Zäherli täç
(Fantastiki hekaýa).

Seven Worlds Universe
(Ýedi dünýä älemi).

"Dördünji dünýädäki" iň gülkünç adamyň aňrybaş çynlakaý gürrüňlerini okamaly boljakdygyňyzy öňünden duýdurmak bilen başlamalyma başlamak isleýän...
Men dokuzunjy okeanyň kapitany, şeýle-de, Diýar-u-Hyýalyň mirasdüşer şazadasy III. Täleýýalan Hyýaly. Ýene, takmynan, ýetmiş iki sagatdan tagta oturmaly şa diýsemem ýalňyşdygym bolmaz. Edil şol wagt geçenden soň pederimem öler. Nobat maňa geler. Biziň kadamyzda şa tagta oturan pursady onuň gözlerine eredilen sap altyn, gulaklaryna gurşun guýulýar, tä şalyk möwrüti tamamlanýança açlyk duýgusyndan mahrum bolmagy üçin ýörite suwuklyk içirilýär, hepdelik ukusy 35 sagatdan artyk bolsa 2 günlik suwsuzlyk jezasy berilýär, dişleri sogrulyp, çep aýagynyň köwşüne demirtiken, sag aýagynyň köwşüne-de pamyk goýulýar, täç geýdirilmezinden öňem kellesiniň üstünden toprak sowrulyp soň täç geýdirilýär. Bilýän ýene ýetmiş iki sagatdan menem şeýle ýagdaýa düşürülmeli. Biziň dünýämizdäkilere, has dogrusy, dokuzunjy okeanyň adasy Diýar-u-Hyýalyň damarlarynda şa nesliniň gany aýlanýan ýaşaýjylaryna öz geljegini bilmek ukyby berilýär. Şol bir wagtda olar islese başgalaryň geljegini hem bilip bilýärler. Şa bolmazymdan öň maňa kiçiräjik günä ýöňkelerde meni şa etmek islemezler. Kän bir uly günä bolmandygy üçin baş kazy meniň günämi öter. Howwa-da kiçiräjik günä üçinem bir mirasdüşeri şa etmezlik bolarmy?! O nähili kiçiräjik günä diýýäňmi? Men şu wagt zäher taýynlap durun. Pederim üçin! Oňa bu zäheri bir jenanyň lebleri arkaly bererin. Zäher pederimiň deri öýjüklerine ornaşandan soň ony, tiz wagtda, 3 minutda garradar. Soňam içki beden agzalaryny çüýredip ölümiň sowuk deminden oňa birki gezek sordurar. Ana bolany. Arkaýyn bol meň pederime dönüklik etjegimi oň özem bilýär. Men ýaňy aýtdyma bize öz geljegiňi bilmek ukuby berilýär...

***

Ýaşaýyş bilen ölüminiň arasyny ölçemek üçin ýasalan gurallar arkaly biz täze doglan çaganyň adamyz üçin peýdaly ýa-da binep boljakdygny öňünden anyklaýarys. 1 sagat ozal täze doglan çagalaryň 48 sanysyny "Ýazgytsyzlar" adasyna iberdik. Olary enelikleri terbiýelärler. Bu ada bizden 16 uhu (uly hyýaly uzaklyk) daşlykda ýerleşýär. Indi soňky iki asyr bäri bizde "Ýazgytsyzlar" köp dogulýarlar. Gynanamok. Olaryň ýazgydyny öz islegmize görä ýazmak ullakan bir mesele däl...

***

Biziň şalygymyz adalardan ybarat. Döredilen gününden bäri diňe biziň şalyk neslimiz dolandyryp gelýär. Jemi kyrk müň ada şalygmyza degişli. Olaryň otuz alty müň alty ýüz segsen dört sanysy meýletin goşulan salgyt töleýänler. Galanlary bolsa esgerlerimiziň ýerleşýän adalary, "ýörütelenen" adalar, halkymyzyň her bir bähbitleri üçin ulanylýan adalar... men sanap oturmana ýaltanýan sizem belkem sanaşmana...

***

Bu gün men şa boldum. Pederimi "eredip" durkalar maňa täç geýdirdiler. Gynanamok. Bolmalysy şeýledi. Şeýle-de boldy...

***

Maňa gyssagly kömek gerek! Okaýanlygyňyzy bilýärin...

(dowamy bar)

Şyhnazar Durdyýew.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, _Bayat tarapyndan 30-12-2023, 12:38

  • Гость Гость off № 1 30 декабря 2023 15:17
    Fantaziýaňa döneýin nämeden ylham aldyň? )

    Baş-a gowja eken
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 2 30 декабря 2023 15:24
    Гость,
    Mandarindan? bir gün mandarin iýip oturdym aý şol bir mandarini iýip gutarynçam şunam ýazyp goýanmy özümem bilmän galypdyrn
    Jogap
  • Гость Гость off № 3 30 декабря 2023 15:29
    _Bayat,
    Hantöräňkiň dowamymy ýa bu?
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 4 30 декабря 2023 15:38
    Гость,
    Howwo dowamy. Aslynda häli dowamy kän myň?
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 5 30 декабря 2023 15:39
    Ýöne entek bu oň dowamymy ol muň dowamymy hiç zada anyk düşünjek adam tapylmazdaý? garaz ol oň başy hem soňy bul oň soňy hem başlangyjy?
    Jogap
  • Гость Гость off № 6 30 декабря 2023 15:40
    _Bayat
    Гость,
    Howwo dowamy. Aslynda häli dowamy kän myň?

    Onda mandarindan görmeda. Hantöre diý
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 7 30 декабря 2023 15:42
    Гость,
    ? howwa şoşo
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 8 30 декабря 2023 16:16
    Oňat, kemi ýok! Ýöne Öý ruhynyň gündeligi atly hekaýamy powestmy, onçasyny bilemok, şondan ylhamlanandygyňy hä bilýän!...bildim gerek? ;)))
    Jogap
  • Myrat9087 Myrat9087 off № 9 30 декабря 2023 16:32
    Gowy ýazylypdyr. Ýöne şalaram heý şeýdip kösärlermaý?
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 10 30 декабря 2023 22:48
    Uly Hojaýyn,
    Ýok, bilmediňiz)
    Jogap
  • Гость Гость off № 11 31 декабря 2023 01:32
    Fantom
    Gowy ýazylypdyr. Ýöne şalaram heý şeýdip kösärlermaý?

    Fantastiki- diýen ýerini Dokumentalny- diýip okapsyň öýdýän. Ýa doňuşlyk irdennen bärimi biziň owodaky ýaly )
    Jogap
  • Гость Гость off № 12 31 декабря 2023 01:37
    Köçede barýanam weli, şonda-da saýta girýända. Oturlyşykdan çykyp, otyrlyşyga barýa ýogsam. Şul oglana saýtyň iň wepaly agzasy diýen dereje bermeli admin!
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 15 28 января 2024 09:05
    сумасшедшая,
    Islenen chata bar
    Jogap
  • сумасшедшая сумасшедшая off № 16 28 января 2024 09:19
    _Bayat
    сумасшедшая,
    Islenen chata bar

    Болья, ишлерими дынайын)
    Jogap
  • сумасшедшая сумасшедшая off № 17 28 января 2024 09:22
    _Bayat
    сумасшедшая,
    Islenen chata bar

    Болья, ишлерими дынайын)
    Jogap
  • _Bayat _Bayat off № 21 29 января 2024 16:46
    сумасшедшая,
    Waleýkim
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler