Sarez köli Täjigistanda,Pamir daglarynyň arasynda deňiz derejesinden 3 255 metr beýiklikde ýerleşýär.Köl 1911-nji ýylda ýüz beren ýertitremede Bartaň derýasynyň akymy tebigy bent bilen ýapylmagy netijesinde peýda boldy.Şondan bäri onuň çuňlugy 505 metre ýetdi.Seraz seýsmik zonada ýerleşip,onuň töwereginde ýygy-ýygydan ýertitremeler bolup durýar.Ine,şu ýagdaý, uzak ýyllardan bäri alymlary alada goýýar.

2023-nji ýylyň 23-nji fewral güni Täjigistanda birnäçe ýirtitremeler bolup geçdi.Ýertitremäniň episentri Dagly Badahşan awtonom welaýatynyň Murgab etrap merkezinden 67 kilometr günbatarda,Seraz kölünden 30 kilometr gündogarda ýerleşendigi aýdyldy.

Şol güni öýläne çenli ýer ýene birnäçe gezek yrandy.Bellige alynan magnitudalar 4,5-5 bala deñ boldy.Ýüze çykan ýertitremeler Seraza ýakyn ýerde ýerleşmegi köpçüligi alada goýdy.

Emma Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar býurosynyň metbugat kätibi Umida Ýusufiý, alada galamaga hiç hili easyn ýokdugyny aýtdy.

"Sarez kölünde gözegçilik we öňünden duýduruş sistemasy normada işleýär.Üýtgeşmeler bellige alynmady.Köle suwuň gelmegi we onuň akymy adatdakysy ýaly boldy" diýýär ol.

Belent daglaryň arasynda ýerleşen Sarez kölüniň töwereginde ýygy-ýygydan ýertitremeler bolup durýar.Käbir alymlar ony "Ukudaky aždarha" diýip atlandyrýarlar.

2020-nji ýylyň 6-njy noýabr güni Britaniýanyň Daily Mail neşiri Täjigistandaky Sarez köli baradaky makalasyny çap etdi.Onda bu köl "Ýuwaşlyk bilen herekete geçýän tebigy bomba" diýilip atlandyryldy.Mundan başga,Sarez köli bilen bagly heläkçilik, taryhdaky iň erbet tebigy apat bolmagy mümkindigi aýdylýar.

Makalada ýazylmagyna görä,Merkezi Aziýa ýurtlary diňe bir baý tebigaty bilen däl,belki tebigy ýagdaýda peýda bolan bir näçe howply ýerleri bilenem tapwutlanyp durýar.

"Täjigistanyň çäginde Pamir daglarynda ýerleşen Sarez köli diňe bir ýurt üçin däl,beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary üçinem uly howpdyr.Opurlmak netijesinde tebigy bent bilen gurşalan köl tebigy täsinlik bolmagy bilen bilelikde,ýuwaşlyk bilen herekete geçýän bomba meňzeýär. Eger Sarezde heläkçilik ýüz berip,suwy joşsa,taryhdaky iň erbet tebigy heläkçilik ýüze çykmagy mümkin.Millionlap tonna suw,çagyl we beýleki çökündiler Bartaň,Panj we Amyderýaň ugry bilen akyp,ähtimal Aral deňzine çenli baryp ýeter.Heläkçilik netijesinde Merkezi Aziýada millionlap gektar ýerler,şunlukda,Täjigistan,Owganystan,Özbegistan,Türkmenistan we Gazagystanda köpläp ilatly ýerleri suw basmagy mümkin" diýip ýazýar neşir,BMG tarapyndan dürli ýyllarda berilen maglumatlara esaslanyp.

Makalada Merkezi Aziýa ýurtlary,BMG we dünýä banky tarapyndan Sarez köli bilen bagly ýagdaýlar seresaplykyk bilen gözegçilikde saklaýandygy ýazylan.

SAREZ KÖLI BARADA MAGULMATLAR.

Sarez köli-Täjigistanda ýerleşýän Dagly Badahşan awtonom welaýatynyň çäginde ýerleşen dag köli.Ol dag jynslarynyň opurulmagy netijesinde tebigy görnüşde peýda bolan köl hasaplanýar.

Kölüň:
Deňiz derejesinden beýikligi-3255 metr;
Uzynlygu-70-75 kilometr;
Ini ortaça-3,3 kilometr;
Iň çuň ýeri-505 metr;
Ortaça çuňlugy-185 metr;
Meýdany-15 755 m²;
Köl suwunyň umumy göwrümi-17 km³.

KÖLÜŇ PEÝDA BOLMAGY.

1911-nji ýylyň 3-nji mart güni Dagly Badahşandaky Aksuw derýasynyň gollaryndan biri bolan Bartaň derýasy akyp geçýän dere güýçli ýertitreme sebäpli opurulýarijede derýanyň ýoly ýapylyp,tebigy bent emele gelýär.

Şondan soň Bartaň derýasynyň suwy derede ýygnanmaga başlaýar.1925-nji ýyla çenli kölüň suwy her ýyly 9 metre çenli göterilipdir.1925-1938-nji ýyllar aralygynda 1,2 metre,ondan hazire çenli 0,2 metrden göterilýär.

1938-nji ýylda kölüň çuňlugy 480 metre ýetipdir Häzir bu görkeziji 505 metre ýetdi.


SAREZ KÖLI BARADA EDILÝÄN ALADALAR.

