Öňräk "Öwrenmeli" atly platforma giripdim, ähmiýetsiz platformadygyny öňem bilýärdim welin, bilýäňiz içgysgynçlyk her hili täze zatlary barlamaga itergi berýär. Girýänler şeýle-de bilýändir, çaga bir platforma, habar mediýasy ýalydyr, manysyz zatlar örän köp paýlaşylýar, emma şeýlebir manysyz zatlaram arasyna paýlaşylýar welin düşündirmänem durup bileňok. Ine-de netijesi, hol gün teswir ýazmak gadagan edilipdir, sene dekabryň otuzyna çenli, ne sebäp bar, ne duýduryş bar, hiç zat ýok. Sögünen bolsam, gödek gürlän bolsam, biriniň şahsyna ýeten bolsam düşünerin, hiç sebäp ýok. Birine çäklendirme berersiň, bir sebäbiň bolar şeýle dälmi? Moderatorlar etdimi, admin etdimi olam belli däl. Soň pozdum programmany. Ýagny, çyndanam biziň adminlerimiz hijem geň galdyranok, özüne garşy hakyky zatlary aýdanyňda kabul edip bilýän admina hiç gabat gelen däldirin. Näme diýeli: ýazgyt. Ýöne iň erbet zatdanam bir zat öwrenip galýaň diýýärler-ä, menem ýaşy kiçi agzalaryň üýşen ýerinde örän uly sowatsyzlyk döreýändigini öwrenip galdym, hany saglygyňyz, bulam menden günüň habary bolsun.))

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Seneca_13 tarapyndan 1-12-2023, 01:07

  • PerhatSabirov PerhatSabirov off № 1 1 декабря 2023 02:06
    Öwrenmeliden bir zat öwrenip gaýdana duş gelip görmedim
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 2 1 декабря 2023 07:21
    Öwrenmeliden azajygam bolsa bir zatlar öwrendim. Dogrysy diňe okamak öwrenmek üçin barýan ol saýta , näme etjek biderek teswir ýazyp "sözüňi zaýalanyňa" degenok. Ýöne admin bolmagam aňsat däl . Hemmeleriň isleglerini kanagatlandyrjak bolmak, köpçilik bilen iş salyşmak kyn.
    Jogap
  • Bildiriş Bildiriş off № 3 1 декабря 2023 07:27
    Men bir admine gawat geldim, emma onuñ adyny bilmedim.
    Gepiñ hullasy men dosluk saýtyna girýärdim, soñ şahsyma biri ,,www.soyguli.ru" diyip diñeje saýtyñ adyny reklama hökmünde ýazan ekeni, menem ,,meni ol salga näme sewäpli çagyrdyka...?" Diýen pikir bilen bardym. Görsem, gyzyklyja ekeni, howwa kiçilerem bar ekeni emma ulylardan birnäçe adamlar bilenem tanyşdym... garaz agzalyk borjumy edip ,,Salam" atly pikirler ýaly bölüminde ýazyşyp otyrkam iki sany adamyñ urşup (käýişip) duranyna säwlik bilen gawat geldim emma goşulman (hiç bir zat ýazman) syýnlap durdym. Bir ýerlerden @Admin peýda boldy (adyny bilmedim) bu hem urşy goýdurmak maksady bilen ,,urşy goýuñ!..." komandany birnäçe gezek ýazdy (duýduryş hökmünde)...
    Diýjek bolýan zadym; duýduryş berýän we öz agzalaryny sylap ýazyşýan @Admini, men ilkinji sapar diñe şol ýerde gördim.
    Häli şimdem şol ýere girýän, emma meni gynandyrýan zat başga ýeriñ adminleriniñ agzalarynyñ düzgünbozmalaryna seretmeýändikleri hemde bir seretýän zady, saýt ady agzalanynda şol adamy ban'lap-da urş etýän adamy banlaman goýýandyklary

    #ajy-hakykatly pikir
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 1 декабря 2023 19:02
    ertir.com bilen talyplar.com yada dushse cep tarapymdan tutya... newir saytlar...
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 5 1 декабря 2023 19:40
    Öňler D.S. diýilen admini bardy. Ol progy gorwy ýöredýärdi, ylalaşyp düşünşipbolýardy. A indi ol ýeriniň adminleri özlerini han-patşa hasaplaýarlar agzalary bolsa gul. Adalatsyzlyk köp. Agzalaryň köpçülikleýin ses-bermeleri diňlenenok. Agzalara üns berilenok. Arassa diktatorlar.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 6 1 декабря 2023 19:49
    Ertir.comyn admini agajanh Kitapcynyn admini Has Turkmen Talypchylaryn admini shahyr yaly admin gormedim. Yashy 30 dan ashagyn ne adminchiliginden peyda bar nede saytyndan. Islenen 2021 yyllar gowdy hazira Sahara yaly tozap yatyr bary chaga diyen yaly. Hazir in gowy sayt Kitapcy. Yone olam ertir ya talyplar yaly dal
    Jogap
  • Гость Гость off № 7 1 декабря 2023 20:17
    Soň pozdum programmany.


    - Bitine gahar eden ýorganyny otlar edipsiňow
    Jogap
  • Гость Гость off № 8 1 декабря 2023 20:18
    Köp eşidýän, ýöne baryp göremog-aý şol ýere
    Jogap
  • Monako Monako off № 9 4 декабря 2023 21:53
    Anil Kapur,
    Kitapcynky gowumy? In erbet admina shol. Sahel zat yazsan bloklayan,gepe dushmeyan, hakykatlara cydap bilmeyan, ozune zat diyilse derrew bloklayan mal adama ol
    Jogap
  • gizlin adam gizlin adam № 10 8 февраля 2024 11:17

    Özüňi ýigrendirmän tankyt etmäni öwrenmeli. Tankydy her kim göterip bilenok. Hem öwrenmelide-de bolgusyz postlar köpem bolsa, öwrenip bolaýjak postlaram goýulýa. Siz diňe bolgusyzlary aýdypsyňyz.

    Aňyrdan kowulybam barik arzyňy aýtýamyň. Arzuwyny suwa aýt diýipdirler. O ýere barmaň. Manysyz postlar kän o ýere barmaň diýýän ýaly edipsiň. arada girdim diýýäň. Arada giren bolsaň ähmiýetsizdigini nirden bilýäň. Ýa girensoň bildiňmi. Içgysgynçlyk diýipsin. Bir işsiz adamdygyňy boýnuňa alypsyň. Indi menem aňyrda post goýmalyda onda. Aňyrda seneka gepiňizi etýä diýip. Dogrumy şul

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler