GENERALISSIMUS - (Generalissimus latyn sözünden “iň esasy” diýmekdir) ýokary harby çin.
GENERAL - (Generalius latyn sözünden gelip çykyp ”umumy, esasy” diýmekdir) Ýaragly Güýçlerde ýokary harby çin. Rus goşunlaryna 17-nji asyryň aýaklaryna girizilen. 19-20-nji asyrlarda rus goşunlarynda general-maýor, general-leýtenant, doly(polnyý) general, infanteriýa generaly, kawaleriýa generaly, artilleriýa generaly ýaly general çinleri bolan. General-maýor, general-leýtenant çinleri-de Harby Deňiz Güýçlerinde kontr-admiral we admiral çinleri bilen deňdir.
1940-njy ýylda rus goşunlarynda general-maýor, general-leýtenant, general- polkownik we goşun generaly ýaly general çinleri girizilen.
Ýaragly güýçleriň we beýleki goşunlaryň generallaryna (goşun generalyndan başgalary) şol goşunlaryň atlandyrylyşy goşulyp hem aýdylpdyr. Mysal üçin: awiasiýanyň general-maýory.
POLKOWNIK - bu harby çin rus we beýleki daşary ýurt goşunlarynyň birnäçesinde bar. Öňki SSSR-de 1935-nji ýyldan bäri ulanylýar. Bu çin harby deňiz güýçlerinde 1-nji derejeli kapitan çini bilen deňdir. Rus goşunlarynda 17-nji asyrdan bäri ulanylýar.
PODPOLKOWNIK - bu harby çin rus we beýleki daşary ýurt goşunlarynyň birnäçesinde bar. Oňki SSSR-de 1939-nji ýyldan bäri ulanylýar. Bu çin Harby Deňiz Güýçlerinde 2-nji derejeli kapitan çini bilen deňdir. Rus goşunlarynda 17-nji asyrdan bäri ulanylýar.
MAÝOR - (“major” latyn sözünden gelip çykyp uly diýmekligi aňladýar). Öňki SSSR-iň Ýaragly Güçlerinde 1935-nji ýyldan bäri ulanylýar. Bu harby çin birnäçe daşary ýurtlaryň Ýaragly Güýçlerinde hem ulanylýar. Maýor harby çini rus goşunlarynda 1698-1731-nji, 1798-1884-nji ýyllarda hem ulanylypdyr.
KAPITAN - (capitaneus- giçki latyn sözünden) birnäçe döwletleriň goşunlarynda we Harby Deňiz Güýçlerinde ulanylýan harby çin bolup, öňki SSSR-iň Ýaragly Güýçlerine 1935-nji ýylda girizilendir.
Harby Deňiz Güýçlerinde 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli kapitan we kapitan-leýtenant Gury ýer we Harby Howa goşunlarynda polkownik, podpolkownik, maýor harby derejelere deňdir.
LEÝTENANT - (lieutenant-fransuz sözünden “orunbasar, ornuny tutýan” manyny berýär) birnäçe döwletleriň Ýaragly Güýçlerinde kiçi ofiserler düzümine degişli harby çindir. Öňki SSSR-de leýtenant we uly leýtenant harby çinleri 1935-nji ýylda girizilen. 1937-nji ýylda kiçi leýtenant harby çini girizilen. Rus Harby Deňiz Güýçlerinde leýtenant harby çini 1701-nji ýyldan 1917-nji ýyla çenli, uly leýtenant harby çini bolsa 1907-nji ýyldan 1917-nji ýyla çenli ulanylypdyr.
STARŞINA - l.Öňki SSSR-iň Ýaragly Güýçlerinde rotanyň (batareýanyň) wezipeli harby gullukçysy bolup ol rotanyň esgerleriniň we seržantlarynyň gönüden göni ýolbaşçysy bolup durýar.
2.Seržantlar düzüminiň harby çini hökmünde 1935-nji ýylda girizilen.
SERŽANT - (sergent fransuz sözünden “gulluk etmek” manyda) birnäçe ýurtlaryň Ýaragly Güýçlerinde ulanylýan harby çin bolup, öňki SSSR-iň Ýaragly Güýçlerine 1940-njy ýylda girizilen. Kiçi seržant, uly seržant ýaly harby çinler seržant harby çininden gelip çykýar. Rus goşunyna 17- nji asyryň ahyrlarynda girizilip 1798-nji ýyla çenli ulanylypdyr.
MATROS - (matroos - golland sözünden) Harby Deňiz Güýçlerinde harby çin. Öňki SSSR-iň Harby Deňiz Güýçlerine 1946-njy ýylda krasnoflotiles çinine derek girizilen.
Harby çinler barada
Täzelikler,
Ahally_24
tarapyndan
22-10-2023, 10:23