“Men gijeler Aýa bakyp aglaýan...”
Uzuk Nowruzowa
...Depäm gök diräpdi “Bor” diýen günüň,
Ak bulutdan aslyşypdym tasdanam.
Saňa goşgy ýazyp bilmedik günüm
Ýa waspyňa mynasyp söz tapmasam,
Şol gün bar küýümi diňe sen edip,
Geljegime suratyňy çekerdim.
Sen bolsa gijeler Aýa seredip,
Şo wagtlaram durşuň bilen pikirdiň.
Ýüregiň syzypmy ýa kelläň syzyp —
Bilemok, kämahal batardyň gama.
A men muny duýman, goşgular ýazyp,
Hil bir iş eden deý okardym saňa...
Birdenem bulandy täp-tämiz asman,
Aslyşjak bulutlam boldy gap-gara.
Geljegime çeken suratym tapman,
Söýginiň öňünde boldum masgara.
Indi her gün gursagymy daglaýan
armanlarmyň ujy saňa degmesin.
Sen gijeler Aýa bakyp aglaýaň,
Men zaryny çekýän Aýa meňzeşiň.
08.01.2024ý.
✏Sapa HOMMADOW
“Men zaryny çekýän Aýa meňzeşiň...”
Edebiýat,
Pegas
tarapyndan
9-01-2024, 11:38