Ýagdaý şunyň ýaly. Ösen ýurtlar bar diýilýär.
Ösýän ýurtlar bar diýilýär.
Ösýän ýurtlar ösen ýurtlaryň yzyndan ýetmeli diýilýär.
Bu halatda ösýän ýurtlar näme etmeli. Elbetde, şol ösen ýurtlardan
gysgaça aýdylanda pul almaly. Ösmedik ýurtlarda pul ýok. Üstesine
ösmedik ýurtlarda häzirki zaman tehnologiýasy hem ýok.
Rossiýa ösen ýurtlaryň sanawynda durmaýar.
Pulyň iň köp ýeri Amerika.Yzbasar Günbatar Ewropa we Ýaponiýa.
Tehnologiýa hem şu ýurtlarda ösen. Diýmek, pul gerek bolan
ýurtlar we ösmek isleýän ýurtlar Amerika ýüz tutmaly.
Bu halatda Rossiýa öýkeläp başlaýar. Aýratynam, SSSR dargap
garaşsyzlygy alan ýurtlardan.
Bu ýurtlar bolsa özlerini garaşsyz hasaplaýanlygy üçin, islendik
döwletden pul, kredit, tehnologiýa almana hakym bar diýip
düşünýär. Bu düşünje hem Rossiýa ýokmaýar. Bu halatda Rossiýa
könäni gozgap ugraýar.
Biz size köp ýagşylyk etdik.Siz ýagşylygy bilmeýän bigadyr ekeniňiz.
Ýurtlar bolsa ösmeli. Halkyny häzirki zaman talabyna laýyk gelýän
ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün etmeli.
Bu hili ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek üçin bu ýagdaýy
eýýäm döreden ýurtlara ýüz tutmaly.
Ýene şol Amerika. Ýene öýke ruslar tarapyndan.
Ösýän ýurtlar näme etjegini bilmeýärler. Olara karz pul gerek.
Täze iş orunlaryny döretmeli.
Rossiýanyň öýkesi bolsa gün-günden ýitileşýän ýaly. Bu aýydanlarym
belki jurnalistleriň ýürek dökmesidir. Bu halaty hem gözden
ýitirmeli däl. Aslynda aragatnaşyk biziň pessimist
düşünjämizden ýokarydyr. Bilmeýän, siz bu barada näme pikirde.
Öýkelemeli däl bolsa gerek
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
18-01-2024, 09:42