri gurulsyn, ady hem Sippar, Kuş kent-şäher bolsun'' diýdi. Onuň sözlerini üýtgedip bolanokdy.
Gurluşyk segsen birinji şarda başlady (291.600 ýyl), Enliliň planlaryna görä ugrukdy. Merkezinde Nibriku bolan bu şäher Enlil tarapyndan Dünýäniň göbegi diýlip yglan edildi.
Bellenen ýerleri we uzaklyklary beýiklikde bildirip durdy öňki şäherler, aşakdaky deňizden daglara dogry giden ok ýaly gurnalypdy.
Demirgazykdaky göklere tarap Arratanyň (häzirki Agri ) ekiz ýanyndan geçen bir çyzyk çyzdy Enlil. Bellik eden okuň Arrata çägini kesýän ýerinde Sippar üçin ulaglar ýerini bellik etdi.
Ok göni şoňa tarap uzaýardy. Nibrukiden bir çember uzaklykda ýerleşendi.
Çyzylan plan ussatlyk bilen ýerine ýetirilendi, muny hemmelere düşündirdi. Sipparyň gurluşygy Segsen ikinji şarda tamamlandy. Enliliň agtygy Utuwa serkerdelik berlipdi.
Onuň üçin bürgüt şlýom ýasaldy. Ony Bürgüt ganatlary bilen bezediler. Nibirudan Sippara tarap gelmeli ilkinji arabada Anu gelýärdi. Ýerine ýetirilen işlere hem-de onuň täsinligine baha bermäge gelýärdi.
ANU ÝERE GELÝÄR
Mardugyň serkerdeligindäki Igigiler Lahmudan Ýere soň üçin gelipdiler. Gonuş ýerinden we Abzudan gelen Anunnakiler hem ol ýerde taýyndylar. Biri-birlerini görenine begendiler; salamlaşdylar, baýramçylyk bellediler.
Enliliň agtygy Inanna gazal aýdyp tans etdi Anu üçin. Anu begenip ony ogşady. Oňa mähir bilen Anuniti diýip lakam goýdy. Manysy Anunyň söýüp mähir bildireni diýmekdi. Anu gitmezden ozal erkek we zenan gahrymanlary toplap: Täze Eýýam başlandy diýdi olara. Halas ediliş altynlar toplananda, kyn işleriň soňy geler.
Ýeriň kyn şertlerinde işlemek azalar, erkek we zenan gahrymanlar Nibiruwa dolanyp bararlar.
Anu ýygnananlara şeýle söz berdi. Birnäçe şar işläniňizden soňra öýüňize gaýdarsyňyz diýdi...
(dowamy bar)
Sümer Plita ýazgylary 7 /dowamy/
Edebiýat,
Jekwarabey
tarapyndan
19-10-2023, 20:01