***
makalada ýazylan teoriýalaryň ählisi şahsy garaýyşdyr.
Pygamberimiz Muhammet sallalahu aleýhi wesselem aýdypdyr: "Kim Kehf süresiniň başyndan on aýaty ýat tutsa, Dejjal pitnesinden goralar". (Müslim, Musafirin, 257; Ebû Dawd, Melâhim, 14)
Pygamberimiz biziň Dejjal pitnesinden goranmagymyz üçin Kehf süresiniň başyndan on aýat ýatlamagy maslahat beripdir, käbir hadyslarda tutuş süräniň özüni okamagam, ýa-da soňundan on aýat ýatlamagam diýip geçýän ýerleri bar. Eýsem bu sürede näme bar? Geliň bilelikde ilkinji on aýatyň terjimesini okaly.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Kitaby (Kurany) bendesine (Muhammede) inderen we onda (Kuranda) hiç bir egrilik
goýmadyk Alla hamdy-sena bolsun!
2. (Alla bu kitaby Muhammediň ynsanlara) Onuň huzuryndan (geljek) güýçli azaby
duýdurmagy üçin we ýagşy işleri edýän möminlere gözel sylagyň bardygyny buşlamagy üçin
hak (kitap) edip (inderdi).
3. (Möminler sylag berlen) ol ýerde (jennetde) ebedi galarlar.
4. (Şeýle hem Ol bu kitaby): «Alla ogul-perzent edindi» diýenleri ägä etmegi üçin (inderdi).
5. Olaryň we ata-babalarynyň bu (aýdýan toslamalary) barada hiç bir ylym (maglumat) ýokdur.
Dillerinden çykýan (söz) nähili agyr sözdür. Olar ýalandan başga zat sözlemeýärler.
6. (Eý, Muhammet!) Olaryň bu söze (Kurana) iman getirmeýändikleri üçin, sen olara gynanyp,
özüňi heläk edäýjek (bolýarsyň).
7. Takyk, Biz olaryň haýsysy ýagşy işleri edýärkä diýip, synamak üçin, ýeriň üstündäki zatlary
dünýä degişli bezeg edip goýduk.
8. Takyk, Biz (bir gün) onuň üstündäki zatlary gurap ýatan topraga (takrap ýatan çöle) öwreris.
9. (Eý, Muhammet!) Ýogsa-da sen (diňe) «Gowak we rakym (atlary ýazylan ýadygärlik)
ýaranlary» (baradaky wakany) biziň geň galdyryjy mugjyzalarymyzdan diýip oýladyňmy?!
10. Ýigitler (gizlenmek üçin) gowaga girenlerinde: «Eý, Perwerdigärimiz! Bize Öz huzuryňdan
rahmet nesip et! Biziň (şu) ýagdaýymyzdan dogrulyk bilen (baş alyp çykmagymyz üçin
çykalga) taýýarla!» diýdiler.
Meniň ünsümi 9-njy aýat çekdi. gel ony arap dilinde okalyşyny gňreliň:
9. Em hasibte enne ashabel kehfi ver rakıymi kanu min ayatina aceba
Rakiym? Rakym. Bu sözüň birnäçe manylary bar. Ýazgy, san, sifr. Edil biziň dilimize bu söz geçmesede, özbek dilinde rakam görnüşinde geçen. rakam - san, sifir. Rakamli - Sanly. Rusça sanly diýmek, sifrowoý bolýa. Sanly telewideniýe - sifrowoý telewideniýe, özbekçede rakamli telewideniýe. Indi bu sanly diýen sözümiz iňlis dilinde "digital" bolýa. Okalyşy Dejjala meňzeş. Dejjal, dijital... Emma beýdiýdigim Dejjalyň manysy sanly diýmek diýdigim däldir. Dejjal manysy, bir zadyň üstüni örtmek, aldatmak... ýaly manylary bar. Emma sanly diýen söz meni başgabir ýere alyp bardy. Injiliň aýanlyk kitabynyň 13-nji süresi... geliň bilelikde Aýanlyk kitabynyň 13-nji süresinden käbir aýatlary okalyň:
Ýerden çykan janawar:
Onsoň ýerden çykyp gelýän bir janawar gördüm. Onuň bir guzy kimin iki şahy bardy, ýöne aždarha ýaly ses edýärdi.Ol öňki janawaryň bütin ygtyýaryny onuň adyndan ulanyp, ýer ýüzüni we onda ýaşaýanlary öldürýän ýarasy biten öňki janawara zor bilen sežde etdirýärdi.Ol uly alamatlar görkezip, ynsanlaryň gözleriniň alnynda Gökden Ýere ot hem ýagdyrýardy.Ol öňki janawaryň adyndan döretmegine rugsat edilen alamatlary bilen ýer ýüzünde ýaşaýanlary azdyrdy. Olara gylyç bilen ýaralanyp-da, sag galan janawaryň suratynda bir but ýasamagy buýurdy. Oňa janawaryň buty geplesin, bu buta sežde etmeýänleriň hemmesi öldürilsin diýip, janawaryň butuna ýaşaýyş demini berme güýji bagyş edildi. Ol kiçi hem ulularyň, baý hem garyplaryň, azat hem gullaryň, ähli ynsanlaryň sag eline ýa maňlaýyna tagma basdyrdy. Bu tagma janawaryň ady ýa adynyň sany özünde bolmadyklara hiç bir zat satyn aldyrmaýardy hem-de satdyrmaýardy. Bu ýerde akyldarlyk gerek. Aňy bar adam janawara degişli sany hasaplasyn, çünki bu ynsan sanydyr. Onuň sany-da alty ýüz altmyş altydyr.
Dogry, biz musulmanlar Injil kitabyny üýtgedilen diýip bilýäris. Emma bu ýerde ajaýyp gerekli maglumatlar bar, bu parçada pikirimçe bize Dejjal pitnesini gürrüň berýär. Dejjal çykanda 666 sany ýazylan tagmany adamlaryň maňlaýyna we sag eline basmaly. Bu tagma basylan adamlar biri biri bilen söwda satyk edip bilýär. Tagmasyzlaryň puly ýöränok. Indi ýene Kehf süresine geçeli. Ondan bir aýaty okalyň:
19. Ine, şeýdip, Biz olary (gowakda saklanymyzdan soň) özara sorag-jogap alyşmaklary üçin
direltdik. Olaryň biri: «(Bu ýerde) näçe wagt galdyk?» diýdi. (Beýlekiler): «Bir gün ýa-da bir
günüň (az) salymy galdyk» diýdiler. Olar: «Siziň näçe wagt galanyňyzy Perwerdigäriňiz has
gowy bilýändir. Indi şu kümüş pul bilen biriňiz şähere gidiň! Görsün, haýsy tagam has päkize
(lezzetli) bolsa, şondan size azyk getirsin! Hüşgär bolsun, hiç kime bildirmesin.
20. Çünki olar sizi (tanap) gola salsalar, daşlarlar ýa-da dinlerine gaýtararlar. Şeýle bolanda,
siz hiç haçan halas bolmarsyňyz» diýdiler.
men blogy şu ýerde tamamlaýan. siz şu blogdan nämä düsündiňiz? dawaý kommentariýalara, teswirde pikirleriňizi ýazyp galdyryň!
Dowamy bar...
***
Bilim,
Khanture
tarapyndan
23-12-2023, 17:43