HIMIKI SERIŞDELERI (AEROZOL, BOÝAGLAR) YSGAMAK ÖLÜME GETIRIP BILÝÄRMI?
Himiki serişdeleri (aerozol, öýi arassalaýyş serişdeler, boýaglar, ýelimler, lak we baş.) ysgap, keýp alma häsiýetine toksikomaniýa diýilýär. Lukmanlaryň bellemegine görä, toksikomaniýa neşä öwrenişmeleriň iň agyr görnüşi hasaplanýar. Ysgalýan himiki serişdeleriň elýeterliligi we onuň bilen kiçi ýaşly ýetginjekleriň meşgullanýandygy ony has hem howply edýändir. Toksikomanlaryň ortaça ýaşy 10-15 ýaşdyr.
Himiki serişdeleri ysgamak bedeniň zäherlenmegine we zäherlenme serhoşlygyň döremegine getirýär. Ysgamak üçin ulanylýan himiki serişdeleriň görnüşine baglylykda zäherleýji serhoşlyk dürli alamatlar bilen ýüze çykyp biler: bokurdagyň gijemegi, üsgürmek, görejiň giňelmegi, sözleýşiň we ýöreýşiň bozulmagy, keýpiköklük, göze dürli gorkunç ýa-da tersine, gülkünç şekilleriň görünmegi, gulaga sesleriň gelmegi, kellagyrylar, ýürek bulanma, gaýtarma.
Toksikomaniýa öz gaýraüzülmeleri bilen howplydyr. Himiki serişdeleriň mukdarynyň aşa köp düşmegi ölüme getirip bilýändir. Himiki serişdeleriň yzygider ulanylmagy dowamly beden zäherlenmesine getirip, akyl taýdan üýtgemelere we yza galmalara tutgaýlaryň döremegine sezewar edýär. Bu alamatlar beýni öýjükleriniň üýtgemegi bilen düşündirilýändir. Ondan başga-da, himiki serişdeler iýmit siňdiriş ulgamyna, bagra, böwreklere hem zäherleýji täsirini ýetirip, olarda döreýän dowamly üýtgemeler wagtyň geçmegi bilen ölüme getirip bilýändir.
https://www.saglyk.org/makalalar/sagdyn-durmus/yetginjekler-dunyasi/2285-himiki-serisdeleri-ysgamak-olume-getirip-bilyarmi.html
Himiki serişdeler (aerozol boýaglary) ysgamak ölüme getirip bilýärmi?
Täzelikler,
JackSparro
tarapyndan
25-02-2024, 11:18