Salam millet! Bu gün saýtymyzyň iň zähmetkeş agzalarynyň biri, wagtynda gowy pikirler, ideýalar bilen bizi begendiren agzamyz @Proliga bilen wirtual tanyşlyk gurnamaga synanyşarys. Söhbetdeşligi käbir gyzlarymyzyň (ýene gyzlar diýýädä bu diýäýmäň gyzlar, indiki gezek oglanlar diýerin) ýüzüne edilen ýewroremontyň çykdaýjy smeta hasabatyny taýynlap berýän "Massimus production" oba maliýe bölümi edarasy gurnar.
Sizi bimaza etjek soraglar üçin ötünç soraýarys! Hany gowy edip garnyňy doýurup gel, başlaly.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Näme üçin @Proliga? @Superliga, @Premýer liga ýa-da @La liga däl?
3. Siziň "Boldumsazyň gyzlary" diýen goşgyňyzy Atageldi Garýagdyýew aýdym edip klip çykarjakmyş. Başga goşgularyňyzam biziň bilen paýlaşaýsaňyz.
4. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
5. Adam ýaşadygyça akly goýalýa, öň eden ýalňyşlyklaryna ökünýä, etmedik işlerine ahmyr edýär diýýärler. 10 ýyl yza gaýdyp bolsa nämeleri üýtgederdiňiz?
6. Sizi saýtyň iň gowy agzasy hasaplap Don @Abaddon 1 milliard manat berjek diýdi (köne puldan howwa). Nämelere sowjagyňyz gaty gyzykly, syr bolmasa, elbetde.
7. Saýtdan bir zenana öýlenmeli bolsa kimi saýlardyňyz (ikimize barjak bolup ölüp ýatanam ýokla, onda-da ýüregiňizdäkini aýdaýyň)?
8. Iň uly ýöne ýetip bilmedik arzuwyňyz?
9. Dünýäniň 7 gudratyna bilýänsiňiz, sanap oturmaýyn. Siz 8-nji gudrat diýip nämäni hasaplaýaňyz?
10. Göz öňüne getiriň kakaňyzyň ogly bar, ýöne ol agaňam däl iniňem. Kim ol?
11. Leonardo da Winçi: "ol şeýtanyň eli hasaplanýar, emma onda gözellikleri döretmek mümkin. Hatda Mona Liza del Jakontanam men oň kömegi bilen döretdim" diýipdir. O nämekä?
12. Türkmençilikde toýdan soň öýlenýän ýigide "ak, gök geýdirme" diýip başlanýan sanawaja meňzeş aýtgy aýdylýar. Eýsem "ak", "gök" näme?
13. Aý ýaljak ýurdumyzda günsaýyn gülläp ösýän parahorluk, tanyş-bilişlik, tireparazlyk (şu barada ýörite blogam ýazyp otyryn, taýyn boldugy onam goýjak) ýaly haram hüý-häsiýetleri aradan aýyrmak üçin Siziň pikiriňizçe näme etmeli ýa-da nämeler etmeli däl, nämeden başlamaly?
14. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
15. Goý Siziň janyňyz sag, görjegiňiz gowulyk bolsun. Ata Watanymyza, mähriban saýtymyza gerekli ynsanlaryň biri bolmagyňyzy arzuw edýäris?
16. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Massimus tarapyndan 26-10-2023, 14:13

  • Belki Belki off № 1 26 октября 2023 14:22
    Soñy logiki soraga ýazaýypmy? )
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 2 26 октября 2023 14:42
    Belki,
    Soñy logiki soraga ýazaýypmy? )

    Biraz logikasy bilenem tanyş bolaýaly. Ýatdan çykan ýa-da gyzyklanýan zadyňyz bolsa sorap bilýäňiz, jogaplasa.
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 3 26 октября 2023 15:59
    Dünýäniň islendik bir Liderine hat ýazmaklyk mümkinçiligiň bar. Şol hat hiç hili bökdençsiz (meselesiz) şol lideriň eline barýar.
    Seň üçin şol lider kim we hatyň içinde nämeler bolardy? (Näme mesele bilen ýüz tutardyň?)
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 4 26 октября 2023 16:37
    Herkim sorap bilyami gyzyklanyan soragyny?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 5 26 октября 2023 17:04
    Enegul,
    Howwa diýe
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 6 26 октября 2023 17:13
    Khanture
    Enegul,
    Howwa diýe

    ozi gelende sorayarn, kimem bolsa
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 7 26 октября 2023 18:14
    Enegul,
    Herkim sorap bilyami gyzyklanyan soragyny?

    Howwa
    Jogap
  • Гость Гость off № 8 26 октября 2023 19:06
    Şu ýüzýyllykda men ýaly akylly- düşünjeli adam şu saýta agza bolarmy, nähili pikir edýäň?
    Jogap
  • Гость Гость off № 9 26 октября 2023 19:07
    Massimus, sag bol-aý zýommratok. Şeýdip gyzyk çaýyp dur bi saýta )
    Jogap
  • Belki Belki off № 10 26 октября 2023 19:39
    "Yargı-nyñ" soñky iki bölüminde nämeler bolup geçdi? )
    Jogap
  • Rigel Rigel off № 11 26 октября 2023 20:03
    Bolýa garšy dal. Mende şahsy işlanok jogap gitmedi
    Jogap
  • nurmuhammet nurmuhammet off № 12 26 октября 2023 20:42
    Stawkadan kop utup gordunmi ya utdurup gordunmi ?
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 13 26 октября 2023 21:35
    nurmuhammet,
    Stawkadan kop utup gordunmi ya utdurup gordunmi ?

    Şu soraga jogap mendä 50-ä 50-räk.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 14 26 октября 2023 21:36
    Khanture,
    Araky diýenime gabat gelen dälsiňä?
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 15 26 октября 2023 22:11
    1.Ilki bilen hemmäňize Salam. Men Perman Izakow . Özüm 2000-nji ýylyň 10-njy awgustda dogulan. Aslym Daşoguz welaýat Boldumsaz etrabyndan.
    2.Özim fudbolyň muşdagy bolanym üçin hem-de adymyň baş harpy bolanlygy üçin.
    3.Men şol goşgyny ýazamda pikirlenemok, göwnüme geleni-gelen wagty ýazyp biraz timarladym .Ol goşgy meniň ilkinji we soňky goşgym.Juma şahyryň ylhamlandyrmagynda dörän goşgy:)
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 16 26 октября 2023 22:39
    4.
    5.Hiç hilli geçmişimdäki bolup geçen zatlara ökinemok,boljak işe çäre ýok diýäýýän.
    6.Bolmajak zadyň arzuwyny etmäýin:)
    7.
    8.
    9.
    10.Men.
    11.
    12.
    13.Şol temada mozuk açmakçy.
    14.Ertir näme boljagyny bilemzok, hemmämizem Ýönekeý ynsan biziňki arzuw hem umyt bilen şu güni ýaşamak. Hiç wagt gamlanmaň, Süýji arzuwlaryňyza, öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetmek üçin hereket ediň galan zadam Nesipdir.
    15.Sag boluň agam sylap tanşlyk gurnanyňyz üçin işleriňzde üstünlikleri arzuw edýärin.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 17 27 октября 2023 01:04
    PROLIGA,
    Sag boluň!
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 18 27 октября 2023 14:11
    PROLIGA,
    Mendenen bir sorag:
    Öýüňde pişik saklaýaňmy :))?
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 19 27 октября 2023 17:07
    Garlawaç
    PROLIGA,
    Mendenen bir sorag:
    Öýüňde pişik saklaýaňmy :))?


    yaman kyn sorag berdiniz, entek pikirlenmeli bolar ol bu soragyn jogaby ucin :)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler