Çagalyk arzuwym.
Eje, ýadyñdamy gögele döwrüm
Ulalmak hakynda arzuw ederdim.
Hyýalymda aýlap ulugyzlygmy,
Umytlarma düýşlerimde ýeterdim.

Işe geýýän beýik ökjeli köwşüñ,
Bukulyp geýmeklik pişedi maña,
Aýnanyñ öñünde duran syratym,
“Wah, entek gyssanma”- diýsede maña.

Ýap boýunda biten tal şahalaryn,
Ýolup günaşadan ölçärdim boýum.
Ulalmaklyk küý-pikirim bolansoñ,
Kän bir oýnamokdym, üýtgeşik oýun.

Köçämizden geçýän topar gyzlara,
Gözüm gidip, höwes bilen bakardym.
Hamala özümi ulugyz saýyp,
Hyýalymda ajap keşde çekerdim.

Bu gün bolsa, şol keşdeleñ ýerine
Döredi nepisden nepis keşdeler.
Eje, keýgiñ ulugyza bolupdyr,
Çagalaygam alyslarda düýş meger.

Ulalyp saýgardym, gaty kän zady,
Maý berseler çagalykdan gitmezdim.
Men ulalsam seniñ garrajagyñy
Bilen bolsam, eje arzuw etmezdim.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Perwana tarapyndan 15-01-2024, 02:53

  • Madine Madine off № 1 15 января 2024 09:42
    gosgy gowy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler