1-nji dekabr.
Gyş. Pişik bilen Täze ýyly nirede geçirjegimiz barada pikirlendik. Ahyry çözdük, kuhnýada belleýäs.
2-nji dekabr.
Pişigiň üstüne un döküldi. Indi ol – Ak Ordeniň oňony. Gören wagtym şlýapamy çykaryp baş egmegimi dowam edýän. Olam maňa diýmegini dowam edýär. Aristokratiýa-da...
3-nji dekabr.
Goňşymyz geldi. Pişigi süwa düşürdi.
4-nji dekabr.
Gije pişik bilen gorkunç hekaýalary aýdyşdyk. Pişik Gara Weterinar baradaky gürrüňden soň "bes et, boldy" diýýär. Gije çyrany öçürmezligimi haýyş etdi.
5-nji dekabr.
Goňşymyz geldi. Oňa hemme zat gowy diýdim. Balagyny ýuwmaga gitdi.
6-njy dekabr.
Ertir bikäm gelýär. A näme üçin biz onuň eşiklerini çaşyrmaly däl?! Barybir men taýak iýmeýän-ä.
7-nji dekabr.
Ura! Geldi! Meniň-ä göresimem geldi, dogrusy. Begenjimden ýaňa pişigiň üstüne gülli gorşogy gaçyrdym. Bäh, pişik meniň ejemiň adyny nireden bilýärkä? Ýa men olary tanyşdyrypdymmy?
8-nji dekabr.
Näme? Girdenege durmuşa çykýaň? Aý, ýoook, halys çenden çykdy indi bu...
***
9-njy dekabr.
Girdenegiňkiler tizden gudaçylyga gelmeli. Özi gelmäge gorkýar öýdýän. Näme boljagyny bilýä-dä, pahyr...
10-njy dekabr.
Pişik bilen Garşylyk hereketlerini gurnaýas. Halk özüniň eýýam garranlygyny, eýýam durmuşyň manysynyň nämededigine düşünenligini we tiz wagtdan ruhuna doly ýagdaýda eýelik edip biljekligini aýtdy. Bu ýalançydaky bolýan zatlaryň hiç biri ony gyzyklandyrmaýarmyş indi. Men oňa emodyr diýip ýördüm weli, asyl ol buddist eken.
11-nji dekabr.
Garşylyk hereketlerini amala aşyrýan toparyň komandirini saýlamak meselesinde bökdençlikler ýüze çykdy. Geçirilen gizlin ses berlişikden soň indiki netijeler jemlendi:
Pişik – 1 ses, Öý ruhy – 1 ses.
Bir şapbatdan soň ses berilişigin netijeleri üýtgedi: Öý ruhy – 2 ses. Pişik – 0 ses. Biragyzdan, ýoldaşlar!
12-nji dekabr.
Ýagdaýlar gaty agyrlaşýar, operasiýa howp astynda. Girdenek bikä ýüzük sowgat etdi. Elbetde, men ony agşam ogurlap kladowkada gizledim. Bikäm pişige seredýär, pişik nerwniçit edýär we maňa seredýär. Gözleri hanasynda çykjak bolýar. Oňa okuliste görünmegi maslahat berdim.
13-nji dekabr.
Pişik bilen dab step diňledik. Ol – şu still häzir moda – diýýär. Halk epilepsiýa tutgaýyny geçirdi. A maňa ýarady. Saza goşulyşyp batareýalary urýan, meňzeýär öz-ä.
14-nji dekabr.
Gar ýagdy. Pişik - eger gar iýseň intellektiňe we üstünligiňe +50 oçko goşulýa - diýdi. Men – eger şarikleriňi ýalasaň intellektiňdem we üstünligiňden – 50 oçko aýrylýar – diýdim weli tomus günleri gary nädip tapyp boljagy barada sorap başlady. Haraaaap.
15-nji dekabr.
Gudalar geldi. “Arassa passport- arassa ynsap” operasiýasy başlandy! Pişik operasiýany “Öýdäki tupan” diýip atlandyrmagy teklip etdi. Oňa düşündirdim, gapyş diýdim. Mundan soň nägilelik döremedi.
16-njy dekabr.
Düýn zordan ugratdyk gudalary. Bikämiň ýanynda oturdym we içiň jugurdaýan sesini etdim. Gudalar kese-kese seredip goýdular, ýöne özüniňkini gögertjek bolup şol gepläp oturdylar. Pişik olaryň aýaklaryny çitikledi, munuň üçin ony kladowka gabadylar. Ýöne ol ýerden hem “Belalygyňyza geldiňizmi?”, “Çemodan – wokzal – ZAGS”, “Goýberiň meni haramzada güjükler” ýaly gahrymançylykly lozunglary gygyrmagyny dowam etdi. Soňky sözi üçin oňa käýinç berdim we NTW görmegi gadagan etdim.
17-nji dekabr.
Halk – daşky gurşawyň hadsalaryna garşylyk görkezmek bu öz-özüňi döwmegiň iň gysga ýoly – diýdi. Hawa, gijäň bir wagty turdy, şeý diýdi-de ýene ýatdy. Pişik bilen bir-birimize seretdik we gezekleşip ýatmaly diýen netijä geldik.
18-nji dekabr.
Bikämiz iň soňkuda toýa taýýarlanýar. Toýy ýanwara bellediler. Tiz wagtdan biziň söýgüli Zinedin Zidanymyz geler. Indiki etmeli hereketlerimiziň meýilnamasyny maslahatlaşdyk. Adatdaky ýaly pişik birden uklady.
19-njy dekabr.
Gije Halkyň ýerden ýokary göterilip duranyny gördüm. Bikäm bilmän depäýipdir ony. Men bolsa...
20-nji dekabr.
Kepderilerden Aýaz baba hat ugratdyk. Men özüme täze depder soradym we wentilýasiýamyza girmezligini haýyş etdim. Halk Abhidharmanyň sowgatlyk tiražyny, pişik bolsa –sary rezin ördegi sowgat sorady. Ullakak haýwan diýmersiň-aý, bäh...
21-nji dekabr.
Kepderilerden hatyň gowşurylanlygy barada hasabaty we tanyşlyk saýtyna çagyrylyş hatyny aldyk. Bu hyzmaty nädip öçürip bolýarka? Bizar etdiler-aý.
22-nji dekabr.
Bikäm toý köýnegini getirdi. Diýseň diýmeseň owadanja biziň bikämiz. Pişik gözüne ýaş aýlap kladowka ylgap gitdi, çykanok. Käwagt burnuny çekýäni eşdilýär.
23-nji dekabr.
Halk bilen jedelleşdim. “Jedel” sözüniň manysyny we nireden gelip çykanyny öwrendim. Güçikowiç meň çaklaýşymdan akyllaý, haram.
24-nji dekabr.
Agşamlygy şem ýakyp edindik. Romantika üçin däl, uçetçik atdy, elektrige garaşdyk. Halk – ot bu dört stihiýanyň başlangyjy – di... umuman, wajyp däl... Pişigi bir öz dinine çekip almazmyka diýip howsala düşýän. Wah, meň ynanjaň pişijegim.
25-nji dekabr.
Pişik bilen Katolikleriň roždestwosynyň şanyna diýip walerianka urduk. A näme, sebäp bar!
27-nji dekabr.
Bikämize ýolka bezemäge kömekleşdik. Pişik bir jäjegi döwdi. Şkafda otyrys. Gujaklamagymy haýyş etdi. Otyryn gujaklap.
29-njy dekabr.
Urra!!! Birigün Täze ýyl!!!
***
30-njy dekabr.
Öýdäkilere sowgat taýýarladym. Pişige “Gulagyny gaşap berkek” hyzmatynyň bir hepdelik abonementini berjek, Halka – meditasiýa üçin ysly şem, bikäme bolsa ogurlan ýüzügimi gaýtaryp berjek. Girdenege – meniň iň gowy arzuwlarym.
31-nji dekabr.
12:40
Baýramçylyga taýýarlanýas. Bikämize nahar bişirmäge kömekleşýäs. Men-ä oda seredýän, pişik kartoşka arassalajak bolup başagaý, kwartiranyň içinde togalap kowalap ýör. Halk – meditasiýa edýär. Başardygymyzdan diýleni-dä...
15:30
Girdenek geldi. Ol kurtkasyny çykarýança men şampanskiýni çaýkadym. Hemmesini çagyrdym tomaşa görmäge. Otyrys garaşyp. Pişige öňünden gülüp satmazlygy haýyş etdim.
15:35
Şampan probkasy girdenegiň edil maňlaýyna ýelmeşdi. Çykan şişka meniň garaşan netijelerimiň ählisini ödedi. Hemmeler şadyýan, hat-da Halkam. Ol – täze ýylda Ýedinorogy görseň ýa baý bolarsyň, ýa-da narkologyň priomyna gidersiň – diýdi. Gülüp otyrys we birinji wariant üçin dileg edýäs.
16:00
Pişik bilen kuhnýany taşlap gaýtmak kararyna geldik, özleri hötdesinden geler-le. Diwanda serilip ýatyrys, “Ýeke özi öýde” kinony görýäs. Pişige ýaraýar bu kino. Häli-şindi Halkyň ýanyna baryp – Gaýtargysy gerek däl hapysa haýwan – diýip gaýdýar. Güjikowiç äm-säm.
19:00
Pişik bilen Irkutsk üçin içdik. Mamasy ýaşaýarmyş ol ýerde.
20:15
Girdenek bikäme altyn braslet sowgat etdi. Elim bolsa gaty gijeýä... Bolýa, bu gün degmäýin. Goý, begensin biraz.
22:00
Öý ruhy – !
22:05
Pişik meniň gündeligimi tapdy. Geçen gezekki ýazgyny güýçsüz diýip hasap etmeli.
23:00
“Mawy yşyk” görýäs. Pişik Kabzonyň hiç öňküligi ýok diýýär.
23:55
Putini diňleýäs. Bu ýere goşara zadam ýok. Ony diňlemeýän barmy? Özümiňkileriň baryna gutlag ugratdym. Kepderiler setiň şu wagt işlemeýänligini we hyzmatlaryň wagtlaýynça elýeter däldigini aýtdylar. Her ýyl şol bir zat...
00:01
Urrrrrrraaa! Täze ýylyňyz bilen. Kim nirä gitse gidibersin, biz-ä kladowka!
Takmynan 3:00. 8:40 bolmagam mümkin. Bilemok anyk...
Halky içirdik we ýüzüne zelýonka çaldyk. Indi kwartirada “Halk ýumurmak isleýär” diýip, gykylyklap ylgap ýör. Biz oňa kembaha garaýypdyrys öýdýän.
28:79 (gören zadymy ýazdym)
Duýdansyz ýagdaýda pişik özüniň pişik däldigini aýtdy. Beýle täzelik üçin içmekden başga alaç tapmadyk
Ýagtylýar...
Kepderiler ähli hatlaryň eltilendigi barada hasabaty getirdiler. Pişik öz öňki söýgülisine ýene bir hat ugratdy. Ýogsa-da, tüýs aýdymyň wagty-da...
Säher.
Halk bize “inijikler” diýip ýüzlenýär we ogşajak bolup topulýar. Ony ýatmaga ugratdyk. Bir sagatdan yzyna geldi-de çilim sorady. Biz çilim çekemizok diýsek, tapsam näme diýip sorady. Täzeden ýatmaga ugratdyk.
Wagt eýýam wajyp däl...
Aýaz baba barybir wentilýasiýadan girdi. Ýykyldy. Biz bilen oturmagy teklip etdik. Işini bahanalap gitmek bilen boldy. Pişik sary rezin ördeginiň adyna Witaliý dakdy, häzir oňa gürlemäni öwredip otyr.
Gün dogdy.
Bularyň baryny söýýän! Mende olaryň baryna şükür. Hat-da girdenegem beýle erbet görnenok gözüme. Ýogsa-da, hiç gözüme uky gele.....
Dowamy bar
Öý ruhynyň gündeligi. 5
Edebiýat,
Garlawaç
tarapyndan
13-11-2023, 10:41