"Ybraýym pygamber Käbäni gurup bolandan soñ, Allatagala oña: "Indi gygyr. Ähli musurmanlar Käbä togap etmäge gelsinler Käbe Hudaýyñ öýi boldy" diýen. Ybraýym pygamber: "Eý, Tañrym, men külli musurmany bu ýere nädip çagyraýyn? Olar meniñ sesimi eşitmez ahyryn!" diýen. Onda Allatagala: "Sen gygyryber, men özüm galanyny oñararyn" diýen.
Allatagalanyñ Ybraýym pygamber bilen gepleşenini Jebraýyl perişde bilen Şeýtan hem eşidipdir. Ybraýym pygamber: "Eý, dünýäniñ musulmanlary! Käbe - Beýtulla boldy. Oña togap etmäge geliñ-ow!" diýip, üç mertebe gygyranda Jebraýyl perişde bilen Şeýtanam şol sözleri gaýtalap gygyranmyşyn. Şol sesi Allatagalanyñ gudraty bilen külli musulman eşidenmiş. Indem...
Hawa, indem Käbä zyýarata gelýänler üç taýpa bolarmyşyn. Bir taýpa, ol Allatagalanyñ eradasy bilen, Ybraýym pygamberiñ çagyranlary. Olar zyýarata gelermişlerem, sag-aman yzlaryna haçlary kabul bolup bararmyşlaram-da, iliñ-günüñ öñünde perişde kimin ýaşap, edil türkmen zamçasy ýaly, ýagşy ysyny iline-gününe bark urduryp, sapagyndan tänip, Hudaýyñ gujagyna gaýyp gidermişin. Beýle adamlaryñ dirikä-de, dünýäden gaýdansoñam ady, abrýy, tutuş ömri iline-gününe ýagşylygyñ tymsaly bolarmyşyn.
Ikinji taýpa bolarmyşyn. Bu taýpa Jebraýyl perişdäniñ sesini eşidip, Hudaýyñ öýüne zyýarata gaýdarmyşyn. Olar sag-aman zyýarat edip, ajal-peýmanasy şu ýerde dolarmyşyn. Munuñ özem bendäniñ ömrüne bir uly zyýapat bolarmyşyn. Çünki Käbede amanadyñy tabşyrmak - jennetiñ ak guşuna öwrülmekmişin.
Üçünji taýpa bolarmyşyn. Ol taýpa adamlar Şeýtanyñ sesini eşidip, Käbeýi-mukarrama zyýarata gelermişin. Olar sag-aman gelermişem, öz iline aman-esen bararmyşam. Emma, hawa, emma olar şeýle bir haramzada, ilden çykan bolarmyşynlar welin, olary görüp Şeýtanyñ özem agzyny açyp-açyp galybirmişin...
Öwezdurdy Nepesowyñ "Kyýamat-magşara çenli" romanyndan, 452 sah.
Şeýtany añk eden "hajylar"
Täzelikler,
Ahally_24
tarapyndan
3-11-2023, 16:24