ÝALTANYŇ GEPI
Men ukyny söýýän, uky hem meni,
Duşuşýan ýerimiz ýassygyň gerşi.
Ýöne neçün meniň öýümdäkiler,
Biziň söýgimize bolýalar garşy.
Ejem diýýä "beýdip ýörme jan ogul,
Bu boluşyň gözüme hiç gelenok.
Ýaltalygyň çür başyna çykypsyň,
Bir-r rmelsiz eliňden iş gelenok".
Düşüneňzok bir kyn mysal ýaly men,
Kalbyma arassa, oňat pälimem,
Gijesi gündizi hars urar ýaly,
Eje nebis daýyň guly dälä men.
"Hawa, iş başarmaz ýaltaýalta men" diýip,
Özüm hakda beýle bellik etmäýin.
Işläp ölenemä ýokmuş diýýäler,
Äý, şonda-da töwekgellik etmäýin.
ÝUSUP MEREDOW
ÝALTANYŇ GEPI
Täzelikler,
Yonekey
tarapyndan
13-01-2024, 21:36