GENETIKI KLONLAMA BAŞLANÝAR

Dumuzi getirilen ýükleri kakasy Enkiniň ellerine berdi Dumuzi. Soňra baştutanlar ýygnandylar we bu täze görnüş adamlara näme etmelidigi hakynda pikir alyşdylar. Ýerde hiç hili nesil öndürýän goýun ýokdy, asmandan guzy gelmändi Ýere.
Goýun ýüňi egrilip-dokalmandy. Anunnaki baştutanlary, ýaýradyjy Enki bilen Enlil, Tejribe öýüni gurmaga karar berdiler.
Gonalga ýeriniň çür depesiniň üstünde, Sedir daglarynda (häzirki Liban töwerekleri) guruldy bu ýer.
Ninmah tarapyndan getirilen däri-derman, melhemleriň dikilen ýeriň ýany başynda ýaradylyş otagy guruldy.
Ekin tohumlarynyň we urkaçy goýunlaryň Ýerde köpelmegi şol ýerde başlanypdy. Ekin-ekip, dikin-dikmekde Ninurta Kainyň mugallymydy.
Goýun we guzy ýetişdirmek ugrunda Marduk Abaeliň mugallymydy.

HABYL KABYL WAKASY BAŞLANÝAR

Ilkinji köpeldiş işleri, her kimiň köpelden zatlarynyň baýramçylygy gurnalsyn diýip Enlil buýurdy. Ýygnanan Anunnakileriň huzuryna getirildi ilkinji azyk-toplaýyş we ilkinji guzylar. Kain birinji bolup Enlil we Enkiniň aýaklarynyň ýanyna toplanlaryny goýdy. Abael hem onuň edişi ýaly Enlil bilen Enkiniň aýaklarynyň ýanynda goýun-guzylaryny goýdy. Enlil bu jigi-doganlary gutlady.
Enki ogly Mardugy gujaklady. Hemmeler guzulary görsün diýip ýokaryk galdyrdy we şeýle diýdi: ''Iýmäge et, geýinmäge ýüň geldi Ýere!!!''

KABYL ABYLY ÖLDÜRÝÄR

Indi bolsa, Adapanyň nesliniň we Abaeliň Ka-in tarapyndan öldürilmeginiň we ondan soňra nämeleriň bolup geçýändigi hakynda aýdylar.
Ilkinjiler gutlagy bolup geçeninden soňra Kainyň ýüzi salykdy. Enkiniň beren gurbanlygy onuň gaharyny getirdi.
Jigi-dogan işleriniň başyna geçeninden soň Abael jigsiniň öňüne geçdi we: ''Berekedi getiren, Anunnakileri doýuran, gahrymanlara güýç-kuwwat beren, geýimler üçin ýüň ýasan mendirin!

(Keramatly kitaplarda hekaýa gysgaldylan görnüşde dowam edýär:
Ýaradylyş: 4;3-Günler geçdi. Bir gün Ka-in topragyň hasylyndan Rebbe eçildi.
4-Habil hem sürüsinde ilkinji dogan haýwanlardan käbirlerini, aýratynam ýaglaryny getirdi. Reb Habili we onuň getirenlerini kabul etdi.
Ka-iniň getirenlerini bolsa red etdi. Ka-iniň gahary geldi. Ýüzüni asdy.
6-Reb Ka-ine ''Näme üçin gaharyň gelýär?'' diýip sorady: ''Näme üçin ýüzüň şalyk?'' diýip sorady. Soňra ýene: ''Dogry bolan zady etseň, seni kabul etmerinmi?'' diýdi. Emma dogry bolan zady etmeseň, günä gapyda bukulyp ýatyr, saňa garaşýar? Oňa eýelik etmelisiň!'' diýdi.
Maide süresi; 27-Hä, birem olara Adamyň iki oglunyň başyndan geçiren zatlaryny okap ber! Olaryň ikisem gurbanlyk hödürläpdiler. Beýlekisiniňki kabul edilmedi. Ol ''Men seni hökman öldürerin'' diýdi. Beýlekisi: ''Allah, diňe özünden gorkýanlarynyň (gurbanlygyny) kabul eder.
28-And içýärin, sen meni öldürmek üçin maňa el uzatsaňda men seni öldürmek üçin saňa el uzatmaryn. Çünki men, älemleriň Rebbi bolan Allahdan gorkýaryn.
29- Men, sen ýaly, seniň günäňe ýüklenip jähennemilik bolmagyňy islämok. Zulm edenleriň jezasy ine şudur'' diýdi).

(Her iki kitapda-da bu Sümer hekaýasynyň Taňrylaşdyrylan wakalar şaýatlyk edýär. Bir ata; iki ogly surat çekse, biriniňkini gowy diýip, beýlekisiniňkini erbet diýermi? Erbet diýilýänide toplanan hasyl.
Çeken suraty gowy bolmandygy üçin geljekde ony erbet diýip, oglundan aýyrt edermidi?
Ortada üýtgeşik edilen günä ýok. Hata bar bolsa Taňrynyň hatasy. Ka-in dogry bolmadyk näme iş etdi. Taňry islegi üçin daýhan boldy. Taňry isländigi üçin hasylyny getirdi, ol bolsa kabul etmändir. Bu mantyksyz açyklama Taňrynyň bilýän gizlin bir hatasy bar ýaly görkezilip, üsti örtülmäge synanyşyk edilen ýaly bolup görünýär.

Kuranda ýagşy gul hökmünde görkezilen Habylyň jigsiniň jähenneme gitmegini işlemegi bolsa gaty gorkunç hakyda. Üst-üstesine-de oňa zyýan ýetirmänkä, ýagşy ynsan jigsiniň jähenneme gitmegini islärmi? We Ka-in Taňryny görüp bilip, ondan gorkman Habyly öldürmek islemegi erbet dälmi? Gaty erbet ýagdaý, Şeýtanam Taňrydan gorkmandy.
Taňryny görmek üçin Musa gaýdyp gelenimizde, Taňry oňa ýüzlenip: Meni görseň ölersiň'' diýýär. Birnäçe kişi Taňryny görýär, söhbet edýär, gurbanlyk berýär, isleglerini ýerine ýetirýär. Bu geň dälmi? Şol bir Taňry soňra Musa ölçeglerini berip öý ýasatdyryp onuň bilen söhbet edýär. Hatda: ''...Adamlara aýt bu ýerlere hapa dökmesinler, aýagyma degýär'' hem diýýär?
Ine Sümer hekaýalaryny gizlin din hökmünde peýda ederin diýseňiz, boljagy şoldyr. Çekeleşiksiz bolup galmaz!)

Indi sümer ýazgylary dowam edýär...
Ka-in erkek jigsiniň sözlerine güjenip daraldy, onuň bu aýdanlaryna garşy çykdy: Düzlükleri ýap-ýaşyl eden özüm, ýer sürülen ýaryklary tohumlar bilen dolduran özüm, Ekinlerimde guşlar köpelýär, kanallarymda balyklar gaýnaşýar! Ýaşamaga goşant goşýan çöregi men bişirýärin, Anunnakileriň iýýän balyk bilen guşlary ýetiren men!...'' Jigi dogan şeýdip dawwalaşyp durdular. Gyş geçýänçä dawwalary ýatmady. Gyş geçip ýaz geldi, Ýagyş ýagmady, çaýyrlaram gurady. Otluklar azaldy. Abael sürülerini jigsiniň ekinine tarap sürdi. Joýalardan we kanallardan suw içer ýaly etdi. Kainyň hem muňa gahary geldi; jigsine sürülerini uzaklaşdyrmagyny sözledi. Daýhan bilen çopan, Jigi - doganlaryň agzyndan paýyş sözler çykdy. Biri-birine tüýkürdiler. Ýumruklaşdylar. Gahary gelen Kain daş alyp Abaeliň kellesinden urdy. Abael ýere ýykylyp kellesinden ganlar akýança uruberdi, uruberdi. Kain jigsiniň ganyny görüp: ''Abael! Abael!'' diýip haýkyrdy. Abael gymyldaman ýerde ýatyrdy. Jany bedenini terk etdi. Öldüren jigsiniň ýany başynda Kain uzak günläp aglady. Ony ilkinji bolup Titi duýdy. Ýatyrka düýş gördi. Ka-iniň ellerine Abaeliň gany bulaşypdyr...




Zakariýa SEJIN

Terjime: @Jeksparrodan

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jekwarabey tarapyndan 17-11-2023, 06:35

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler