GYZ BILEN NÄHILI GÜRLEŞMELI?

Käbir oglanlar bar ''Men (gulak) gyz bilen söýüşip görmedim, gürleşip görmedim ýa-da men oňa ýaramadym, öz bolşumy ýigrenýän, gyzyň ýanynda özümi oňaýsyz duýýaryn, ýa gyzyň ýanynda özüňi ýitirýärin'' diýip gündelik durmuşyndan zeýrenýän we şular dogrusynda maslahat soraýar oglanlara!!!
Şeýle oglanlaryň 100%-den 60-70%-i dünýäniň gaýgy-gamy we tukatlyk, ýekelik, gam-gussa ýaly ruhdan gaçyrýan häsiýetler bilen gurşalandyr.
Şeýle oglan ilki bilen gaýgy-gamly sazlary ýa-da aýdymlary, halk aýdymlary diňlemezliklerini maslahat berýärin.
Eger hindi kino ýa-da söýgi (serial) kinofilmler, söýgi baradaky kitap wakalary bilen söýüşmegi ýüregiňize düwen bolsaňyz onda siz ýalňyşýarsyňyz!
1. Kim bilen söýüşmeli (ýa-da söýýän gyzyňy nähili tapmaly?) Bir gyz bilen söýüşjek wagtyňyz öz häsiýetiňi hiç üýtgetme, köp ýaşlar gyzlar bilen gürleşmäge çekinýärler. Gorkýarlar, gyz bilen bolup biljek duşuşyklary soňky güne galdyrýarlar. Siz üçin iň esasy zat tejribe, teoriýa gabat gelenokdyr. Pikirlenip yrylýan gyz ýok. Eliňiziň geldiginden toýlara, aýlanmaga we beýleki gyzlaryň üýşýän ýerlerine gidiň we köpüräk gyzlar bilen gürleşiň, näme barada gürleşýäniňiz onça möhüm däl, esasy zat gyzyň sesine öwrenişmek.
2. Telefon arkaly söýgä başlamak: Näçe geň bolsa-da esasy usullaryň biri, iň möhüm zat gyzdan hökman telefony soraň! Gyz bilen tanyşanyňyzda, bahana gözlemän: ''Berermikä- ýa bermezmikä?'' diýip pikirlenmäň, entek giç bolmaka hökmän telefonyny soraň. Soramak üçin üýtgeşik jadyly hereket gerek, däl, ýöne ''Telefonuňyzy beräýiň'' diýip rahat ses bilen soramak. Soranyňyzda elbetde bolup biljek kiçiräk barlaglar soraglar bolup biler.
Gyz ''Näme etjek'', ''Nämä gerek!?'' we ş.m. Jogabyň ýene-de rahat ses bilen ''Içim gysanda habarlaşmak üçin'' ýa-da '''Sesiňi ýene bir sapar eşitmek üçin'', esasy özüňizdäki ynamly rahat tonda soramak gerek...
Käbir gyzlar garşysyndakyň beýle ''Irizen'' soraglar bilen bizar etmegi halamaýarlar, sebäbi näme üçin telefon soraýaň belli (söýüşmek üçin), şonuň üçin berjek bolsa telefonyny berýärler, bolmasa-da berenoklar. Telefon nomeriňi aýdanlarynda göni öz telefonyňyzdan jaň ediň we oňa jaň geleninden soň nomeriňi belläp goýuň...
Eger-de ýalňyş nomer beren bolsa, edil gabady öň üstünden gülersiňiz, a eger öçürlen nomer beren bolsa seň bilen gürleşesi gelenok şo gyzyň!?
''Telefonum ýok'', ''Sen ber, men jaň edeýin'' diýýän gyzlar bar, olara gulak gabartmaň, şol ýok diýdigi jaň etmejegidir, nomeriňizi berip durmaň!!!
3. Telefony alan bolsaňyz: telefonyny alanyňyzdan soň, möhüm bir zat çykmadygyça 2 gün dagy garaşyň, jaň etmän, hat alman (sms). Bir gezek jaň edeniňde almasa, azyndan 2-3 sagatlap garaşyp soň jaň ediň, yzly-yzyna jaň etmäň (sms) ýazmaň, jaň edeniňde üýtgeşik hokga çykaryp haýran galdyrjak bolmaň ýönekeý hal-ýagdaýyny soraň, ol bular barada gülkünç zatlar barada gürrüň beriň (прикол), Näme barada gürlejegiňizi bilmeýän bolsaň; gyzyň maşgalasy, edýän işi, okuwy, ýakynda bolup geçen waka, toý, täze çykan kino... we ş.m... esasy zat soraglar bilen mowzuklary üýtgedip gyzy gürletmek, azyrak gürläp, köpräk diňlejek boluň (Свидания). Duşuşyklar barada hat arkaly sms-laşyp (hat) gürleşmäň, hökmany suratda telefonda gürleşiň.
