Taryh boýunça Allahyň pygamberleri, her zamanda (wagtda) onuň ýer ýüzündäki eminleri bolandyrlar. Ýaradyjymyz bolan Alla, ymtyhan (synag) gerek bolan gullary bilen göni gürleşmegi islän däldir, bu gürleşme we buýruk bermek işini, gullarynyň içinden saýlan pygamberleriň howandarlygy bilen edendir. Pygamberlikleriniň bir yşaraty hökmünde, bu saýlananlary iň agyr ýagdaýlarda, mugjyzalar bilen we dogalaryna jogap bilen goldaw berendir. Allanyň hökümlerine boýun bolan bu pygamberler, ynsanlaryň iň haýyrlylary we iň akyllylarydyr.Belli bolşy ýaly, ýaşadygymyz dünýäde emin, patyşa (höküm goýujy) ýalydyr. Muny bir mysal bilen düşündireýin:
“Üstüňe bir dawwa açyldy. Göni wekiliň (eminiň) hökmünde bir adwokat tutarsyň. Seniň ýeriňe gürleşer, seniň ýeriňe seni gorar. Kazyýete gitmeseňem, adwokatyň agzyndan çykan her söz, seniň agzyňdan çykan ýalydyr. Bir pygamber hem Allanyň ýer ýüzündäki wekilidir. Diýmek, bu wezipeli ynsan bize näme höküm berse hem, asyl Allanyň hökmi manysyna geler. Jenabymyz (aleýhyssalaty wessalam) hakynda sözlenen, “Ol (hiç zady) öz islegi (ygtyýary) bilen aýtmaz. Ol (aýdýan sözleri) meger özüne aýdylan wahydyr. (Nejm/3,4) aýatlary, bu hakykatyň delillerindendir. Nähili düşünişmezlik, günümizde ynsanlaryň bir topary, Kuran aýatlarynyň bir bölegini kabul edip, bir bölegini inkär edip, Allanyň ýer ýüzündäki soňky wekili bolan Muhammet aleýhyssalamy iş başarmaýan bir adwokat edip hasaplamakda we gymmatly sözleri we hadys ylmyny inkär etmekdedirler. Düşünmezlik bilen Kurana sereden bu azaşanlar, “Eger saňa Allanyň pazly-keremi we rahmeti bolmasady, olardan bir topar (hatda) seni hem (kararlaryňda) azdyrjak (ýalňyşdyrjak) boldular. Emma olar özlerinden başga hiç kimi azaşdyryp bilmezler, saňa hem hiç hili zyýan berip bilmezler.
Alla saňa kitap we hikmet inderip, saňa bilmeýän zatlaryňy öwredendir. Allanyň saňa (beren) pazly keremi örän uludyr.(Nisä/113) Indi Kuran-da bolmadygy üçin, çaltlyk bilen inkär edendikleri, pygamberimiziň käbir hökümlerine seredeliň: Yslamyýet-de, käbir geýim we zynat esbaplary bardyr, käbir hikmet we ýagdaýlardan sebäpli ulanylmalary we geýilmeleri erkekler üçin haram edilendir. Ýöne şol esbaplar, ýaradylyşlary taýdan zynaty söýen zenanlar üçin halaldyr. Bulardan biri, ýüpekden edilen geýim eginbaşlary, beýlekisi bolsa altyndyr. Bu hususa delil bolan hadysy-şerif örän açykdyr:
Hezreti Alynyň (Alla ondan razy bolsun) rowaýat etmegine görä, bir gezeginde pygamberimiz alaýhyssalam, ýüpekden bir matany çep eline, bir gysym altyny bolsa sag eline aldy. Soňra bulary elleri bilen ýokaryk galdyrdy, şol ýerdäkilere görkezdi we şeýle diýdi:
“Şu iki zat ummatymyň erkeklerine haram, aýallaryna bolsa halaldyr.” (Ibni Mäje, Lybas:19) Ýogsa bu azaşanlar, ýüpek we altyny ulanýandyklary üçinmi hadyslary inkär edýärler? Ýagdaýy başga bir mysal bilen düşündireýin: Kitabymyz Kuran:”Süýthorlar (guburlaryndan) şeýtan (jyn) uran (adam) ýaly bolup turarlar. Bu (ýagdaýa düşmekleriniň sebäbi) olaryň:”Söwda - satyk göýä göterim (süýthorlyk) ýalydyr” diýendikleri (zerarlydyr). Alla söwda – satygy halal edip, göterimi (süýthorlugy) haram edendir. Kim Perwerdigärinden öwüt – nesihat gelenden soň süýthorlugy taşlasa, öňki (alan göterimi) özüniňkidir (oňa sogap berer). (Emma) kim ýene – de (süýthorlyga) dolansa (ony halal hasaplasa), olar dowzahydyrlar. Olar ol ýerde ebedi galarlar. (Bakara/275) buýurýar. Bu aýaty – kerimä görä her zadyň alyş – berişi halaldyr. Emma biziň pygamberimiz, bu umumy hökme bir araçäk getirip, doňuzyň we şerabyň alyş berişini gadagan edendir. Ýogsa, “Diňe Kuran!” diýen azaşanlar, doňuz we alkogol içki söwdasyny edýändikleri üçinmi Allanyň pygamberini inkär edýärler? Unutmaly däldirler, gürrüňini eden bu iki mysalymdaky hökümlerden birini hem inkär etmek, kişiniň topragyň aşagyna kapyr bolup gitmegi üçin ýeterlikdir. Indi sünneti we pygamberimiz alaýhyssalamyň höküm goýujylygyny ret eden bu topara Kurandan has açyk bir delil getireýin:
“Ýok! Seniň Perwerdigäriňe kasam bolsun! Olar öz aralarynda dörän düşünişmezliklerinde höküm etmegiň üçin seni (emin) edip, seniň çykarjak hökümiňi göwünlerine hiç zat getirmezden (kabul edip, saňa) doly boýun bolmasalar iman getirdikleri bolmaz. (Nisä/65)
Aýatyň düşündirişi (tefsiri):
1. Kuranyň köp aýatynda güne, ýyldyzlara, zamana (wagta) we ýaratdyklaryna kasam içýärkän, bu aýatda,”We Rabbike – seniň Perwerdigäriňe kasam bolsun” diýip, hut özine kasam edýär we soňra gelýän sözlerine üns çekýär.
2. “Lä ýu’minune hattä ýuhakkimuke – seniň çykarjak hökümiňi göwünlerine hiç zat getirmezden (kabul edip, saňa) doly boýun bolmasalar iman getirdikleri bolmaz” buýurup, soňky pygamberiniň din hakda höküm beriji bir bir kazy bolandygyny we kazylygyny kabul edmeýänleriň iman etmeýän boljaklaryny we ebedi (hemişe) bolup jähenneme gitjekdikleri bildirilýär. Bul ýerde üns berilse, Allahymyz, “Kuranyň kazylygyna” diýmeýär, “Seniň höküm berijiligiňe tabyn bolsunlar” buýrulýar.
3. “Fi mä şejera beýnehum - Olar öz aralarynda dörän
düşünişmezliklerinde höküm etmegiň üçin seni (emin) edip” buýurup, kyýamata çenli orta çykjak her meselede, Kurandan soňky ilki boýun boljak salgymyzyň, Rasulallanyň sünneti bolýanlygyny beýan edýär.
4. Aýatyň soňky kysmynda, “seniň çykarjak hökümiňi göwünlerine hiç zat getirmezden (kabul edip, saňa) doly boýun bolmasalar iman getirdikleri bolmaz.” buýuran, Muhammet alaýhyssalama dil bilen beýle-de dursyn, kalbymyzda zerre ýaly garşylyk we ytagat etmezden hiçhili boýun bolmadykça, iman etmeýänligimizi ap – açyk beýan edýär. Görnüşi ýaly, Alla aýdýar “Höküm goýar”; inkärçilerem “goýmaz” diýýärler. Indi biz musulmanlar kime ynanmaly? Ýerleriň we gökleriň eýesi bolan Allamy, ýogsa şol inkärçileremi? Soňky sözimde meselä degişli bir höküm beren bir aýaty aýdaýyn: “Alla we Onuň pygamberi bir zat hakda höküm çykaranyndan soň, hiç bir mü’min erkegiň we zenanyň ony öz isleglerine görä saýlamak haklary ýokdur. Kim Alla we Onuň ilçisine garşy gelse, ol dogry ýoldan çykmakdyr.” (Ahzap/36) Üns berilse, aýatda aýdylan, “Alla we Onuň pygamberi bir zat hakda höküm çykaranyndan soň” sözleri, Allanyň pygamberiniň hem din adyna höküm
goýmak ygtyýarynyň bardygynyň hakykadydyr, “Pygamber höküm goýmaz” diýenlere ap – açyk bir delil bolsa gerek we pygamber bir hadysynda, bul inkärçi yslam duşmanlaryna şu dersi berýär: “Kürsülerine oturyp,”Alla, Kurandakylardan başga hiç bir zady gadagan etmedi!” diýen bilsin, Allatagala kasam edip aýdýan, menem käbir zatlary emretdim, käbir zatlary gadagan etdim. Bularyň mukdary, Kuran ýaly ýada san taýdan has köpdir.” (Ebu Dawud, Tirmizi) Her hadys inkärçisi, bir ýalan pygamberdir! Hadys inkärçileri, pygamberimize “Muhammet” diýip ýüzlenýär, wezipeli adamlara bolsa “Gadyrly” diýip ýüzlenýä. Bu içgin gatnaşyk, içlerindäki pygamber duşmanlygynyň bir alamatydyr.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Hemedany tarapyndan 25-02-2024, 16:26

  • JackSparro JackSparro off № 1 25 февраля 2024 22:57

    Gowy düşündirýäň @Hemedan, dowam et, Allaýalkasyn...

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler