Gynansamda size ýazan bu sözlermi kimiň aýdanyny we nirede
bolup geçenini aýdyp bilmeýän.
Hawa bir adam bilen gepleşip galdym we ol maňa ine şu zatlary aýdyp
berdi. Ýagny ony täze ýyly bellemek üçin goňşysy myhmançylyga çagyrypdyr.
Çagyrylandan soň barypdyr. Barsa onuň beýleki goňşylary hem şu
ýerde bolup hemmesi iýip-içip mes bolup oturanlar. Üýşen adamlar oňa
ortadaky näzu-nygmatlardan mürähet edipdirler.Emma ol ortdaky iýim-
-içimlere seredip görüp elini degirmezden gümana gidipdir.
Ýagny ortdaky zatlaryň käbiri onuň üçin halal däl zat bolup
görünipdir. Içgi hem içmändir. Goňşylary bolsa igenip başlapdyrlar oňa.
Şeýle sözleri aýdypdyrlar.
1.Näme üçin iýip içmeýäň ýada bu zatlara göwnüň ýetmeýärmi?
2. Bir zatlary barmy bu ýerde iýmez ýaly?
3. Molla boljak bolýaňmy?
Deregi goňşylary süýkenip bilipdirler. Ol bolsa çydap otyrypdyr.
Olara ters sözleri diýmändir.
Onsoň ol maňa ortada bar bolan iýim-içimleriň adyny sanap berdi.
Haçan ol bir zadyň adyny aýdanda men haýran galdym. Edil şu halal
däl zady hem ol iýmändir.
Men aýytdym oňa.Eger çyksa sen keramatly adam. Üstünden baryp
guman bilen duýan bolsaň özüňe abanan howpy.
Dogry ol bu zady iýeni
bilen ölmezdi. Emma uly günäni ederdi.
Onsoň kelläme şu pikir geldi.
Nähili bolsada durmuşymyzda halallyga ymtylýan adamlar bar.
Ikinji, bi aýytjak zadym daşary ýurtlaryň birinde bolup geçip
başlady. Başy başlandy soňy nähili gutarjagy belli däl.
Bu ýurtda altyn ýygylýan kän bar. Kände bolsa özge
ýurtlardan baran migrantlar işleýär. Şol sanda biz taraplardan hem.
Şu ýurdyň raýaty bolan bir ýigit migrantlara şeýle diýýär.
-Siz altyn çöplärsiňiz. Bir topar pul işlärsiňiz.
Bu kändäki altyn gutarandan soň bolsa ýurdyňyza gidersiňiz.
Emma altyny gutarsaňyz bu ýerde ýaşaýan ýerli halk nähili gün
görmeli. Bize nebsiňiz agyrsynda siz öz ýurdyňyza gidiň diýýär.
Emma bu ýigidiň sözi migrantlary ýygnap getirip işledýän
häkime ýokmaýar. Ol bu ýigidi milletparazlykda aýyplaýarda işi
prokuratura geçirýär.
Köp çekeleşikden soň prokuratura hem ýigidi aýypdar edýär. Sud oňa
dört ýyl gabaw berýär. Halk bolsa bu ýigidiň arkasyny alyp
köçelere çykýar we ýigidiň boşadylmagyny sorap başlaýar.
Bu habary men üns bilen okap ýene şeýle pikire geldim.
Hawa hemme däl emma bar halal adamlar daşary ýurtlarda hem. Öz
hususy bähbidini araman, ejiz halk üçin özüniň bal iýip otyran
durmuşyndan ýüz öwürýän ýigitler.Megerem bu adamlar keramatly adamlar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 19-01-2024, 21:27

  • Гость Гость off № 1 19 января 2024 23:46
    Men ýaly gowy adamlaň bardygna begendim cilimkesh
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 2 21 января 2024 03:29
    Гость
    Men ýaly gowy adamlaň bardygna begendim cilimkesh

    yeke ozim icim gysyp yordi durmusda men yalylaram bar eken
    Jogap
  • Гость Гость off № 3 21 января 2024 20:32
    DonMaxx
    Гость
    Men ýaly gowy adamlaň bardygna begendim cilimkesh

    yeke ozim icim gysyp yordi durmusda men yalylaram bar eken

    Biziň pokoleniýa gowylaý )
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler