Kalba umyt bolup dogýandyr her gün,
Bir özüňe aýan çekenje görgüň,
Ömrüň synaglary ýykaýsa birgün,
Gollaryn uzadyp tutjak tapylmaz!
Yşgy deňäp bu başymyň täjine,
Ynanýaryn onuň çäksiz güýjüne,
Hyýal etsem dünýäň aňry ujuna,
Gözlerini ýumup gitjek tapylmaz!
Allam egsik etmersiňdä nygmatyň,
Bir ýerlerde barmyň gözleýän bagtym,
Görünmez belaýa duş gelen wagtyň,
Elmydam kömege ýetjek tapylmaz!
Ýüreklerde arzuw hyýallar doly,
Doýurmaz gözümiz dünýäniň maly,
Kä ýalňyşsak eziz Enemiz ýaly,
Eden günälerňi ötjek tapylmaz!
Käteler oturyp diňleýän içim,
Hemme göwnüň ýaly bolanok niçün,
Kyn günüňde diňe dostlugyň üçin,
Özün oda köze atjak tapylmaz!
Ýazgydym ýagdyrýar jebri jepany,
Bilmen maňa köp görýämi sapany,
Bir gün ajal kakaýanda gapyňy,
Ýeriňe gabyrda ýatjak tapylmaz!
Süleýman Tekäýew
Tapylmaz
Edebiýat,
Sabyrly
tarapyndan
22-10-2023, 13:34