Türkmenistanyň ruslar tarapyndan basylyp alynýan pursadyny öwrenýän
pursadymda düşünmesi kyn bolan ýagdaýlara dogry geldim.
Ilki bilen aýytmaly zat bu türkmenler bilen ruslar goňşy
bolup otyranlar.Bu iki halk biri-birini gowy tananlar. Özara söwda
edenler, bile otyranlar.Myhmançylykda bolanlar. Türkmenler Peterburga
çenli baryp gaýydanlar. Patyşa Russia döwletinde gulluk edýän türkmenler
hem bolan.
Ruslar hem türkmenleri gowy tananlar.Uruş bolmazdan ozal iki ýüz ýylyň
dowamynda bu iki halk ýakyn otyrsalarda ullakan uruş üçin uly
bahana tapmandyrlar.
Seredip otyrsaň Orsýediň Türkmenisatany ýaragly goşun bilen basyp
almana, bu ýerde gyrgynçylyk etmäne esas hem bolmandyr.
Birinjiden, türkmenlerde goşun bolmandyr. Ikinjiden, türkmenlerde
ýarag hem bolmandyr we üçünjiden türkmenlerde basyp alyjylyk syýasty hem
bolmandyr.
Ruslar Türkmenistana eýelik etmek maksadyny uruşsyz hem amala
aşyrmana ähli mümkinçiligi bolan. Nähili ýol bilen?
Iň esasy ýol bu söwda bilen. Türkmenisatanda ol döwürde uly bazarlar
bolmandyr.Ruslar Türkmenistana gelip, birnäçe bazar açmak bilen
köp zady amala aşyryp biljek eken.
Bu hem azlyk etse pul bilen baglanyşykly meseläni ýola goýanda
ruslar Türkmenistana arkaýyn aralaşrdy.
Türkmenler ol döwürde uly syýsata gyzyklanmandyr.Olaryň uly maksady
baý we abadan ýaşamak bolan.
Bu mesele bolsa uruş bilen dälde söwda we özara gatnaşyk bilen ýola
goýulýar.
Emma uruş turdy. Ruslar eli ýaragly goşun bilen gelip
türkmenleri gyrgyna berdi.Olaryň beýle etmäne haky ýokdy.
Biz türkmenler hem öz gezegimizde Hudaý tarapyndan ýaradylan halk.
Bizi ýaradan Hudaýyň biziň bilen öz maksatlary bar. Hudaý maksatsyz
ýaşamaýar.Diýmek biz Hudaýa gerek.
Türkmenlerde ruslardan öýke galdy. Bu öýke häli
hem dowam edýär.
Häzirki döwüre gelip ruslar edenine puşman etmeýär. Ötünç hem soramaýar.
Diýmek, ruslaryň bize dogan halk diýýänine ynam ýok.
Biz türkmenler ruslaryň üstüne eli ýaragly goşun bilen barmadyk.
Olaryň bizden öýkelemäne haky ýok.Olar özleri üçin bolan
pursady elinden giderdiler.Indi biziň ýolumyz başga. Ruslardan
başga dünýäde halk köp. Olar bilen biziň aramydzda dawa-jenjel,
öýke bolmady.Ugrymyz olara tarap.
Näme gerek bolsa olardan sorarys, satyn alarys.
Bolýa bize şu ýaşaýyş. Ruslaryň bolsa öz ýollary. Haçan olar ýaraglaryny
ýere taşlap, eli ýaragly dälde, eli saçakly biziň üstümize gelseler
elbetde, myhman hökümünde garşylanar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 9-01-2024, 07:56

  • JackSparro JackSparro off № 1 9 января 2024 10:07
    Haýsy kelläň bilen okap bilim aldyňaý sen?
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 2 9 января 2024 10:15
    Bärik geljek orslar eli saçakly gelesleri ýok, dagam...
    Orsýetdäki orslar bärik gelseler myhman a bärdäki oturymly orslar näme?
