Bloger diýilip internetde blog ýazýan adama adama aýdylýar. Blog
bolsa ýazmagyň ähli görnüşinden bolup biler. Makala, hekaýa, feleton,
täzelikler, memuar, poezia, dini aýaýatlar hem blog biler.
Özbaşdak blogerler bolup
bilýär we hökümete degişli blogerler hem bar.Soňky döwür hökümete
degişli blogerler köpelip gitdi.Blogerleriň ýene bir görnüşi bular
saýt blogerleri. Saýt blogerleri saýt adminstratorynyň buýrygy
boýunça blog ýazýar
Bu blogerler hökümete degişli däl bolup özleri özbaşdak halda
twitterde (X), feýsbukda, telegramda, ýutubda blog ýazýar. Soňky
döwür wideoblogerler möwç aldy. Atly blogerler esasan telegramda,ýutybda
ýazýarlar. Olarda podpisçikleriň sany milliondan geçýär. Podpisçikler
diýilýäni blogere pul geçirýärler. Pul işleýän
blogerler hem az däl. Mugtyna işleýän blogerler hem köp.
Aýdyp geçişim ýaly atly blogerler örän köp pul işläp bilerler. Indiki
çykyşymda men siz olaryň birnäçesi barada ýazjak bolaryn.
Blogerler barada aýdylanda aýal-gyz blogerleri ýatdan çykarmazlyk gerek.
Özüniň owadanlygyny, kosmetikasyny, geýimlerini göz-göz edip
ep-esli pul işleýän gyzlar hem blogerlere girýärler.
Tankyt ediji blogerler ýeke-täk bir adamyň üstünden düşüp onuň
aýyplaryny, syrlaryny, pullaryny açyp bilýär. Ýada magtawjy blogerler
kimdir birlerini, hökümeti magtap olar hem pul işleýärler.Geljekde
blogerler has hem öser diýip tama edilýär.
Bloger bolmak üçin sowat, bilim, pul gerekdigini ýatadan çykarmaň.
Blogerler zakaz alýarlar. Bu zakazy öüň ýazmalay ýada birine ýazdyrmaly.
Hoş, sag boluň.
Bloger kim
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
27-12-2023, 06:21