4. Duşuşyga çagyrmak. Gyz bilen duşuşmak, duşuşyga çagyranyňyzda bahana tapmak kyn bolup biler, aslynda bahana geregem däl, bahana gyz bilen duşuşmak, ýöne dogryny dogry aýtmak hemişe aňsat bolanok. Şoň üçin ''teatra ýeke özüm gitmejek bolýan'', ''Egin-eşik saýlamak üçin'', ''täze açylan parka baryp görmek üçin'' diýip çagyryp bilersiňiz...
Möhüm: duşuşyga çagyranyňyzda üýtgeşik hiç zat aýtmak gerek däl, islendik tanyşyňyzy çagyrşyňyz ýaly çagyryň, hemme zat (predelno) sada we ýönekeý bolsun. Ikinjidenem jogap ýok bolsa, başga bir güni aýdyp görüň, onda-da ýok bolsa... ''Sag bol!'' ýa ''Bagtly bol'' diýiň-de telefony öçüriň, gyzy ýadyňyzdan çykaryň, wagt ýitirmäň!
5. Duşuşyk. Duşuşyga sowgat bilen barman, sebäbi (sowgat sebäpsiz) duşuşyga üýtgeşik zat gerek däl ýöne, edip bilşiňizden odur, budur gürleşiň, esasy zat gyza bildirmän kopmliment aýtmak.
Daşyndan aýlanyp geçmeli mowzuklar: (Ýagny şu temalar hakda gürlemäň, başarsaňyz!)
Din, ölüm, o dünýä, politika (syýasy temalar), filosofiýa. Birinji duşuşyk takmynan 1, 2 sagat bolany gowy we sizden garaşylýan ýekeje zat hiç zady bulaşdyrmazlyk. Eger gyz entägem siz bilen gürleşip bilýän bolsa BRAWO, ösüş bar.
Soň ýene 1-2 gün garaşyň, täzeden jaň ediň we prosesi täzeden gaýtalaň.
6. Egin-eşik. Üstüňizdäki eşikleriň arassa bolsun!!! Şondan möhüm zat ýok. Ondan başga, eşigiň daş töweregiňe, ýagdaýa görä bolsun. Asylly türkmen gyz bilen (свидания) duşuşukda üýtgeşik görkezýän moda egin-eşik gerek däl, gara balak, ak köýnek, ýa-da gök köýnek.
7. Gyz bilen nähili özüňi alyp barmaly: munuň hem özboluşly usuly bar. Duşuşykda edip bildigiňizden gyza köpräk degjek boluň, üstünden (ýaprak) pýatnojyk aýyryň (ýaşasyn hapajyk), öwrüleniňizde hökman elinden ýa-da arkasyndan tutup öwrülýän tarapyňda ýumşak öwrüm ediň... asly degmäge maý kän, onuň daşynda, hapa sögünmäň, kän öwünmäň, gyzyň göwnüne degip biljek zat aýtmaň, özüňiz barada erbet zat aýtmaň, hiç zat barada zeýrenmäň...
Ýadyňdan çykarma! Seniň durmuşynda hemme zat gül ýaly boljakdyr. Gyzlar bagtsyzlary, zeýrenýänleri halanoklar.
Ýene bir zady belläp goýuň!
Gyzyň ýanynda oglan jigsi gyz jigsi we jorasy bar wagty lak atmaň, duşuşjak bolmaň.
8. Gyzyň başyny aýlamak: Ilki bilen ýaş ýigitlerimiz düşünjesini üýtgetmeli. Meselem; ''A gyz salam! E-e bujagaz zady!'', ''Agyz tanyş bolaýalla, telefonuňy beräýdä ýa-da 86* ** ** ** nomera aýlaýda'' diýip şu sözler bilen barsaňyz 100-de 90-y siz daş ýerlere ýollap bilerler, ýa-da gowy söze garaşmaň!
(Соблазные) Hiç haçan gyzy yrmaga çynlakaý (serýozna) çemeleşme! Sebäbi bu seniň utulyşyňy aňladýar.





