Örän bir gyzykly ýagdaýyň üstünden baraýdyk öýüdýän. Ilki bilen
hiç kimiň göwnüne degmek islemeýändigimi aýydaýyn. Emma ýaraly ýürege
em ýok. Diýjek bolýanym şu.
Hemme zadyň özüne ýaraşyk ady bar. Ynha men su saýtda öz pikirlerimi,
düşünjelerimi, garaýyşlrymy ýazýaryn.
Eger menden sorasaňyz ýazýan zadyň näme diýip men bu
soraga şeýle jogaby bererin.
-Men özümi bloger diýip hasaplaýaryn.
Bloger kim diýip sorasaňyz bu soragyň jogaby şeýle.
-Internet saýytlarynda blog ýazýan adam. Siz meniň bu adym bilen
ylalaşýaňyzmy ýada ýok. Eger ylalaşýan bolsaňyz siz hem meniň ýaly
iş edýäňiz bu saýtda. Diýmek biziň hemmämiz bloger. Şeýle dälmi?
Ýada ýok. Eger ýok bolsa onda sizi kim diýip düşünmeli. Eger hawa diýýän
bolsaňyz we biziň sanymyz birnäçeden köp bolsa bize gurama diýip
bolar. Men dogry aýydýan gerek. Biz özümize islenen. ru saýtynda blog
ýazýan blogerler toplumy diýen ady alyp bileris.
Şunyň bilen birlikde meniň aýytmaly zadym, men siziň adyňyzy
internetden gözledim. Emma hiç haýsyňyz bloger adyny almansyňyz.
Siziň ýazan zatlaryňyz barada hem hiç zat ýok.
Munyň özi nämäni aňladýar. Diýmek boşa gezip ýören adam kimin.
Meniň pikirimçe bu ýagdaýdan çykalga gözlemek gerek. Iň bolmanda
bloger adyny almak gerek. Bu adalatly ýagdaý. Çünki siziň
zähmet çekýändigiňizi men bilýärin. Dogry ýazýan bloglaryňyz, ejiz,
sada, ýönekeý, ýalňyş ýazýan ýeriňiz hem az däl emma baribir
siz bloger. Siz meniň aýydanym bilen ylalaşýan bolsaňyz gerek.
Meniň ýene-de birnäçe sözüm bar siziň üçin. Ýöne bu sözlerimi
eşitmek isleseňiz siz ruhy taýdan taýyn bolmaly olary eşitmäne.
Ýogsa biziň aramyzda dawa bolar. Men bolsa şu wagt dawa üçin taýyn
däl. Bu aýytjak bolýan zadymy amala aşyrmak gaty bir kyn zat hem
ýok. Bary-ýogy birnäçe duşuşyk geçirip etmeli işlerimiziň
tertibini ylalaşsak bolany
Mowzugy şu ýerde tamamlaýaryn. Hoş sag boluň!
Gelljekki maslahat
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
25-12-2023, 20:44