1999-njy ýylda BMG Sarez köli babatynda öz barlaglarynyñ netijrlerini yglan etdi.Onda köl barada umumy maglumatlardan daşary,kölde ýüz berip biläýjek heläkçiligiň takmyny zyýany barada-da ýazyldy.

2000-nji ýylda Dünýä banky gözegçiligi astynda halkara proýekt öz işine başlady.Köle döwrebap monitoriň we duýduruş sistemalary ornaşdyryldy.Şondan bäri köldäki ýagdaý yzgiderli gözegçilikde saklanylýar.

Köldäki tebigy bende duýduryş signallaryny ibeýärn aparatlar ýerleşdirildi.Bu ýerde nobatçylyk edýän operatorlar 24 sagat dowamynda gözegçilik punkutlarynda oturup,suwdaky üýtgeşmeleri we beýleki parametrlerini ölçäp durýarlar.Suw derejesinde düýpli üýtgeşmeler ýüze çykanda,olar gyssagly duýduryş berýärler.

Internet maglumatlary esasynda.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Dowsypat. tarapyndan 13-11-2023, 21:59

  • setdars setdars off № 1 13 ноября 2023 23:34
    oçen apasny zatlañ biri şul köl pes oýda ýerleşen welayat etraplar ucin hasam
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 2 13 ноября 2023 23:43
    setdars on № 1 Şu gün, 23:34
    oçen apasny zatlañ biri şul köl pes oýda ýerleşen welayat etraplar ucin hasam

    Dogry.
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 3 13 ноября 2023 23:54
    Ba, shuwagt suratyny gordum googleden. Owadan eken. Yone yokarda bellenshi yaly howuply.
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 4 13 ноября 2023 23:57
    Tajigistanda sheyle howuply kol badygyny bilyadim. Yone adyny bilemokdym. Adamlar gurrun etyadi. Dagyn ustundaki kol gaydaysa suw alar. Bizede zyyany deger diyip
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 5 14 ноября 2023 00:03
    Gynandyryan tarapy. Sheyle azap edilip acylan tema gyzyklanma az bolyar. Ya biz sheyle bisowat. Esli wagtyny gidirip terjime edip goyyan welin gyzyklanyan yok. Son eling sowayar. Gaytam bosh temalarda okalan sanam kan, teswirem. Gybathanada.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 6 14 ноября 2023 00:09
    Gynandyryan tarapy. Sheyle azap edilip acylan tema gyzyklanma az bolyar. Ya biz sheyle bisowat. Esli wagtyny gidirip terjime edip goyyan welin gyzyklanyan yok. Son eling sowayar. Gaytam bosh temalarda okalan sanam kan, teswirem. Gybathanada.

    240 ýyl bagtyýarlykda,abadançylykda ýaşap,rahatja göz ýumjaklary barada Taňrydan tarhan hatlary bar ýalyda.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 7 14 ноября 2023 00:13
    Taňrydan rugsatly bolaýmasaň biparh ýaşar ýaly döwür däl indi.Soňky döwürä hasam bulaşdy.
    Jogap
  • danger danger off № 8 14 ноября 2023 01:04
    Aral gurap ýatyr şoña akar ýaly edip bolonokmyka şuny?
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 9 14 ноября 2023 08:00
    Sowet soýuzy dargamazdan ozalam Sarez kölüni öwrenmek üçin ylmy ekispiditsiýalar gurnalýar.Barlagçylar, 500 metrlik bendi aýyrmagyň mümkinçiligi ýok diýip hasaplaýarlar.Adam eli bilen gurulmadyk we göz bilen görüp bolmaýan ýerleriniň ýagdaýynyň nähilidigi belli bolmadyk bendiň güýçliräk tebigy apatlara çydamlylyk derejesini bahalamak kyn.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 10 14 ноября 2023 09:53
    Adamlar howpy kän bir añlap bilenoklar.Seraz kòlunin bendi sypsa,ewakuatsiya edilen yagdayynda-da,Merkezi Aziya boyunca olenlerin umumy sany 100 munden bir birnace million adama yetmegi mumkin.3 km dagyn beyiginden saglap gaydyan millionlarca tonna suw.
    Jogap
  • Ahally_24 Ahally_24 off № 11 14 ноября 2023 10:33
    Beladan beterden Allah gorasyn...
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 12 14 ноября 2023 12:22
    17 km³ suw Merkezi aziýa üçin köpem däl. Aralada urukdyrsa bor. Emma täjiklerem suwuny gysganyp başlady. Bir wagt gerek bor diýýändirlerdä. Suwuny azaltmanyň alajyny tapsa borla. Hökman böwedi ýaryp samotok dälde. Tok linýa eltip, kuwatly nasoslar bilen günde plança kup suw aýyrsaň azalar gider. Ýöne özleri isleýän däldirler
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 13 14 ноября 2023 12:50
    Täjigistanda Sarez kölini öz maksatlary üçin ulanmak kararyna geldi. Duşanbe Eýrana, Saud Arabystanyna, BAE-e agyz suwy ibermegi teklip etdi. Bu meselede Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen Özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahyrynda, 2018-nji ýylda Täjigistan Hytaý bilen Sarezyň suwuny bilelikde ulanmak barada şertnama gol çekdi. Bu taslama henizä işläp başlanok.
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 14 14 ноября 2023 19:03
    Gyzykly maglumat,dogrudanda owadan yer eken
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler