Haçanda bolsa bir ýalňyş iş edenimizde, wah şuny etmedik bolsadym, bu wagt gör nähili dilim uzyn bordy ýa-da şol wagt şeýtmedik bolsadym, belki maňa adamlaryň garaýyşy gowy bolardy diýen hyýallar kelläňizden geçipmidi?!
Asyl ylymy göz bilen seredilende ÝALŇYŞLYK bu TEJRIBE-dir. Köp ýyllaryň netijesinde toplan, düşen pursatlaryma göz aýlasak, düýnki ýazan, eden işlerimiz bu gün bize has üýtgeşik duýulýar. Meselem, 1 ýyl öňki ýazan aýdymymyzy biz bugün diňlänimizde, bizde gülkini ýada bir şadyýan emotsiýany berýär...
Durmuşda adamlar kän ýalňyşýar we bu ýalňyşyndan dogry netije çykarmak bilen öz durmuşuny dogry ýola salyp biler. Emma şol bir ýalňyşlyk bir näçe gezek gaýtalansa bu ýalňyşlyk däldir.
Öňler bir žurnalist proffesordan interwýu alypdurka, şeýle sorag berýä:
- siziň bu 9999 gezek tejribäňiz we munda hem tejribäňiz başa barmasa synanşyklarňyzyň sany 10000 ýetýär we bu işden ýüz öwürermisiziňiz???
+ elbetde, ýok sebäbi men bu tejribäniň başa barmaýan 9999 ýoluny bilýän we haçanda bolsa bir gün men dogry ýoluny tapjagyma ynanýaryn!!!
Üstünlik näme?!
Üstünlik bu dynuwsuz iş we bir näçe ýalňyşlykly barlaglar netijesinde toplanan tejribelerňiz we gazanan tejribeleriňizi durmuşda dogry ulanmagyňyz bilen durmuşuňyzy öz islän reňkiňizde görüp bilmegiňizdir...
Näme diýse şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar.
Adam ýalňyşýarmy diýmek özgerer,
Diýmek soňra oňa ösüş garaşýar!
Durmuş kiselowoýyň algebrasy däl,
Durmuş algebradan çylşyrymly has.
Onda ýalňyşmagam asla günä däl,
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas!
G.Ezizow
Makala NoCodding, tarapyndan... Sagboluň... Gramatiki ýalňyşlyklar üçin bagyşlaň...
Ýalňyşlyk
Edebiýat,
elproblem
tarapyndan
22-12-2023, 16:46