Üns bermeseň, gyzyklanmasaň, gözläp tapmasaň, alada etmeseň
günler yzma-yz geçiberýär, aýlar geliberýär we bütün bir ýylda hiç zat
etmän bu ýyly ahyrlaýaň. Emma ýyllar köp däl. Adamyň diýip biljek
wagty, gözläp biljek wagty, özüni gorap orta çykyp biljek wagty çäkli.
Gaty köp bolanda on ýyllar çemesi. Ýöne şujagaz wagty hem elden
giderenler köp bolýar.
Gorkak bolsaň, aýytmana-diýmäne sowadyň, bilimiň bolmasa bu
ýaşaýyşdan balyk kimin sesiňi çykarman ýok bolup gidýäň.
Saňa dost dälleriň isleýäni hem şu. Sesiň çykmasa olar üçin
şonça gowy. Seniň ornuňa olar geplärler. Aýytmagyň, diýmegiň usuly köp.
Kim ýazyp aýdyp bilýär, kim surat üsti bilen özüniň içki dünýäsini
köpçülige ýetirýär, ýene birleri aýdym aýytmak arkaly özüni äşgär
edýär bu dünýä.
Hiç zat diýmeseň şonça gowy köp adam üçin.
Ine indi bir gün gepläsiň geler. Adamlara. Olara özüň bardygyňy
aýdasyň geler.Emma seni diňlejek tapylmazlygy mümkin. Çünki sen
wagty elden giderdiň. Adamlar senden geplemegi irte tama
eden bolmagy mümkin. Ol wagt sen geplemediň diýmek seniň ornuňa başga
geplän bar. Ol adamlara öz ýüregini seniň ornuňa bireýýäm aýytdy.
Adamlar onuň gepinden kanagat tapdy.
Şol bir sözi iki gezek diňlemek ýokmaýar.
Şonuň üçin il içinde geplemekde öz ornuňy aldyrmajak bolsaň irte bäşla.
Edil bilbil ýaly.Bilbili eşidýäňmi. Daňdan hem saýrap otyrandyr, agşam
adamlar ýatanda hem.
Il içinde jaýyň-tamyň, maşgalaň,maşynyň gadalyp duran bolsa,seniň
bu tamyňdan sesiň hem çykmalydyr. Galanyny özüň bil. Meniň üçin
hem geplemeseň gowy. Seniň ornuňa özüm geplärin. Şeýdip adamlaryň
kalbyny, ýüregini öz sözlerim bilen eýelärin. Wagty gelende olar meniň
adymy tutyp, pylany şeýle diýipdi diýerler. Seniň bolsa
adyňy tutmazlar sebäbi bellidir seniň üçin.Sen adamlaryň
kalbyny eýelemdiň sözleriň bilen.
Emma men saňa duşman däl. Meniň diýip ýetişmedik sözlerimi diýmäne
ymtyl. Ýogsa giç galarsyň menden.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 4-01-2024, 08:04

  • MILALIKA MILALIKA off № 1 4 января 2024 15:41
    Aydaý özüň :D
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 2 4 января 2024 18:25
    Bizdede bir Ariatotel bar ekenä
    Jogap
  • MILALIKA MILALIKA off № 3 4 января 2024 22:02
    Niÿetiʼna gowy ekeni welin arman göläň kicirak diyyarlermi :D
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler