Özgäniň pikirini, sözüni yzbasar gaýtalamany halamaýnym üçin,
bujagaz kiçijik belligimi şu hili sözler bilen başlap
bilmerin ýagny dünýä zulumdan doly, adamlar ýaman, baýlar
garyplary ezipdir. Umuman hiç bir zady garalaman
görjek. Şunda nähili bolarka?
Taryhy okasaň bu ýurt ol ýurdy basyp alypdyr diýýär,
edebiýata ýüz tutsaň patyşalar rehimsiz bolupdyr diýýär,
adamlardan sorasaň olar bazarda hemme zat gymmat diýýär.
Olaryň bu hili ynamly sözlerinden soň oýlaýaň hakykatdanda bu
dünýä ýaman ýaly, ýogsa adamlar nalamazdy.
Şu hili sözleri eşidip bolandan soň gyra çykyp özüňe sorag berip gör.
Hakykatdanda adamlar bu dünýäni dogry suratlandyrmana ukyplymy?
Derrew kelläňe bu soragyň jogaby geler öz-özünden. Ýok diýer.
Dünýä ýaman, adamlar açgöz diýip jogap berýän adamlar bu
halatda özleri nähili. Eger dünýä ýaman bolsa ol haýsy ýol bilen
dünýäniň ýamadygyny aňşyrdy, çünki dünýäniň ýamandygyny bilmek üçin
arassa aň-düşünje gerek. Bulaşan aň hiç bir zady dogry
kesgitlemäne ukyply däl bolýar. Şeýle dälmi?
Şujagaz ýönekeý mysal hem dünýäniň ýaman däldigini görkezýär.
Onda adamlary dünýäden aýrylap göreli.
Dünýä boljak emma adamlar ýaman diýeli.Bu halatda nähii bolarka?.
Bu soraga jogap bermek kyn däl we ol şunyň ýaly.
Eger adamlary ýaman diýseň onda adamlaradan üzňe ýaşada ýöre.
Julyňy alda guma, çöle, tokaýa gitde hiç kime goşulman, tebigat
bilen birlikde ýaşaber. Adam ömüri gaty gysga. Tiz geçer.
Emma seretseň hut adamlary ýaman diýen adamyň özi toý-märekäni
eýeläp gülümjiräp otyrandyr häzirje at dakan adamlary bilen.
Egerde bazarda zat gymmat diiýän bolsaň onda öz zadyňy bazarda
pes bahadan berde bazary arzana öwür. Ýada bazara umuman barma.
Seni bazara süýräp eltýän ýok bolsa gerek.
Şeýlelikde biz bir zatdan nalaýarys. Biz bu dünýä aňsatja gelýäris
we onuň gadyryna ýetmejek bolýarys. Dünýä bolsa gyzykly hem
owadan, hem görmegey, hem näzik. Dünýäde islän zadyň bar. Eger saňa
keramat berilip öz iň gowy görýän zadyňy dünýä inder diýseler,
eger çyksa hiç bir täze zady dünýä inderip bilmersiň.Men synanyşyp
gördüm şu hili etjek bolup. Bolmady. Aýalanyp-dolanyp
dünýäniň haziki boluşyna artykmaçlyk girizip bilmedim. Elbetde,
hyýalymda.
Adamlar barada bolsa näme diýip bolar.Hatda biz adamlar ýaman diýen
halatymyzda hem adamdan üzňe ýaşap bolmaýar. Diňe bir ýol galýar.
Olara ýaman bolmaly däldigini aýytmak.Şundan artykmajy adamyň
elinde däl. Adam ýaman bolsa öz ýamanlygyna jogap berer.
Çünki bu dünýä şeýle ýasalan.Adamy bolsa bu gözel dünýä ýaratdy.
Öz goýnunda we eýýäm milliard ýyllar bäri adamyň edenine çydap gelýär.
Adamy ýaman diýýänler bolsa bary-ýogy birnäçe on ýyl ýaman adamlar
bilen iş salyşýar. Köpi bilen. Ýogsa ýa ýaman öler ýada
ýaman diýýän öler we biri-birinden dynarlar.
Esasy sen dünýä bilen sazlaşykda bol. Eger dünýä seni söýse ol seniň
ýanyňa ýaman adamy umuman getirmez.
Häzirlikçe şu. Hoş wagtyňyz. Okaň we teswirler ýazyň.
Dünýä hezillik adamlar gowy
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
27-01-2024, 10:35