AGYZ BOŞLUGYNY ÇAÝKAMAGA NIÝETLENEN SERIŞDELER



Hünärmenler agyz boşlugy barada oňat alada etmek üçin diňe diş pastasy ýeterlik däl diýip hasaplaýarlar. Goşmaça serişde hökmünde "stomatologiýa kosmetikasyny" hem ulanmak maslahat berilýär. Bu serişdelere diş eliksirleri we agyz boşlugyny çaýkamaga niýetlenen ýörite suwuklyklar degişlidir.  Maglumatlary derňeýän gullugynyň bellemigine görä, uly ýaşly adamlaryň 35%-i bu serişderleri yzygiderli ulanýar.
Bu çaýkalýan serişdeler dükanlaryň we dermanhanalaryň köpüsinde satylýar. Olaryň  görnüşleri şeýle bir köp welin, alyjy haýsysyny saýlajagyny bilmän, ilkibada aljyraýar.  Çaýkalýan serişderleriň reňki, täsin gaplary "meni satyn al" diýýän ýaly, alyjyny özüne çekýär. Ýöne çaýkalýan serişderleriň gabyna ýa-da reňkine üns bermäň-de, olaryň düzüminiň hiline üns beriň. Haýsydyr bir çaýkalýan serişdäni satyn almazdan öň, onuň düzümindäki maddalaryň sanawyny ünsli okaň.

Esasay zat - bulaşdyrmazlyk!

Hünärmenler diş eliksirleriniň ählisini iki topara bölýärler: diş çüýremesinden goraýan we agyz boşlugyny sowuklamadan goraýan eliksirler. Diş çüýremesinden goraýan eliksirleriň düzüminde kalsiniň ýa-da ftoruň ionlary bolýar. Bu düzüjiler diş dokumasynyň oňat minerallaşmagyna ýardam berýär. Şeýle-de olar diş syrçasyny gorap, ony bakteriýalaryň weýran ediji täsirinden halas edyärler. Bu serişdeleri ulanmaklygyň ýygylygy olaryň düzümindäki şypa beriji maddanyň konsentrasiýasyna baglydyr.  Mysal üçin, düzümindäki ftor birikmeleriniň 0,05% bolan balzamlary günde ulanmak bolýar. Emma düzümindäki ftoryň mukdary 0,2%-den artyk bolan eliksirleri hepdede bir gezek ulanmak bolýandyr.

Diş lukmanlary hemmelere diş çüýremesinden goraýan eliksirleri ulanmagy maslahat berýärler. Sebäbi hiç bir adam: "Men dişlerim asla çüýremez" diýip ynamly gürläp bilmez. Şonuň üçin-de bu arassaçylyk serişdesi artykmaçlyk etmez. Ýöne bu serişdäni alty ýaşdan kiçi çagalara ulanmak gadagandyr. Sebäbi çaga serişde bilen agzyna çaýkamaga derek ony içip goýbermegi-de mümkin. 

Diş çüýremesiniň öňüni almagyň käbir aýratynlyklary

Diş çüýremesiniň öňüni almaga niýetlenen balzamlary ulanmaklygyň käbir aýratynlyklary bardyr. Birinjiden, ilki dişleri arassalamaly, soňra balzam bilen çaýkamaly. Şeýle edilende ftoruň we kalsiniň ionlary dişiň daşyna ýelmeşip, onuň daşky gatlaklaryna aralaşyp bilerler. Eger dişleri arassalaman, balzam bilen çaýkalsa, onuň täsiri hiç peýda bermez. Sebäbi dişiň daşyndaky bakterial gatlak ftoruň we kalsiniň ionlaryny "itekläp" olary dişiň daşky gatlagyna golaýlatmaz. Ikinjiden, alymlar ftoruň we kalsiniň bada-bat özleşdirilmeýändigini anykladylar. Olaryň özleşdirilmegi üçin azyndan 2-2,5 minut gerekdir. Şonuň üçin-de, oňat netijäni gazanmak üçin, agyz boşlugyny birnäçe minudyň dowamynda çaýkamaly. Çaýkanyňyzda suwuklygy dişleriňiziň arasyndan birnäçe gezek "iteriň" şeýle edilende suwuklyk dişleriň arasyndan geçip, olaryň iki tarapdan hem ýuwulmagyna ýardam edýär. Bu göze görünmeýän, ýetip bolmaýan diş aralyklary diş çüýremesiniň döremegi üçin iň oňaýly ýerlerdir. Sebäbi olara diş pastasynyň täsirini aňsatlap ýetirip bolmaýar. Diş çotkasynyň ýetip bilmeýän ýerine suwuk serişdeler oňat ýetýärler. Şoňa görä-de her zat edip, bu ýöriteleşdirilen suwuklyklary dişleriň arasyndan mümkin boldugyndan köpräk geçirjek bolmaly.

Sowuklama ýol bermeli däldir!

Agyz boşlugynyň sowuklamasynyň öňüni alamaga niýetlenen serişdeleriň düzümine esasan hem gan üpjünçiligine we mikroflora täsir edýän maddalar girýändir. Şeýle serişdeleriň düzümine köplenç neowitin girýär. Neowitin — bu ösümliklerden taýýarlanylan biooksidant toplumydyr. Ol diş etindäki gan aýlanyşygy gowulandyryp, onuň çişini aýyrýar. Şeýle-de onuň yara bitiriji täsiri hem bardyr. Biziň döwrümizde giňden tanalýan azuleniň, hwoya ösümliginden taýýarlanan ekstraktlaryň, ženşenden taýýarlanylan antioksidantlaryň hem şeýle täsirleri bardyr. Bu serişdeleri dişleri arassalamazdan öň ulanmalydyr. Olar dişiň daşynda emele gelen hapa örtügiň ýumşap, aňsat aýrylmagyna ýardam berýär. 

Zyýan ýetirmekden saklanyň!

Diş eliksirleriniň köpüsiniň düzümine dürli antiseptikler goşulýar. Olara triklozan we hlorogeksidin dagy degişlidir. Bu antiseptikler sowuklamanyň döremegine sebäp bolýan mikroblary ýok edýärler. Ýöne düzüminde hlorgeksidin bolan serişdelerden örän seresaply peýdalanmalydyr, sebäbi olar dişleri garaldyp bilýärler. Mundan başga-da hlorgeksidin diňe zyýanly mikroblary däl, eýsem örän peýdaly mikroblary hem öldürýändir. Mikroblary saýgarmazdan, hemmesini uçdantutma "gyrmaklyk" wagtyň geçmegi bilen agyz boşlugynyň disbakteriozyna uçradyp bilýär. Hlorgeksidiniň şeýle häsiýetlerini göz öňüne tutup, hünärmenler onuň goşulan serişdelerinden diňe gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda diňe iki hepdeden köp bolmadyk wagtyň dowamynda peýdalanmaklygy maslahat berýärler. (Iki hepdeden soň başga bir serişdeden peýdalanaýmaly.)

Ýokarda agzalan talaplar triklozana degişli däldir. Bu serişde disbakterioza uçratmaýar, şonuň üçin-de ony arkaýyn ulanybermeli. Ýöne alymlaryň arasynda şol bir serişdäni dyngysyz ulanmak onuň edýän täsirini gowşadýar diýen pikir-de bar. Şonuň üçin-de, diş lukmanlary agyz boşlugyny çaýkamaga niýetlenen serişdeleri wagtal-watgal çalşyp durmagy maslahat berýärler. Mysal üçin, sowuklama garşy niýetlenen balzamlary diş çüýremesinden goraýan balzamlar bilen gezekleşdirip ulanmaly. Şeýle edilende, dişler hemmetaraplaýyn goralýandyr. Hünärmenler bu balzamlary we eliksirleri her iki aýdan çalşyp durmagy maslahat berýärler.   

Tekjelerde rejeläp goýalyň

• Diş eliksirleri

Dişleri çaýkamaklygyň dürli görnüşleri bardyr. Bu esasan-da çaýkalýan serişdeleriň düzüm konsentrasiýasyna (goýulygyna) baglydyr. Görnüşleriň biri — diş eliksirleri. Bu eliksirler ösümlik ekstraktlarynyň doýgun erginlerinden we spirtden ybaratdyr. Etanol taýýar önümde mikroblaryň köpelmeginiň öňüni alyp, konserwirleýji wezipäni ýerine ýetirýär. Mundan başga-da ol agyz boşlugynyň nemli gatlagyndaky ýaralary ýakýar, aşgarlaýjy täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, «gury agyz» ýagdaýyndan (bu esasan-da gartaşan adamlarda duş gelýär) ejir çekýänlere düzüminde spirt bolan serişdelerden peýdalanmak maslahat berilmeýär. Diş eliksirlerini hökman suw bilen garmalydyr. Diş lukmanlary olary şeýle usulda ulanmagy maslahat berýärýärler: agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak üçin bir bulgur suwa 20-25 damja damdyryp çaýkamaly; agyz boşlugynda sowuklama ýagdaýlary dörände bir bulgur suwa 30-50 damja damdyryp çaýkamaly.

• Diş çaýkalýan suwuklyklar

Diş çaýkalýan suwuklyklary suw bilen garmak gerek däl. Olaryň düzüminde-de spirt bar, ýöne onuň mukdary örän ujypsyzdyr (adatça 2-3% bolýar). Soňky döwürde bu diş suwuklyklaryň spirtsiz görnüşleri hem öndürilip başlandy. Olar esasan-da alkogola allergiki duýgurlygy ýokary bolan ýa-da 6 ýaşdan uly çagalar üçin niýetlenendir.

• Gurak serişdeler

Soňky döwürde satuwda diş çaýkalýan serişdeleriň gurak görnüşleri hem peýda boldy. Olar jebis gaplanan polietilen paketlerde satylýar. «Şypa beriji suwuklygy» taýýarlamak üçin, paketdäki tozy gaýnag suw bilen belli bir mukdar gatnaşygynda garmaly. Bu serişdäni agyz çaýkamagyň öňüsyrasynda taýýarlamaly. Taýýarlanylan ergin "sorujy" häsiýete eýe bolup, agyz boşlugynyň ýaralaryndaky, çişlerindäki iriňi sorup alýar. Şonuň üçin-de gurak serişdelerden iriňiň dörän ýagdaýlarynda ulanmak maslahat berilýär. Olar gündeki çaýkamalar üçin amatsyzdyr.

• Düzüminde ýod bolan suwuklyklar

Düzüminde ýod bolan suwuklyklaryň antibakterial we kömeleklere garşy bolan täsiri bardyr. Olar diş etiniň hem-de köküniň sowuklamasy we agyz boşlugynyň beýleki sowuklamalary bilen oňat "göreşýärler". Ýöne düzüminde ýod bolan suwuklyklary galkan şekilli mäzi kadalaýyk işlemeýan adamlara ulanmak gadagandyr.

Lukmanyň bellän serişdesi

Diş lukmanlary diş balzamlaryny günde azyndan iki gezek – irden we agşam ulanmaklygy maslahat berýärler. Biz uklanymyzda agyz boşlugynda tüýkülik azalýar (tüýkülik zyýanly mikroblary öldürýndir!). Şonuň üçin-de, agyz boşlugyndaky dürli zyýanly bakteriýalar köpelýärler. Agyz boşlygy irden çaýkalanda, gijäniň dowamynda köpelen mikroorganizmleri ýuwup aýyrýar. Agşam çaýkalanda bolsa günüň dowamynda emele gelen zyýanly örtügi ýuwup aýyrýar. Ýöne iki gezek çaýkamak maslahat berildi diýip, diňe şoňa eýermeli däl. Nahardan soň çaýkamak hem zyýanly däldir. Balzam iýmitiň galyndylaryny ýuwup aýyrýar, dişde zyýanly örtügiň emele gelmegine päsgel berýär. Şonuň üçin-de, dişlerini sagdyn saklamak isleýän adam şeýle serişdeler bilen günde "duşuşmaga" taýýar bolmalydyr.







https://www.saglyk.org/makalalar/sagdyn-durmus/agyz-boslugynyn-saglygy/112-agyz-boslugyny-caykamaga-niyetlenen-serisdeler.html

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, JackSparro tarapyndan 25-02-2024, 11:21

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler