--Ynha, şeýle, indi bosa aýdyň, baylygyň syry üçin siz näçeräk tölärdiňiz?Basym Millioneriň sowaly ýaş adamyň duýdansyz üstüni basdy. --Eger men isläýenimde-de, meniň ýanymda ýeke şaý-da ýok,--diýip, ol dillendi.—Dogrusy, men siziň sowalyňyza jogap berip biljek däl.--Eger siziň puluňyz bolan bolsa-dy, onda siz näçeräk tölärdiňiz?—diýip,millioner gaýtalap sorady we çaltlyk bilen öz sözleriniň üstüni ýetirdi.—Islendik sany, kelläňise gelen ilkinji sany aýdaýyň.--Bilmedim...100 funt...Ilkinji gezek tutuş gijäniň dowamunda Basym Millioner ýiti we arassa gülküsi bilen hahahaýlap güldi.--Bary-ýogumy...Megerem, siz meniň syrymyň bardygyna ynanmaýan bolmasaňyz gerek, şeýle dälmi? Ýogsam siz onuň üçin has köpräk pul tölemäge taýýar bolardyňyz. Bolýa, size ýene bir puryja berýärin. Başga bir sany aýdyň. Bilip goýuň, bu oýun däl, bu örän möhüm zat.Ýaş adam pikirlenmäge durdy. Ol ýene-de Basym Millioneriň öz üstünden gülmegini asla islemeýärdi, ýöne haýsydyr bir bolgusyz ýagdaýa-da düşmek islemeýärdi. --Men siziň oýnuňyzy oynamaga razy,--diýip, ol ahyr seslendi.—ýşne mende, mende ýeke şaýyň hem ýokdugyny unutmaň.
--Munuň üçin azara galmaň.--Ýöne meniň elimde pul ýok bolsa, onda meniň elim daňylgydyr.—diýip, ýaş adam gaharlanyp gürledi.--Eý, Hudaý,--diýip, millioner dillendi.—Adamzat nesli döräli bäri, baý adamlar öz emlägini beýleki adamlaryň pullaryna daýanyp köpeldip gelýärler. Işine ezber biznesmenleriň hiç birine-de pul gazanmak üçin pul zerur bolmandy. Man nagt pullar barada gürrüň edýärin. Megerem, sizde çek kitapçasy bar bolsa gerek...Ýaş adamyň ―Ýok‖ diýip jogap beresi geldi. Şeýle bolaýmalymy diýsene, ýöne hut şu gün ol, muňa özi-de kän bir ähmiýet bermän, çek kitapçasyny jübüsine salypdy, onda bolsa göni 12 funt 28 pens bardy. Ýaş adam aldamaga taýýarlyk görüpdi, emma millioner onuň gözüne edil kellesindäki pikirini okan ýaly, ýiti seretdi. Edil aýylganç jenaýaty boýun alýan ýaly, ýaş adam sakawlap, şeýle diýdi:--Hawa, men ony özz...öz ýanyma alypdym. Buýruga boýun robot ýaly, ol mysapyrlyk bilen çek kitapçasyny çykardy. Aňynda garşylyk götkezäýmek pikiri-de aýlanyp gitdi we ol dessine körükdi. Bu adam ony gösbagçy ýaly, öz erkine maýyl edipdi. Ýöne biziň gahrymanymyz Basym Millionerden gorkanokdy. Bu adam tutuş durky bilen akgöwünlidi, ýogsam onuň özüni alyp barşy hakykatdan-da birtüýslidi. --Örän gowy,--diýip, millioner aýtdy. —Indi siziň görşüňiz ýaly, hiç hili mesele ýok.Millioner eline galam aldy, ony ýaş adama uzatdy.--Aýtmak islän bahaňyzy ýazyň we çeke gol çekiň.--Ýöne men haýsy bahany ýazmalydygy barada asla bilmeýärin.--Bolýa. Diýeliň, 10 000 funt bolsun...--Onmüň!!—diýip, ýaş adam gygyrdy.—Oýun edýäňizmi?--Eger isleseňiz, 20000 goýuň,--diýip, millioner hojaýynyň oýun edýändigine ýa-da dogrusyny aýdýandygyna düşünmän duran myhmana jogap berdi.--Hatda 10000 hem meniň üçin örän köp. Munuň üstesine-de, siz bu çek boýunça hiç zat alyp bilmersiňiz,ony serişde ýokdugy sebäplidessine yzyna gaýtararlar, men bolsa bank menejerinden temmi alaryn. Ol menden tötänlikde aklyňdan azaşdyňmy diýip sorap biler we şunda ol mamla bolar.
--Haçanda men iň uly geleşigimi baglaşanymda, şeýle ýagdaý bolupdy. Men 100000 funt çeke gol çekipdim, soňra bolsa şol pullary tapjak bolup, ot alyp barýan ýaly iki ýana ylgadym. Eger şol wagt şol çeke gol çekmedik bolsam, men ajaýyp bir mümkinçiligi elden gidererdim.--Munuň özi biznesde meniň ilkinji çynlakaý sapagym bolupdy,--diýip, goja öz gürrüňini dowam etdirdi.—Eger adam öz wagtyny amatly pursata garaşyp geçirse, onda ol hiç wagt hem hiç bir işi etmez. Hereket etmek üçin iň amatly wagt hut HÄZIR döredi! Tutuş bu wakadan alnan sapak şeýle: durmuşda üstünlik gazanmak üçin adam özünde indi hiç hili çykalganyň galmandygyny, özüniň diwara direlendigini duýmalydyr.Eger sen ikigöwünli bolsaň we ol ýa-da bu ýok diýip, başyňy gutarmak üçin sapalak atyp, töwekgellik etmek islemeseň, onda sen hiç bir zat edinip bilmersiň. Eger sen diwara direlen bolsaň, eger ähli ýollar we çykalgalar petiklenen bolsa, saňa diňe özüňiň içki güýçleriňiň ählisini herekete getirmekden başga çäre galmaýar. Şeýle ýagdaýda adam özgerişleriň zerurdygyny tutuş durky bilen syzýar. Ýeri onsoň, näme üçin, gadyrdan adam, ikirjiňleýärsiňiz? 10000 funt çeke gol çekip, diwara direliň!Ilki sanlary, soňra sözleri ýuwaşlyk bilen ýazyp, ýaş adam çeki doldyrdy, emma, haçamda oňa gol çekmeli bolanda, ol muny etmäge gurbatynyň ýokdugyna düşündi. --Men ömrümde hiç wagt hem beýle möçberdäki çeke gol çekip görmändim. --Eger siz millioner bolmak isleseňiz, size ilkinji ädimleri ätmek gerek. Size entek mundan has köp möçberdäki çeklere-de gol çekmek miýesser eder. Munuň özi diňe ilkinji ädimdir.Ýöne ýaş adamyň gollary diýen etmek islemeýärdi. Sebäbi ähli zat garaşylmadyk ýagdaýda çalt bolup geçýärdi. Ynanar ýaly däl, ol öz ömründe ilkinji gezek görýän adamyna haýsydyr bir syry eşitmek üçin örän gümürtik söz bermeleriniň ýerine on müň funt çeki bermek isleýärdi.--Sizi näme inkise goýýar, gadyrdan,--diýip, Bsym Millioner sorady.—Ýakyn wagtda bu san siziň üçin ujypsyz zat aýly bolup görner.--Gep möçberde däl,--diýip, näme diýjegini bilmän duran myhman hüňürdedi.--Onda näme barada?Ol bir zatlar diýmekçidi, emma millioner omuň sözüni böldi.--Bu ýerde sebäbiň nämededigini men bilýärin. Siz meniň syrymyň sizi millioner edip biljekdigine ynanmaýarsyňyz. Eger siz ynanýan bolsadyňyz, onda ekeje sekynt hem ikirjiňlenmezdiňiz. Myhmany ynandyrmak üçin, has dogrusy, özüniň nukdaýnazaryny anyk beýan etmek üçin, millioner şeýle diýip sözüniň üstüne goşdy:
--Eger siz meniň syrymyň bir ýyla ýeter ýetmezden size 50000 funt peýda getirjekdigine we munuň üçin siziň häzirkiňizden köp işlemeli bolmagjakdygyňyza, belki-de, azrak işlemeli boljakdygyňyza hakykatdan-da, doly derejede ynamyňyz bolanda, siz çeke gil çekerdiňizmi?--Hawa, golçekerdim,--diýip, myňman razylaşdy.—Men 40 000 funt girdeji bilen galardym.--Onda gol çekiň. Men şol puly siziň gazanyp biljekdigiňize resmi ýagdaýda kepil geçýärin.--Siz öz kepiliňizi hat görnüşinde beýan etmäge razymy?Millioner ýene-de hahahaýlap güldi.--Siz maňa ýaraýarsyňyz, ýaş ýigit. Siz arkaňyzy bir zada diremek isleýärsiňiz. Orän patasatly ymtylyş. Hatda sizde ýeterlik möçberde pul bolanda-da, munuň özi siziň her bir ilkinji gabat gelen adama ynanmalydygyňyzy aňlatmaýar. Goja ýerinden turdy, stoluň çekeriniň ýanyna bardy we ondan taýýar blankany çykardy. Megerem, ol şeýle ýagdaýlarda mydama olardan peýdalalanan bolsa gerek. Ýaş adama bu ýagdaý asla ýaramady. Dogrudan-da bu adam öz syryny köp nusgada taýýarlap, islendik adama—Toma, Dike ýa-da Garra satmaga taýýarmyka?Millioner kepil hatyny ýazdy we ony ýaş adama berdi.Ol çaltlyk bilen haty gözden geçirdi we onda ýazylan sözlerden razy boldy. Ýöne şol pursat gojabiordenkä başga karara geldi.--Ýene-de bir pikir bar,--diýip, ol aýtdy.—Bije atylsa nähili görýärsiň?Ol jübüsinden şaslyk çykardy-da, ony aýasynda bökdürip başlady.--Şaýlygy zyňýarys. Eger men utulsam, jübimdäki 10000 funty size berýärin. Eger siz utdursaňyz, onda çeke gol çekýärsiňiz. Şeýle ýagdaýda kepil haty baradaky gürrüňi unutýarys.Ýaş adam biraz pikire çümdi. Teklip asla adaty teklip däldi. Umuman, ideýa erbet hem däl, diýip, ol pikir etdi. Haýran galaýmaly, goja näme üçin muny teklip edýärkä. Belki, bu ýerde haýsydyr bir hile bar bolaýmasyn. --Şu ýerde ýekeje päsgelçilik bar,--diýip, myhman aýtdy.—Oazal hem belleýşim ýaly meniň hasabymda hiç zat ýok. Eger hatda men size çek beräýenimde-de, siz ol boýunça meniň hasabymda bar bolan puldan köp zat alyp bilmersiňiz. --Hiç hili mesele ýok,--diýip, millioner aýtdy,--Men hiç ýere howlukmaýaryn. Men indiki duşuşygymyza-da garaşyp biljek. Geliň şeýle gepleşeli: göni ýene bir ýyldan duşuşýarys, siz razymy?--Men rasy. Bije atyşarys.
Bir ýylyň dowamynda bankyňy çalşyp bolar, hasbyňy ýapyp bolar ýa-da iň bolmanda banka bolan zatlar barada habar berip bolar we çek boýunça tölegi tyogtadyp bolar. Bu babatda ozal hem çaklasa bolardy, diýmek ýitirilýän zat ýok. Indi bolsa ol hiç bir alada etmezden on müň funt utup hem biljek. Bildirmejek bolsa-da, ýaş adamyň ýüzünde özüne göwniýetijilikli ýylgyryş peýda bolup gitdi. Biraz utanjygady-da, ol, belki, Basym Millioner muny duýan däldir diýip ynam etdi. Gynansa-da, goja örän duýgur adamdy. --Ýene bir şert bar,--diýip, millioner aýtdy.—Eger siz utulsaňyz, onda maňa çeki tölejekdigiňiz barada hakyky söz bermelisiňiz.Ýaş adamyň ýüzi gyzaryp gitdi. Bu goja tilki ýaly mekir diýip, ol oýlandy.Megerem, ol adamlaryň pikirini açyk kitapdaky ýaly okamagy başarýar. Ýöne ol islese islemese-de razylaşmaly boldy. Millioner şaýlygy ýokary zyňmaga taýýarlanan wagty, birden myhman ony saklady.--Men şaýlygy gözden grçirip bilerinmi?—diýip sorady. Millioner ýylgyrdy. --Näme diýseňem, gadyrdan, siz maňa ýaraýarsyňyz. Siz ätiýaçly adam, bu bolsa size ençeme ýalňyşlyklardan sowlup geçmäge ýardam eder. Ýöne bilip goýuň, aýrtyn hüşgär bolan bolup, ençeme ajaýyp mümkinçilikleri elden gideräýmeli däl. Millionerşaýlygy mayghmana uzatdy, ol ýaşluguň iki tarapyny-da ymykly ünsden geçirdi.--Reşka,--diýip, ol ahyr dillendi.Millioner şaýlygy ýokary zyňdy. Ýaş adamyň ýüregi ilkinji söýgi duşuşygyndaky ýaly gürrsüldäp urdy. Onuň ömründe ilkinji gezek köp mukdarda pulutmaga mümkinçilik döredi. Şaýlygyň howada aýlanyşyna ol tolgunma bilen seredýärdi.Ynha-da ol stoluň üstüne gaçyp, tigirlenip gitdi we ahirsoňy saklandy.--Bürgüt!—diýip, millioner şatlykly yglan etdi, dessine-de şeýle diýip, sözüniň üstüne goşdy:--Men gaty gynanýan...Ýaş adam çeke gol çekmeli boldy. Onuň eli çala titreýärdi. Belki-de, haçan-da bolsa bir wagt ol, hakykatdan-da, uly möçberdäki çeklere gol çekmäge endik hem eder, emma häzirlikçe ol özüni örän oňaýsyz ýagdaýda duýýardy. Millioner çeki ünsli gözden geçirdi, ony iki epledi-de jübüsine saldy. --Indi men siziň syryňyzy bilip bilerinmi?—diýip, ýaş adam sorady.--Elbetde,--diýip, millioner jogap berdi.—Sizde bir list kagyz tapylmazmy? Men iň gowusy ony ýazaýyn, şeýtsem siz ony unutmasaňyz gerek.Ýaş adamyň demi tutuldy. Millioner öz syryny—on müň funt berlip satyn alnan syry ýekeje list kagyza ýazmak isleýär.
--Bagyşlaň, mende kagyz ýok,--diýip, myhman ahyrsoňy seselendi.Ine, şu ýerde-de millioner şeýle söz diýdi welin, ýaş adamyň ýüregi jigläp gitdi. --Ýogsa-da, sizde hödürnama haty bolmaly. Siziň daýyňyzyň meniň ýanyma iberýän adamlarynyň ählisiniň ýanynda hödürnama hatlary bardy.Ýaş adam jübüsindan daýysynyň beren hatyny çykardy we çekinjeňlik bilen ony Basym Millionere uzatdy. Ol ünsli hojaýynyň ýüz keşbini synlady,emma ol bukgada arassa karyz listini görüp, geň hem galmadyk ýalydy. Millioner eline galam aldy, oturgyja geçip otyrdy we haty ýazmaga başlan ýaly etdi-de, birden kellesini galdyrdy we myhmana hyzmatçyny çagyryp gelmegi haýyş etdi.--Siz ony aşhanadan, däliziň iň çet künjeginden taparsyňyz.—diýip, hojaýyn düşündirdi.Haçanda ýaş adam hyzmatçynyň ugratmagynda bu ýere gelende, millioner, eýýäm, bukjany ýelimläp durdy. Ol ýylgyrýardy we özünden gaty göwnihoş görünýärdi.--Biziň myňmanymyz bu gün bizde galar,--diýip, ol hyzmatça ýüzlenip aýtdy.—Gaýrat ediň, ony myhmanlar üçin otagda ýerleşdiriň.—Soňra ýaş adama tarap öwrülip, şeýle diýdi:--Ynha-da, syr.Millioner bukjany saklap duran elini edil öz ömründe örän möhüm geleşigi edil şol pursat baglaşan ýaly dabaraly galgatdy.--Men sizden bir zady haýyş etjek. Bukjany otagda bir özüňiz ýeke galýançaňyz açmaň...Biý, ýogsa-da, ýene bir şert. Meniň ýazan zatlarymy okamazdan ozal, maňa, haçanda baýanyňyzda, beýlekiler, biraz kembagalrak adamlar bilen bu syry paýlaşmaga öz ömrüňiziň bir bölegini sarp etjekdigiňize söz beriň. Eger siz razy bolsaňyz, onda hut menden meniň syrymy bilen iň soňky adam bolarsyňyz. Şonda meniň işim tamamlanar, men bolsa özümi meniň häzirki bagymdan has ulurak bagdaky güllere ideg etmäge doly bagyşlap bilerin. --Eger siz syryňyzy paýlaşmaga taýýar däl diýip hasap etseňiz, onda size şindem oýlanmaga wagt bar, ýöne bu ýagdaýda siz bukjada näme ýazylandygyny bilmersiňiz, men bolsa siziň çekiňizi yzyna bererin. Öýüňize gaýdyp baryň we şu wagta çenli ýaşaýşyňyz ýaly ýaşamagyňyzy dowam etdiriberiň.—diýip, ol sözüni tamamalady.Şol wagta çenli ýaş adamyň bilesigel;ijiligi şeýle derejä ýetipdi welin, ol hatda yza çekilmek barada pikir hem edip biljek däldi. --Men razy.—diýip, ol aýtdy.
Milýaneriň syry 3-nji bölüm
Täzelikler,
yakup 8B
tarapyndan
20-10-2023, 21:57