Erbetliklere ýagşylyk bilen jogap ber, biderek hereketlere üns berme! Her bir ynsan özüni alyp baryşy bilen öz hüý-häsiýetini belli eder. Sen hemişe mylaýymlygyňy gora we gadyr bilmeýänlere garşy merhemetlilikde tutanýerli alyp bar.

Gurhanda ynsanyň häsiýet we özüni alyp baryşy barada örän oňat taryplaýan aýat bar:"Her ynsan öz häsiýet we gylygyna görä alyp barar..." (Isra, 17/84)

Oňat ynsanlaryň gylyk-häsiýetleri hemişe birmeňzeş bolýandyr. Ol haýsydyr bir gabyň içinde bolany üçin, şol gabyň göwrümini alýan suwyk bir närse däldir. Ol üýtgeşik aýratynlyklary bilen daşyndaky gabyň renkini alar ýaly suwyklyk hem däl!

Gepleşilýän kim bolsa-da tapawut görkezmezlik bilen özümizi oňat alyp barmaly. Garşymyzdaky ynsanyň adamkärçiligi örän pes bolup biler. Onuň aň-düşünjesi pes diýip, bizem pes hilli hereketler etmäliň, çünki, herbir ynsan özüni alyp baryşy bilen öz hüý-häsiýetini belli eder. Bu ýagdaýa ruhy taýdan werziş bolan we amal babatda durmuşyna-da ornaşdyran Ymam Azam bir gün talyplary bilen ýolda yöreyärdi. Öňlerinden bir öküz burnuny paşşyldadyp, gahar bilen olara tarap gelýärdi. Ymam Azam derrew bir gyra çekildi.

Talyplary bu ýagdaýa geň galdylar. Ýagdaýy soranlarynda alan jogaplary örän geňdi:

- Ol bir öküz, onuň şahy bar. Men bolsa bir ynsan, şol sebäpli-de

şahym ýok. Ýöne meniň aklym bar. Aklym bolsa maňa ynsan hökmünde bu ýagdaý üçin gyra çekilmegimi aýdýar.

Şu ýörelge bilen ýaşayan başga bir beýik ynsanyň durmuşynda şeýle waka bolup geçýär:

Alym bir adam bir içýany suwda gark bolmazlyk üçin janhowluna edýän hereketlerini gördi. Suwdan halas edip, oňa kömek etmäge karar berdi. Ýöne halas etmek üçin elini uzadanda, içýan elini çakjak boldy. Derrew elini çekdi. Bir müddet soňra halas etmek üçin täzeden synanyşdy, ýöne içýan ýene-de çakmaga çalyşdy.

Şol ýerden geçen bir adam ýagdaýy görüp, alyma özüni çakmaga çalyşýan içýany halas etmezligini aýtdy. Çünki her gezek halas etmäge synanyşanda, içýan hem çakmaga çalyşýardy . Alym bolsa oňa şeýle diýdi:

-Ol bir içýan, çakmak onuň tebigatynda bar. Ol özüne ýanaşýan zatlary çakmaga meýilli ýaradylypdyr. Men bolsa bir ynsan hökmünde janly-jandarlary söýmegi we kyn ýagdaýda bolanlaryna ýardam etmegi özüme ýörelge edinipdirin.

-Şu sebäpli, onuň ýörelgesi çakmak, meniňki hem söýmek. Ol çakmaga synanyşdy diýip, näme üçin öz ýörelgelerimden ýüz öwreýin?!

Hawa, her bir musulman hemme hal we hereketlerinde Yslam dininiň talap edýän gözelliklerini ähli janly-jandara görkezmelidir. Eger bu babatda ejizlikleri we nogsanlyklary bar bolsa, olary ýeňip geçip, oňat ahlagy özüne siňdirmelidir.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, setdars tarapyndan 31-10-2023, 01:27

  • Enegul Enegul off № 1 31 октября 2023 15:01
    Gaty haladym , paylashyp dur :)
    Jogap
  • Гость Гость off № 2 31 октября 2023 20:19
    Özüňe ýamanlyk ediljegini bilip durubam ýagşylyk etmek, kömek etmek dogrymy?
    Jogap
  • setdars setdars off № 3 1 ноября 2023 12:20
    Гость,
    ýok, ýöne şeýle ýagdaýda şol adamdan daşlaşmak has dogry bolaýmasa
    Jogap
  • Гость Гость off № 4 1 ноября 2023 12:49
    setdars,
    Içýanly tymsaly inkär edýäňda onda senem?
    Jogap
  • setdars setdars off № 5 1 ноября 2023 14:02
    Гость,
    küýkini gabyr düzer diýilşi ýaly her bir adamyñ ýaradylşy bar ony hiç kim düzedip bilmeýänligini düşündiriljek bolýar ol tymsalda ýöne aytjak bolyanym erbet adamadan uzaklaşmagam oña we oziñe eden ýagşylygyñ bolýa(şahsy pikrim)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler