Durdy aga oglanka obañ traktyr byrgadasynyñ çaýyny gaýnadýar eken. Ýarawsyzrak eken, bir gözi plasmas, beýleki gözem shampan çüýshe. Birtopar traktyrys, bularam göknar içýar diýä, üýshüp ýer tekizliýämish 10-20 sany traktyrys. Üüüýshürip ullakan tañkalary hatara goýup, häzirki zaman ýaly gaz-tok ýok. Sygyr tezek, salýarka, gemre, jagrama bilen diñe, ala tütün bolup tañkalary goýýar welin, ýañkylar 8 bolup 15 tañka çaýy çägä sepilen ýaly edip gidýäler diýä. Traktyrly ugraýalar warr edip - "durdy jan, çaý goýaweri!" güne sheýle.
Ahyrynda bir gün gaty ýadapdyr, traktyrçylaram üýshüp çaý içip oturan. Traktyr byrgat:
-Adamlar, indi Durdy jan ýigit çykdy. Muñ gözi ýaramaz diýmeseñ, ýañky, häki, myña byrgatda gelin-gyzam seredýä. Hää, shoñ üçin Durdyjan, indi saña çaý goýdurjak däl!
Durdy: -Adam bolmadygym diý!
-Adam bolmadygym Durdy jan, saña çaý goýdurjak däl.
-Onda menem adam bolmadygym, gaýdyp tankalara bushugaýsam!
Içiniñ ýangyjyna nemedäýýän eken!

Urush döwürleri. Her hepdäñ 1-nji güni hat gelýär diýä woýenkamatdan, bashlygyñ adyna. "Bashlyk! Ýene pylança sany adam alda, mal bazara bar 6-njy gün, bazar gün ursha ugramaly!" Ahyrynda obada ursha ýaraýjak erkek gutaryar, ýarawsuzrak bolansoñ Durdy aga, bashlyk, sho wagt birzent ädik geýip ýören dogumly zwenowod Güljemal daýza galypdyr. Bashlyk çagyryp aýtdy, Güljemal daýza:
-Güljemal daýza, adamyñdan galan erkek adamyñ eshikleri bar bolsa geýishdir, woýenkamatdan hat geldi, 3 erkek alyp mal bazara barmaly! Shoñ birä sen borsuñ, birem men bolaryn, Durdy jan senem 3-nji bolup gitmeli borsuñ! Gözüm beýlekim diýip bahana etme!
Durdy kör:
-Wwaý, bashlyk! Görýäñä meni, shu ikarada senem tanammaga?!
-Durdy! Saña tanysh at diýýän ýok! Nemis atmaly, mün mashyna!
Durdy aga ursha taýynlanyp, äkitmeli zatlaryny taýynlap öýüniñ gapdalynda soñky demi alaýyn diýip - arkan ýatyp, han ýatyshyny edip ýatyrka, gara papakly goltugy gyzyl päpkelije biri gelip girdi, Durdy agañ ýanna:
-Salowma! Durdylañ öýümi...?
-Walikim! Näme bolmanda siziñ öýñüzmi??
-Ýaşuly, men poçtadan!
-Nirden?
-Poçta!
-Näme salam hat getirdiñmi?
-Ýok, men hak ýygnaýan!
-Öküz hakmy?
-Ýok! Hol bäsh manatlyk radioñ haky, sim radio pul ýygnaýan!
-Näme sim radio alynjak bolýarmyñ?
-Ýok! Biz radio uzel bilen üpjün edýäs, shoña siz pul tölemeli!
-Bermen.
-O nähili bermersiñ ýashshuly?!
-Bermen.
-"Bermen" - diýip, ýashshuly geçen ýylam bermedin!
-Näme sözümde tapylmadymmy!

Bardy mal bazara Durdy kör! Kamissar spisok okaýar: -Pylanyýew pylany! -Men! -Nanyñy görkez? -Ynha! -Geç stroýa. -Myradow Durdy! -Mmmeen! -Nanyñy görkez? -Sho sadagasy bolduguma öýde-de ýok! -Ýashuly ursha barýañ, aç ölersiñ. -Aç öleýin, dok öleýin, shu hepde size ölüp bereýinle, bolmanda kurorta baramok! -Ady okalanlar, ertir irden mal bazara gelýäñiz, 10-a geliñ! Bu gün bosh! Aý, agshamlyk üýshdüler Durdy agalara: -Iñ soñky günümiz, aýdym-saz edäýeliñ! Durdy aga:
-Wey, dutar ýoga?
-Pylanylarda bar, äkeldäýeliñ!
-Äkeläýiñ!
Pylanylar diýilýänem ýaman gysganc eken.
-Pylan kaka! Bizä Durdy körlerden gelýäs!
-Hawwa? Näme gerek?
-Ertir oglanlar pronta gitýä, gitmänkäler aýdym-saz edäýeli diýdik, dutaryñyzy berseñizläñ?!
-Oglanlar dutar dilemäñ!
-Gayrat et, ertir oglanlar ursha gidya!
-Nirä gitseñizem gaýrat et, dutary dilemäñ! Ursha gitseñiz tupeñ alyp gidiñ!
-Ýoook! Urhsa gitmänkak aýdym-saz etjek bolýas, dutaryñyzy soraýas?!
-Oglanlar men dogrusyny aýdaýyn, ýeññeñizi sora welin, dutar soramañ! Geldiler yzlaryna gaýdyp.
-Durdy aga, ola berenok dutaryny!
-Näme diýýä?
-Aý, "ýeññeñi sora welin, dutary sorama" diýýä!
-Bar onda ýeññeñi alyp geläýiñ ertire cenli!

Durdy kör bardy ursha. Her ýerden gelen milletlerden bolan, international rota, wzwod, oddeleniýe bölek-bölek boldular. Ýedi adamdan ybarat bolan bölüme Durdy aga düshdi, oñam komandiri gazak eken.
Durdy kör:
-Nähilem bolsa, musulman özümiziñki, gazagam bolsa...
Ýöne ýañky musulmanyñ jyny Durda düshdi, diñe Durdydan prikol tutýar diýä. Niri kyn ýer bolsa shony ugradýar:
-Myradow, pejýot!
-Ýañy geldikhow, dogan...
-Pejýooot!
Razwedka gitmelem bolsa ýene:
-Myradow, pejýot!
Ýañybir otjagaz ýakyp, kartoshkany sime sokup gyzdyryp ugraýar welin, komandir:
-Pejýooot, stat Myradow!
-"Haý, sen gazaga bir gün demime düshersiñ" - diýip, gezip ýör diýä.
Bir gün, ýapydan çozulshyk boldy. Gazak kamandir eline agaç saply mauzerini alyp gygyrdy:
-Otrjaaad! Yzym bilen öñe, nemisleñ üstüne pejýooot!
Uly il gitdi ylgap:
-Wurrraaaaa...
Myradow Durdy, yza galyp çöküne düshüp, bäshataryñ bir okuny ýañky gazagyñ "hywa" tarapyndan goýberdi diýä. Gazak kamandir oturyp çep ökjesinde aýlanyp ugrady:
-Waaaý, musulman çagasy bolsañ kömege jet?! Shu japyda joñkaýdym, waaah!
Kim kömege ýetsin, gelen geçip duran. Ahyry añyrdan Myradowam geldi ädigini süýräp.
Kamandir:
-Musulman bala, zemlýak bala, kömege jet! Shu japyda joñkaýdym?!
Myradow kamandire garap:
-Joñkaý, gatyrak joñkaý! Hol ýapyda häzir bizem "joñkaýjak! :-)"
Gazak kamandir "hywa" tarapdan degen ok bilen gospitila gitdi. Muñ ýerine Myradowy kamandir otdeleniýe bellediler. Jemi alty bolup galdylar, altysam diñe göknar içýar diýä. Maslahat etdiler üýshüp:
-Söñky göknary goshalyñ, obshy bolsun!
Woýennileñ meleje haltasyna guýdular ähli göknarlaryny. Granatomýodyñ pesheñine salybam döwdüler.
Myradow:
-Her gün irden paýogyñyzy paýlap berjek!
Bäshataryñ pesheñem ölçegleri. Myradow paýlamanka ýüzlerine seredishdirýä diýä, soldatlañ:
-Hää, señ ýagdaýyñ erbet däl, saña iki pesheñ! Iwan saña näme boldoow?? Ýüzüñ-gözüñ paçakdan doýan göle ýaly, ýöne tüýkülik bolup dursuñla?! Me, saña üç pesheñ!
Arasynda göknar görse gözi doýmaýany bar eken:
-Durdy kaka, meñä hakym bäsh pesheñdir, guýarsyñda?!
Owalam gysganyp oturan Durdy kör, ýañkyñ ýüzüne seredip:
-Wah, hökümetden gorkýan! Señä hakyñ bir "pesheñdirle" welin...

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, setdars tarapyndan 28-12-2023, 23:30

  • Гость Гость off № 1 29 декабря 2023 07:40
    Birinjini öň eşitmedik ýaly bolup duryn. Ýa eşidenim ýadyma düşenok
    Jogap
  • Гость Гость off № 2 29 декабря 2023 07:44
    Şu Nurişga aga pahyryň gülkünç çykan anektodlaram-a bar weli, köpüsi gülkünç däl meň üçinä. " Içiňi gyrýa", "gülüp ölýäň" diýýänlere geň galýan. Edil wyr içiňi gyrarlyk, gülüp ölerlik anektodlar dällaý aýdýanlary. Ýa men düşünip bilemokmykam?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 3 29 декабря 2023 11:52
    Гость,
    Düşünýän dälsiň...
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 4 29 декабря 2023 12:09
    Гость
    Şu Nurişga aga pahyryň gülkünç çykan anektodlaram-a bar weli, köpüsi gülkünç däl meň üçinä. " Içiňi gyrýa", "gülüp ölýäň" diýýänlere geň galýan. Edil wyr içiňi gyrarlyk, gülüp ölerlik anektodlar dällaý aýdýanlary. Ýa men düşünip bilemokmykam?

    Душунмек учин шол довурде яшан болмалы. Хазирки яшлар учин душнуксизрак болмагы мумкин.
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 5 29 декабря 2023 12:35
    Гость
    Şu Nurişga aga pahyryň gülkünç çykan anektodlaram-a bar weli, köpüsi gülkünç däl meň üçinä. " Içiňi gyrýa", "gülüp ölýäň" diýýänlere geň galýan. Edil wyr içiňi gyrarlyk, gülüp ölerlik anektodlar dällaý aýdýanlary. Ýa men düşünip bilemokmykam?

    Şu ýazylanlaryň biräm gülkünç däl, aslynda özüni diňlemeli, täsirli, gülkünç bolýar...
    Jogap
  • Myrat9087 Myrat9087 off № 6 29 декабря 2023 15:28
    Menä şuny okap otyryn, hemde kasetada diňläp oturýanym ýada düşýär. Bay, o döwürler üýtkeşikdi. Awtor, bar bolsa, Gukko kakanyň Ýusup kakany jaýlamana gidişini paýlaşaýyňda.
    Ýene byr zat, ýadyňyzda bolsa sewet döwründe ýaşuly adamlar tamyňarkasyna keçe ýazyp küşt we ş.m. Oýnardylar. Häzirä bylardan nam nyşan galmady. Elbetde o döwüre görä güýmenjede häzir kän, ýöne şondada-şondada...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler