Şahyr dostum oýnadyber galamyň,
Semadan gözläniň taparsyň ýerde!
Ýanmazdan, ýakmazdan bolmarsyň şahyr!
Ylhamyň serpaýyn ýellere berme.
Ýanmaly bolsaňam ýanyber gorkman,
Sönmeli ýeriňde söndi:r ol hökman.
Gije gelen päk pikirleň söhbetin,
Geçir kagyzyňa nokadyn dökmän!
Seniň ýazanlaryň çap bolmaz belkem,
Ýok, olar bezemez kitaplaň gatyn.
Şonda-da ýazyber, ýazyber gorkman,
Badyny sowatma ylgaýan atyň.
Howlukma "Özümi tapamok" diýip,
Entek söz goruňy gazyber çuňdan.
Şygryň sada bolsun, goý, bolsun ejiz,
Ýöne daşlaşmasyn bir ädim çyndan!
Ýene bir zat "Watan" diýlen bu sözde,
Nämeleriň barlygyny keşt eýle.
Agza gelen sözüň galamňa bermän,
Agramyny ölçerip gör seriňde.
Şahyr gadry gaçyp barýar gün-günden,
(Has dogrusy geregi şol "jemendäň")
Köpelýärler ýumurtgadan çykýan dek,
"Şahyr" artdygyça şahyr kemelýär.
Okap ýetişmänkäň ýetişýär ýazyp,
"Ylhamyny nirden alýarka?" diýýäň.
Hakdan içen diýip öwesim gelýär,
Emma...
Men barybir başarman bilýäň.
Şahyr dostum şükür eýle her sabah,
Ylhamyň gapyňy seýrek kakýanna.
"Her güni gamçylap çapmak" deregne,
Kämahal gijeler gowrup ýakýanna.
Ýansaň begeniber saplar ol seni,
Ýanýarmyň diýmek bişişýäň has-da.
Kämillige ýetmeli diýp zat ýokdur,
Otuzda, kyrkda ýa gartaşan ýaşda.
Kämillige ýetmek ýaşa baglymy?
Ölýänçäň kämilleş ýetersiň belkem...
Käsin görüp gülkim tutýar (dogry-da)
Öwünýär: "Ýüz setir ýazanlam meňkem".
"Okanymda gark bolmagy halaýan,
Halaýan haýranym etse "gowgany".
Ýüz setir däl ýüz müň ýazan bolsaň-da,
Ýüzerlik däl, doldurmandyr howdany!"
diýip, içimdäkin dökesim gelýär,
Wah, ýene dymaýýan, dişleýän dilim.
Sebäp gomparjak, ol, alardyp gözün:
"Başarsaň senem ýaz bagly däl eliň!"
Ýok gardaşym başarmaryn asla-da,
"Sen" bolmak gereg-ä başarmak üçin.
Onsaňam, indi-hä, gaty kyn düşer,
Dogry ösen şaha gyşarmak üçin...
Şahyr dostum, ýene dertleşäýdim men,
Ýadamsoň,
okap başarmaýan ýazyjylardan.
Aýyplaşmagöri, soňky söz mydam,
Üýtgeşik bolýar garaşylýanlardan.
Atar Çapar
...
Edebiýat,
Atar Çapar
tarapyndan
4-12-2023, 13:26