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 3 9 января 2024 11:26
    Hemişede ýagşy bilen ýamandan birini saýlamaly diýen zat ýok.Ýaman bilen has ýamandan birini saýlamaly ýagdaýlaram bolup galýar.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 4 9 января 2024 11:33
    1877-nji ýylda rus-türk urşy bolýar we ruslar bu söweşde ýeňilýäler. Dünýä arenasyndaky bu ýitiren abraýyny dikeltmek üçin ruslara haýsy hem bolsa bir ýeňiş zerur bolýar. Munuň üçin hem iň amatly wariant agzala, pytraňňy, döwletsiz ýaşap ýören türkmenlerdi. Hemem Patyşa Russiýasy Hindistana köpri hökmünde türkmen topraklaryny ulanmagy maksat edinýärdi.
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 5 9 января 2024 12:16
    Pegas,
    ХАКЫКЫ шу айдянын.. Довлети, яраглы гуйчлери болмадык халкы барыбир басып алардылар. Туркменлер дийленде дине Ахалын туркменлери дийилдиги дал ахырын. Емутлар ирден орслар бн говы гатнашыкда болан. Эмма емутлар бутин туркмен халкы болдугы дал. Эгер шо довур орслар гелмедик болса ангилчанлар гелердилер. Олар яраглы далде совда сатык биленем юрды ал салып алардылар. Эмма ангилчанлар гелен болса гоншы халкларын, овганларын, эйранларын эли билен туркмен топрагыны заялардылар.Шо довурин ягдайы ким гуйчли болса :-дунйани эдил меллек пайлашан ялы пайлашмак.. ве мумкин боллугындан коп ер алмакды.Так что, демире диенни этдирйан довоетлерин баштутанларынын пикири сада туркменинки ялы дал. 1905 нжи йылда Орслар японядан енилмедик болса онда бизин устумизден Хиндистана аралашардылар.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 6 9 января 2024 13:06
    Eger Hindistany iñlisler däl,orslar alan bolanda Gandini "HALK DUSMANY" diyip atyp taslardylar.Inlislerde orslara garanda biraz kanuncylyk bardy.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 7 9 января 2024 13:25
    Kemciligini gizlap,ustunligini cisirmek Sowetlerde bardy.Henizem potsowet dowletlerin kopusi sol endiginden dynyp bilenok.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 8 9 января 2024 17:57
    Makala örän düşnüksiz, näme pikir öňe sürüp, näme netije çykarlypdyr belli däl. Ruslara gyzlaryň näz çekdirmesi ýaly garşylyk berlen ýaly, bir ýerde-de hasap soraýan ýaly.
    Ilki bilen, "düşünmesi kyn bolan ýagdaýlara dogry" gelendigiňi nygtapsyň, emma nämesine düşünmediň, belli däl.

    Türkmenler bilen ruslar, Müňgyşlak töwereginde goňşydy, ýagny käbir taýpalary bilen. Ruslar Hazar kenarlarynda balykçylyk we ş.m zatlar bilen meşgullanardy, Müňgyşlak hem howplurak ýer bolansoň, ruslar türkmenler bilen (çapawulçy türkmenler) ylalaşmaga synanyşýardy emma şonda-da arasynda olary gaçyryp, Hywa we ş.m hanlyklaryň gul bazarlarynda satýardylar. Bu ruslaryň aglabasy bu ýerlerde çaga-çugaly bolup giden we ruslar olary yzyna almana gelende, diňe sähelçesi (12 adam öýdýän) öz Watanyna dolanýar. We "rus halky" däl-de, rus häkimiýeti türkmenleri ýakyndan tanamaga synanyşan, diňe türkmenleri hem däl, Türküstandaky beýleki türki halklary (hanlyklary) hem doly tanamaga synanyşan. Türkmenleriň ruslaryň ýanyna baryp gaýtmagynyň sebäbi bolsa, käbir türkmen taýpalarynyň çekýän kynçylyklary, görýän zulumlary we ykdysady çökgünlik zerarly ruslaryň häkimiýetine girmek isläp, olara ýüz tutmagy bilen baglanyşyklydyr.
    "Bahana bolmandyr" däl-de, bahana gerek görülmedi, sebäbi ruslar şeýle-de ýuwaş-ýuwaş günorta tarap süýşüp gelýär. Köp kişi ruslaryň diňe türkmenleri basyp almak üçin maksadynyň bolandygyny pikir edýär, emma beýle däl, bu türkmenler bilen dahylly mesele däl, uly balygyň kiçi balygy iýmegi ýaly, ruslaram basybalyjylykly hereket bilen syýasat ýöredip gelýär, şeýle-de göni maňlaýlarynda Angliýa we onuňam şeýle hereketleri bolansoň, "hiçden giç ýagşy" diýip tijenýärler.

    Aslynda bu basybalyjylykly syýasat, XVI asyryň ortalaryndan başlap dowam edip gelýär. Ilki 1552-nji ýylda Kazan hanlygyny, soňra 1556 Astrahan hanlygyny basyp alýar. Russiýanyň çozuşlary XVII asyrda biraz togtady, emma XVIII asyrda ýene dowam etdi. Soňra Sibiri basyp alanlaryndan soň, günortadaky Gazaklary tabyn etmäge girişdi. Gazaklaram ol döwürler 3 uly federasiýa görnüşinde ýaşaýardylar, bularam Uly Jüz, Orta Jüz we Kiçi Jüz. Gazaklar tabyn edilenden soň, "Türküstan hanlyklary" diýip atlandyrylan hanlyklary basyp almaga girişýärler, ilki Kokand gidýär. 1853-de Kokand galasy, 1865-de Daşkent gidýär, 1868-de bolsa Buhara garşy harby hereketler başlanýar. Şeýdip Buhara we Kokand alnandan soňra, Hywa basylmaga girişilýär (iň uly garşydaş hökmünde-de Hywany görýärler). Soňra Hywa basylandan (1873) soň, türkmenleriň ugruna çykylýar, türkmenleriň basylyp alynmagy (XIX asyr ahyry) bilenem, Türküstanyň basylyp alynmagy doly ýagdaýda tamamlanýar, ýagny ruslar "hany türkmenleri almak üçin bahana tapaly", ýa-da "türkmenler gatnaşýanymyz-ow" diýip, syýasat ýöredenoklar, başdan bäri Türküstany basyp alyp gelýärler.
    Jogap
  • Seneca_13 Seneca_13 off № 9 9 января 2024 17:58
    Patyşa Russiýasynyň Türküstana has köp ähmiýet bermegi bolsa, Pegas agzanyňam belleýşi ýaly, Ýewropada alnan ýeňlişi M. Aziýanyň (Türküstan) üsti bilen ýapmaga synanyşmagy bilen baglanyşykly.
    Emma diňe ol hem däl, sebäp köp. Başga sebäpler hökmünde-de Angliýanyň imperialistik hereketleri, Türküstanyň halklarynyň aralaryndaky agzalalyk we köp halklarynyň Russiýa girmek islemegi, Türküstandaky ýerasty we ýerüsti baýlyklar, kiçi sebäpler hökmünde-de rus halkynyň ogurlanyp gul edip satylmagy (emma Angliýa Russiýanyň muny bahana etjegini bilip we çekinip, hanlyklara öz adamlaryny iberýär "goýberäýiň" diýip) we ş.m.

    Aşakdaky ýazanlaryň bolsa has düşnüksiz we manysyz, Hudaýyň bärde näme dahyllu ýeri bar, adamlary gaty güň we jahyl görýäňmi "bizem Hudaý tarapyndan ýaradyldyk" diýip, ýörite nygtar ýaly, düşünmedim? Hudaýyň (Allanyň) üstüne bir sypat ýüklemegiň edil şu meselede näme dahylly ýeri bar we bu şirk bolanokmy? "Hudaý maksatsyz ýaşamaýar" diýer ýaly, ol bir adammy? "Ýaşamak" sözi, bu ýerde ynsanlara (kem barlyklara) mahsus bolan zat, we ýaşaýar diýeňde, ynsanlary göz öňünde tutup aýdýansyň, emma Taňrynyň adamlar ýaly ýaşaýandygyny nirden bilýäň, ýaşamagyň soňuny ölüm yzarlaýar, her ýaşaýşyň soňy bardyr tebigatyň kanunyna görä, onda Taňry ölümlimi? bu söz biraz nädogry, Taňry älemiň tohumynyň düýbi tutulmanka hem mydama bardy.
    Hudaýyň bir maksady bolar ýaly, ol adammy özüne bir maksat belläp, ony amala aşyrmaga synanyşsyn, pekge? Hudaýy heý bir geň galdyryp bolarmy, Hudaýa surpriz edip bolarmy? Hudaý wagt bilen hereket edýärmi, öňünde bir "maksat" goýup, ony "amala aşyrmak" üçin "alada-hereket" eder ýaly? Hudaý "wagtdan garaşsyz" bolsa, onda biziň hemme diýen zatlarymyzyň bir manysy bolmaýar, sebäbi biz wagtly dünýäde ýaşaýarys we wagtsyzlygy bilip bilmeýändigimiz üçin "Hudaý wagtdan garaşsyz" sözlemi, hemme zady üýtgedýär.

    Ýazgy örän bulam-bujarlyk bilen ýazylypdyr, filosofiýa diýseň ne filosofiýa bar, ne idili taryh bar, ne idili düşünje bar, bularyň üstesine näme diýip, näme ündäpdir, olam anyk däl. "Şekspir ýaly ýazyp bilmerin, emma özüme görä ýazyp bilerin" diýip, bir kitap ýazýaňmy, olam näbelli. Iň aşakdaky ýazanlaryň hasam manysyz, agzabam oturmadym.
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 10 9 января 2024 18:14
    Dowsypat.,
    Iñlisler басып алан ерлеринде дине озлерине бахбитли када -кануны гиризди. Так, что ерлерин говысыны, магдан канлерини, токай байлыкларыны оз небислери боюнча уланып, ерли халкын дап -дессуры билен иши болмады. Орс патышасы Туркменистаны басып аланда , олам шулар ялы этди. Озуне герекли ерлери алышдырды.. гурмалы затлары гурды. Эмма халкын ишине гошулмады. Шеригат боюнча яшаберин, наче аял алсаныз алыберин.. йоне бири биринизи олдурман, гоншы юртдан гул -гырнак гетирман дийди. Ленин баба юрды басып алансон бу ягдайы уйтгетди. Адама бир аял етик дийди.Шеригат не пойдет дийди. Тазе канун боюнча яшамалы дийди. Гараз.. юрт советлешенсон коп затлар уйтгеди.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 11 9 января 2024 21:58
    Inlisler kada-kanunlary ozleri girizendir.Yone inlisler oz kanunlaryna ozleri wepaly halk.Inlislerin aglaba boleginde yokary wezipedakisi bolsun ya adaty rayaty bolsun kanunlara boyun egmek medeniyeti şekillenen.Orslarda welin beyle dal.Orslar kanunlary ozune garsy gelen yagdayynda,oz kanunlaryny ozleri godek bozagan bolyarlar.
    Jogap
  • Ata Köpek Ata Köpek off № 12 12 января 2024 17:32
    Allanyň deň edip ýaradanyna garamazdan, özlerini beýleki milletlerden tapawutly, saýlama hasaplaýan milletleriniň biri dälmi iňlisler?
    Jogap
  • Ata Köpek Ata Köpek off № 13 12 января 2024 17:34
    Kanunçyl başgada milletler bar, meselem nemis milleti, geçen asyryň 30-40-njy ýyllarynda nätdiler?!
    Jogap
  • Ata Köpek Ata Köpek off № 14 12 января 2024 17:40
    Mentalitet diýilýän zat bar, orslar kanunçyl bolmanda-da mentaliteti iňlisleňkä görä gowyrakmyka diýýän menä.
    Jogap
  • Ata Köpek Ata Köpek off № 15 12 января 2024 17:55
    Allajana şükür, Orslar bilen Gazawat urşunda, Gökdepede söweşen, şehit bolanlar biderek bolmada, goran ýerlerini nesillerine-bize ýurt edip berer ýaly orsa ymykly düşündirdiler!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler