26.02.2019
Kelamlar içinde «neme» diýlen şeýle düşnüksiz hem gümürtik, ýöne ähli düşnüksiz hem gümürtik zatlary düşündirip bilýän bir söz bar. Sözem däl-de, söz çalyşmasymy ― nämemi… Dilçiler näme diýýälerkä şoňa, ýa olaram «Neme-dä…» diýip oňaýýalarmyka?

Her bir ugurda, her bir zatda bolşy ýaly, bu «nemäniňem» öz ussatlary bolýar. Meselem, Nedir!

Haçan, nireden, nädip gireni nämälim bu sypjyk söz bilen iş salyşmak üçin, dogrudanam, ussatlyk gerek. «Neme» diýlen söz üçin, hiç kişinem gepinde tutjak gümanyň-a ýok. Niresinden tutjak? «Men eý diýjek bolmadym, beý diýjek boldum» diýse, oturarsyň-da.

Nedir ýaly ussada «Seniň gepiň iki çykýar-aý! Düýn-ä şeýle-şeýle diýýädiň, bu günem beýle diýýäň!» diýibem igenip bilmersiň. Sebäbi, oňky düýnem şo «neme», bu günem.

Nediriň diline diňe aýaly doly düşünýär.

― Keýwany, nemäni o zat etdiňizmi?

― Howwa, kakasy, myhman otagy gül pürkülen ýaly syryp-süpürip, düşekläp goýduk.

― Hä, bolupdyr. Olaram basym nemederler indi… Ýogsa-da, o zadam nemetdiňmi?

― Howwa, ýuwup, ütükläpjik goýandyryn.

― Oňarypsyň. O… nemeleň nemesini nätdiň?

― Onam iberdim çagalardan. «Taňryýalkasyn bilenjik eltip beriň!» diýdim.

― Hä, dogry! Ýogsam, goňşy arasynda sähel neme üçin nemedişip ýörseň, neme däl-dä!

…Ynha, Nedir öz-özünden şüweleň tapyp, bir wakajygy gürrüň berýändir:

― Arada o Gutjy nemäň nemesine bir nemedip goýberdim welin, şü, duran ýerinden nemedip gitd-aý… Aý, içim nemedäýd-aý! ― diýip, heziller edip gülýär welin, aýalam onuň gülküsine goşulyp oturandyr. Çyny bilen. Mundan gylaw alan Nedir soň bu «gülküli» wakany beýlekilere-de aýdyp berýär, özünden başga hiç kimiň gülmeýänini görübem, geňirgenýär, müýnürgeýär, «ähem-ühem» edişdirip:

― Äý, howwa-da, neme-dä… ― diýip oňaýýar.

Elbetde, beýlekileriňem beledräk, agyrylyrak ýerinden tutulanda, diňe çalaja ardynjyrasaňam, adamlar düşünýär.

Meselem, kimdir biriniň ýarawsyzraklygy barada gep gozgalanda, Nedir birsalym pikirlenip oturýar-da, söze goşulýar:

― Nemäniň nemesi, neme, şipa ber! ― diýipdir-ä Magtymgulam!

Oturanlar haýran galýarlar:

― Bä-äý, şü, Magtymgulyňam aýtmadyk zady ýog-ow!

Soňra Nedire haýran galýarlar:

― Bä-äý, şü, biziň Nedirimiziňem bilmeýän zady ýog-ow!

Kän zat bilýän adamlaram, adatça, az gürlegiç bolýar.

Eger Nedir «Tamyň nemesi bar, nemäňem nemesi bar» diýýän bolsa, muňa şeýleräk düşünmeli: «Tamyň diwary bar, diwaryň deşigi bar, deşikde syçan bar, syçanyňam gulagy bar». Muňa-da, näme, düşünen ― düşünýär. Düşünmedik üçin o «nemeleriň» barynyň bahasy ― bir gara şaýy.

― Nedir bilen gürleşeňden, sakaw bilen gepleşeniň müň paý ýeňil! ― diýip, üşüksizräk, tüntawraklaryň käsi zeýrenýär. ― Sakawyň-a, sabyr edip, soňuna çenli diňläp bilseň, näme diýjegini ahyrynda aňsa bolýar. Emma, munuň «nemesiniň» aňyrsynda welin, näme-nämeler barlygyny Alla bilsin! Ýöne, göwni üçin, ugralla baş atyp oturybermeseň…

Dogrudanam, Nedir uludan demini alyp, «Aý, howwa, bu dünýe bir neme-dä…» diýýän bolsa, oňa her kim özüçe düşünibermeli, kim şo «nemäň» ýerine «ýalançy» sözüni goýýar, kim «pany», kim «süýji», kim «gezekli», kim ýene bir zat… Emma, geň ýeri, iň soňda onuň şo «nemesine» hemmelerem baş atyp, makullaýarlar. Ýerine düşende, «neme-de» bir gädikde durup bilýän bolmaly.

«Äý, bu biziň barymyzy peltek etjek-läý! ― diýip, Nedire gaharlanýanam bar. ― Şuň bilen ýarym sagat takyrdadyp otursaň, soň öýe barybam, «neme» diýip dursuň!

Aý, howwa-da, bir söz bilen hemmäň göwnüne ýetip bolýamy…

Emma, gerek ýerinde, Nediriň şo ýekeje söz bilen agyr bir dawany çözýän halatlaram bolaýýar. Meselem, iki kişi nämedir bir zadyň dawasyny ýa jedelini çözüp bilmän, ony araçy tutunsalar, ol:

― Howwa, pylany, seňkem neme! ― Soň beýlekä ýüzlenip: ― Pylany, seňkem neme! ― diýýär. ― Bu ýerde nemedişip oturar ýaly neme ýog-a!

Onsoň, häliden bir-birine ýeň bermän oturan iki dawagäriň ikisem ýaňky sözlere «Seňki dogry!» diýen manyda düşünip, köşeşýärler.

Öňi-soňam, her kim diňe öz eşidesi gelen zadyny eşidip, diňe-de düşünesi gelýän zadyna düşünýär…

Göwnüňe, Nediriň özem birçak şo «nemeden» ýadap, ellibizar geçäýjek ýalydyr welin, ýok, geçäýenok. Gaýtam, şo «nemä» degliberse, ýoýluberse, gatybir halanok.

Ol bir gezek öz «dertdeşine» duşdy. Ýöne o duşany «ýeme» diýip sözlegiç eken.

― «Ýemäň» näm-aý? ― diýip, Nedir geň galyp sorady.

― Aý, «neme» diýdigim-dä.

― Hä, onda şeý diý-dä, «NEME!» diýip, bolmalysy ýaly, türkmençeläp, çöp döwen ýaly edip, agzyňy dolduryp bir aýt-da!

Bu sözüň gadyr-gymmatyna Nedir ýaly düşünýän hem-de şol ýekeje söze giden bir dünýäni sygdyryp bilýän adama men-ä kän sataşmadym. Bar bolsa ― bardyr başga-da! Emma, şo ýekeje «nemäň» aňyrsyndaky ähli manyny hatasyz tirip oturan aýaly welin, näbileýin tapaýsaňyz.

Nätdi-nätmedi, Nediriň aýaly bir ýarawsyzlyk tapynyp, keselhana düşdi. Nedir şo dilmaçsyz galan günleri, içde-daşda, meýdanda ýa ýolda känbir geplejegem bolmady. Käte, aýalynyň yzyndan baranda, içindäki dykyn alyp duran «nemeleriň» baryny boşadyp gaýdýar:

― Äý, keýwany, sen bolmasaň-a, neme boljag-aý… Bi öýde-how, neme oturtdyrjagam bolsaň, gara görgi, nemejik bişirtjegem bolsaň ― ýene görgi… Bir zat nemetseň, gözlerini nemedişip, agzyňa nemedeşip durlar. «Neme getiriň!» diýseň, başga bir nemäni alyp gelýäler… Ýok-laý, mundan neme bolmaz-laý!

Bir gezek baranda-da, Nedir oýunlyga salan bolup:

― Sen-eý, keýwany, birden menden öň nemedäýji bolmagyn… ― diýdi-de, birdenem bogazy dolup, gözlerine ýaş aýlanaýdy.

Aýaly ör-gökden geldi:

― Hiý-wiý, goýaweri, kakasy! Bi agşamyň biwagt çagynda tapýan gepiň näguran seniň?! Entek ikimiz, nesip etse, kän-kän toýlary nemetmeli borus, ana, agtyklaňam ýetişip gelýär-ä… Öýermeli-çykarmaly!

Tizara aýalam sagalyp, ýene öýlerine, ärine gowuşdy. Emma, gowşanda-da, aýal görgüli haýsy bir zada ― öýüň, maşgalaň, hojalygyň hysyrdysyna etişsinmi ýa-da adamsyna dilmaçlygamy?! Aýalyňam on eli ýa agzynda on dili ýok ahyryn! Beýle ýagdaýda, o görgülä-de gapdaldan goldaw-goltgy gerek.

Hudaý diýene ― Hudaý ýetiräýýärem. Ynha, bir gün Nediriň aýaly öz işleri bilen ber-başagaý bolup ýörkä, on ýaşlyja gyz agtyjagy geldi-de:

― Ene, atam pylanylara sadaka girjek diýýä! ― diýäýdi. Nediriň diline özünden başga düşünýän ýokdur öýdüp ýören enesem aňk-taňk boldy. Ynanman, baryp, adamsyndan sorady. Agtyjagynyň diýýäni dogry bolup çykdy. Muňa-da enesi, baý, bir begenmek-begendi, «Hudaýa şükür, yzymyz ýitjek däl eken!» diýip.

Şeýde-şeýde, bar zat bolmalysy ýaly bolup, gowulyga tarap ilerläp, agtyjaklaram dilmaçlyga günsaýyn ökdeläp barýardy welin…

Bir gezek Nedir çaý başynda, agtyjagynyň gulpajygyny sypalap otyrka, aýalyna ýüzlenip:

― Be-e, bi Amangeldilerem-ä jaýyny nemetjek bolýa öýdýän, iç-daşda birki sany neme-hä görünýä, eli nemeli… ― diýdi.

Agtyjagy bada-bat jedirdäp, enesine düşündirmäge başlady:

― Atam «Amangeldi agalar jaýyny satjak bolýalar» diýýä!

Nedirem ýeňsesini gaşap, birsalym oturdy-da:

― Äý, howwa, neme-dä… kim bilýä… ― diýdi.

Amangeldi aga körpe ogluna niýetläp, öz gapdalyndan ýene bir jaý saldyrypdy. Ol körpe oglam uly bir şähere okamaga gitdi-de, indem «Kaka, men şäherde galaýmasam…» diýip hat ýazýarmyş. Amangeldi aga-da «Hany, entek görübiris. «Sakla samany ― geler zamany» diýipdirler. Belki, agtyklaryň biriniň derdine ýarar» diýip ýördi.

Nediriň şol «nemetjeginden» soň, Amangeldi aganyň gapylarynda birden gelim-gidim köpeldi.

Ahyr bir günem Amangeldi aganyň özi geldi ýüzüni çaňjardyp:

― A-how, Nedir, sen nädäýdiň-ow muny? Üstümi depeşege öwürdiň-ä how… Heý, men saňa «jaý satjak» diýipmidim eýsem?

Nedirem aňk-taňk boldy:

― Aý, ýok, sen-ä maňa neme diýeňok, menem…

― Onda näme, bi gepiň ujy gelip-gelip senden çykýa-la?!

― Ýok-how, men «Amangeldi agalar jaýynyň içini-daşyny nemetjek bolýar öýdýän» diýendirin. Kim nemedip ýör-aý ony? Päh-eý-de welinim… Häý, saçjagazy nemetmiş!

Nediriň agtyjagynyň «bilgiçliginiň» syry şondan soň äşgär boldy. Asyl Nedir agtyjagynyň göwni üçin, onuň raýyny ýykmajak hem ony ýalançy etmejek bolup, agtygy nähili «terjime» etse-de, baş atyp makullap ýör eken. Ynha, iň soňda-da, ömründe ýeke gezek «Sen iki gepleýäň» diýdirip görmedik Nedir, ýalanyň üstünde tutulan ýaly bolaýdy. Şondan soň, «nemesinem» başardygyndan seýrekledip ugrady.

Aý, garaz, bi «nemeli» gürrüňiň yzy kän. Aýtsaň ― aýdyp oturmaly. Emma, «Köp sözüň azy ýagşy» diýlenem bir pähim bar. Bir gepi gereginden artyk uzaldyberseň, yzyndan nemetmeli, ýagny, utanmaly bolaýmagyňam ähtimaldyr. Üstesine, şo ýeserje sözi köp gaýtalaberseňem, özüňem diliň ýaman öwrenmegi mümkin. Şonuň üçinem, bu gürrüňi wagtynda nemedi-i-ip dynan ýagşy!

Kömek Kulyýew
https://www.ylymly.com/neme/#:~:text=Skip%20to%20content,Scroll%20to%20Top

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Zxcvb tarapyndan 22-02-2024, 14:55

  • Mrr Mrr off № 1 22 февраля 2024 20:47

    Biziň obamyzda-da bir ýaşuly "nemesinden" diýen sözi kän aýdardy.

    Jogap
  • NurmuhammetAtayew NurmuhammetAtayew off № 2 22 февраля 2024 21:56

    Biziň bir işdeşimiz bardy şu ýaşulynyň aýdyşy ýaly bir zatlar gürrüň bererdi soňundanam "düşündirip bildimmi" diýerdi. Bizem diňe "düşündirip bildimmi" sözüne düşünerdik "ýok" diýsegem haaas köp gepläp bir zatlar aýdardy 

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler