Gije örän asuda, ýakymsyz sessizlik höküm sürýär. Men bolsa talyplar umumy ýaşaýyş jaýymyzyň 4-nji gatyndaky otagymda ýalňyz gözüm açyk halda oýa ýatyrdym. Penjirä seretdim, bir adam maňa seredýär. 4-nji gat, bu mümkin däl. Telefonuma seretdim, sagat 3:00. Penjirä gaýta seretdim, hiç kim ýok men bolsa gaty gorkýaryn. Birden telefonuma jaň geldi. Ekranda: "Ejemjanym ❤❤" ýazgysy bar. Emma hiç wagt meniň telefonumuň kontaktynda ejem ýokdy. Sebäbi ejem pahyryň telefony we belgisi bolmandy. Ol iki ýyl ozal aradan çykypdy. Gorka gorka jaňy aldym. Ejemiň dem alyşyny duýýaryn. Ol: "Oguljugym, iki ýyl geçdi. Näme üçin maňa jaň edip, hiç hal ahwalymy soraňok?" diýdi. Men doňup galdym. Ejem dirikä ondan hiç hal ahwal soramandym, aradan çykansoňam ýeke gezek ýatlap gabryny zyýarat etmäge barmandym. Ejem bu sözleri gaýtalamasyny dowam edýärdi. Doňup galşyma telefonym elimden gaçdy. Telefony ýerden almaga mejalym ýok. Birden "waý kömek ediň" diýen gykylyk sesini duýdum. Täsin ýeri bu meniň öz sesim. Otagymdan çykdym. Sesim umumy ýaşaýyş jaýyndaky el ýuwulýan otagdan gelýärdi. Ol otaga girdim. Ol ýerde başga bir men bardy. Başga bir meni gap gara eşikde ýüzi gara nikaply bir adam iki eli bilen bogýardy. Edil şol wagt arkamdan ejemiň şol sesini ýene eşitdim. "Oguljugym, iki ýyl geçdi. Näme üçin maňa jaň edip, hiç hal ahwalymy soraňok?"
© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
01.11.2023
4:00
Ufa.
Bellik: Hekaýadaky sýužet real wakalara esaslanmaýar we ählisi hyýal önümi. Real dünýädäki wakalar bilen gabat gelmeler tötänleýindir.
Gysga gorkunç hekaýa
Täzelikler,
Khanture
tarapyndan
1-11-2023, 04:49