Ertir.com arhiwinden göçüren @Jeksparro

@Jeksparronyñ "talyplardaky" arhiwinden göçiren @Ahally24

:-D

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Ahally_24 tarapyndan 5-11-2023, 10:21

  • Dowsypat. Dowsypat. off № 1 5 ноября 2023 10:57
    Käbir oglanlar bar ''Men (gulak) gyz bilen söýüşip görmedim, gürleşip görmedim ýa-da men oňa ýaramadym, öz bolşumy ýigrenýän, gyzyň ýanynda özümi oňaýsyz duýýaryn, ýa gyzyň ýanynda özüňi ýitirýärin'' diýip gündelik durmuşyndan zeýrenýän we şular dogrusynda maslahat soraýar oglanlara!!!

    Şeýle erkeklere ylymda "Beta erkek" diýilýän bolmaly.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 2 5 ноября 2023 11:18
    Gyz bn gùrlesmek diymek,ozun owrenip bolyan,yone birine owredip bolmayan ylym.Matematika ya himiya yaly bir tejribe bilen,hemme yerde den derejede netije alyp bolmayar.Bir oglana her gyz bir durli reaksiya bildiryar.Maslahat berip bolar yone.
    Jogap
  • Seri Seri off № 3 5 ноября 2023 12:19
    Sorag: Gyz bilen nahili gurlesmeli?
    Jogap: Gyz bilen jubin pully gurlesmeli
    Jogap
  • Menem_biri Menem_biri off № 6 5 ноября 2023 13:48
    Hökman pul gerek däl ýüreginde gowy bolsun uly kiçi bolanda näme ilki adamkärçilik 2nji at abraý
    Seri,
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 8 5 ноября 2023 15:14
    Hökman pul gerek däl ýüreginde gowy bolsun uly kiçi bolanda näme ilki adamkärçilik 2nji at abraý

    Yuregi gowy bolsa,pul zerurlygynda donor edip satmaga yaramly bolyarmy?!

    99,9 gyzlary gelin edip alanyñdan soñ,hòkman olary saklamak ùcin pul gerek.Ac garyna,yalanac egine hic gyz bir erkekde durmak islemeyar.Umman, pul jemgyyetdaki durmusy hereketlendirip duryan mehanizm.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 9 5 ноября 2023 15:48
    Dowsypat.,
    Ylymda däl, pop medenýätde
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 10 5 ноября 2023 15:49
    Seň kakaň garypdygna sen günäkär däl. Ýöne gaýynataň garypdygna sen günäkär!

    ©Meşhur Baýlaryň giýewleri
    Jogap
  • Ahally_24 Ahally_24 off № 11 5 ноября 2023 15:56
    Öwretmek meselede hem pul meselede hem @Dowsypaty goldaýan. Öwreder ýaly ylym däl maslahat berip bolar.

    Pul meselesinde-de dos oglanyñ aýdanlaryna goşulýan. Ýöne muña iki tarapdan seretmek gerek. Dos oglan 2-nji tarapdan seredipdir. Oñ bilen doly ylalaşýan. Emma 1-nji tarapdan seretseñ iki söýgilini pul baglanyşdyrýan bolsa. Haýsy hem bolsa bir tarap pul üçin gatnaşykda bolýan bolsa ol ýerde söýgi däl-de başgarak akym dowam edýär pikirimçe. Sebäbi pul üçin saklanýan söýgi pul gutaransoñ olam gutarmak bilen bolar. Umuman hakyky gatnaşykda pul dälde duýgy zerurmyka diýýän menä.
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 12 5 ноября 2023 16:09
    Öňem diýipdim teswirde ýene diýýän şular ýaly mowzuk açylsa gabat gelsem ýene diýjegimem garantiýa!
    Söýgi meselesinde äý bolýa şol gyz bn gürleşmek meselesi diýip aldyk diýeli kitapdan, kinodan, söýgi romanlaryndan, biriniň maslahatyndan, biriniň mowzugyndan, biriniň gürrüň beren gürrüňinden ýola çykylyp çözülýän mesele däl. Bularyň hiç hili etjek kömegi ýok. Hany şu maslahatlar bilen biri bir gyz bilen gowy arasyny sazlap gitdem diýelidä onsoň ondan soňky günlerde näme etmeli? Diňe gyz bn tanyşmak, gyzy yrmak, nomerni almak, duşuşyga çykarmak, degmek, ellemek, degip gaçmak, depip gaçmak, öpüp gaçmak ...aý garaz ş.m. zatlarda hemmesem. Ok sen bularyň hemmesini şu mowzukdaky ýaly edip ýerine ýetirdiň. Ok hemme zat ýerinde. A soň diňe duşuşyga çykarmak bn gutaranoga hiç zat. Ondan soňky meselelerdede indi birinden kömek sorap biriniň ýazan zady boýunça dowam etmelimi gyz bn?
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 13 5 ноября 2023 16:11
    Eliňiziň geldiginden toýlara, aýlanmaga we beýleki gyzlaryň üýşýän ýerlerine gidiň we köpüräk gyzlar bilen gürleşiň, näme barada gürleşýäniňiz onça möhüm däl, esasy zat gyzyň sesine öwrenişmek.
    ? munyňa bir ganjyk haçan guýruk bularka menem ýapyşarkam diýip toýlara ýörüte gyz üçin gatnap ýören kellesem boş özüniňem sözüniňem agramy ýok oglanlaryň edýän herekedi
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 14 5 ноября 2023 16:14
    gürleşesi gelenok şo gyzyň!?
    ''Telefonum ýok'', ''Sen ber, men jaň edeýin'' diýýän gyzlar bar, olara gulak gabartmaň, şol ýok diýdigi jaň etmejegidir, nomeriňizi berip durmaň!!!
    şula 100% bolmasada 95% ýalan maglumat. Jan etjek diýenleri edýä
    Jogap
  • Ahally_24 Ahally_24 off № 15 5 ноября 2023 16:14
    _Bayat, plus (+) goýýan saña-da gardaş.) Bular ýaly meselelerde maslahat berip adamy ugrykdyryp bolmaýar, bolmazam.
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 16 5 ноября 2023 16:16
    ''Sag bol!'' ýa ''Bagtly bol'' diýiň-de telefony öçüriň, gyzy ýadyňyzdan çykaryň, wagt ýitirmäň! şeýdiýäýseňdä hiç hili araňda zat ýok gyzlara ? 2 gün ozala nomerini alyp gelöw sdanýa diýip olam ýok diýseň bagtly bol onna diýasaňda????‍♂️
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 17 5 ноября 2023 16:17
    Wagt ýitirmäň diýýärä özem??‍♂️ haý
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 18 5 ноября 2023 16:20
    Soň ýene 1-2 gün garaşyň, täzeden jaň ediň we prosesi täzeden gaýtalaň. duşuşukdan gaýdandan soň gyz bn habarlaşmak gowy pikir bolaýmasyn (duşuşuk barada pikirnem soramazdan bilip bolar hatda öýüne baranny barmadygny soran bolup) 2 günnen soň jaň etmek dälde?
    Edil ýaňky aýdan boşlaryň edäýjek herekedida bulam?
    Jogap
  • Ahally_24 Ahally_24 off № 19 5 ноября 2023 16:21
    Şeýdip aktiwleşiñhow :-D.
    Şunýalyrak blok açylaýmasa barlygyñyzam bildirenogaý sakgaldaşlar)).
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 20 5 ноября 2023 16:22
    Garaz...
    Ýo gowy eken haladym?
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 21 5 ноября 2023 18:51
    Birinji dushushykda gowy ogshap sandyratsanyz son gitjek yeri yok. Esasy inini tikenetleseniz boldy.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 22 5 ноября 2023 18:52
    Nama gerek skameykada otyryp name nahar halayan name kino halayan name aydym halayan. Shu birinji dushushygyn tasirinden chykyp bilman dursunla
    Jogap
  • Belki Belki off № 23 5 ноября 2023 19:33
    Gülkünj-äý siz )
    Jogap
  • Džumaýewa Džumaýewa off № 25 5 ноября 2023 19:50
    aha sayt isjenleya oza dowamly bolsun
    Jogap
  • Diamante_G Diamante_G off № 26 5 ноября 2023 22:13
    Ee size söygi hakda mowzuk açylsa üyşyän ekeniňizä @Bayat dagy dili açylyp gidipdir :)
    Jogap
  • Hemedany Hemedany off № 27 6 ноября 2023 11:23
    Men awa çykalyň diýsem, siz awyň üýtgeşigne çykypsyňyz-ow :)
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 28 6 ноября 2023 17:00
    Diamante_G,
    ??? aýdaýma hiç kime
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 29 9 ноября 2023 22:46
    Asylly türkmen gyz bilen (свидания) duşuşukda üýtgeşik görkezýän moda egin-eşik gerek däl, gara balak, ak köýnek, ýa-da gök köýnek.


    Bolanyna görä galstugam bolsun:))
    Jogap
  • Rehimsiz Rehimsiz off № 30 12 ноября 2023 14:17
    Bähhh ölmeseň her zat okarsyň indi.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler