ÄRSAKLYLAR


PARTLAR* BARADA


Hudaýnamadan1 başlap Firdöwsiniň «Şanamasyna» çenli Eýranyň milli taryhynda ärsaklylaryň uzak, belent we lowurdaýan taryhy unudylyş goluna tabşyrylyp, olardan üns bereniňe degýän dogry maglumat alyp bolmaýar. Olar barada yslam taryhçylarynyň kitaplarynda ýatlanylýan zatlar hem hekaýatyň we rowaýatyň çäginden çykyp bilenok. Hatda öňki geçenleriň hekaýatlarynyň genji-hazynasy
bolan Firdöwsiniň«Şanamasynda» hem ärsaklylar barada getirilen beýan ýigrimi üç beýtdengeçenok.
Çünki ol nesilşalygyň taryhy baradaky Firdöwsiniň[peýdalanan] resminamasy «Hudaýnama» kitaby ýa-da ol kitabyň arapça we parsça terjimeleri bolup, özüniň ol [nesilşalyk]babatdahabarsyzdygyny,maglumatsyzdygyny boýun alyp, şeýle diýýär:
Äz işan bejüzi nam neşenideäm
Ne der nameýi Hysrowan dideäm:

(Olaryň adyndan başga zat eşitmedim:
Ne-de Hysrowlar kitabynda2
gördüm).

Ärsaklylaryň dört ýüz segsen ýyllyk hökümet eden döwri pählewi we yslam çeşmelerinde iki ýüz ýyla ýetirilendir. Olaryň gysgaça taryhy Eýranyň milli
taryhynda şeýle getirilendir:
«Isgenderiň döwründen soň Eýranyň syýasy ýagdaýy bulaşdy. Her ýerde bir kişi gozgalaňa baş
göterip, bir hökümet gurupdy. Bu pytraňňy patyşalary taýpalar paty-şalary (muluk et-towaýyf)
atlandyrýardylar.
Bu gozgalaňçylaryň arasyndan Araş (Areş) Kemangiriň neslinden ärsaklylar ady bilen pes gatlak nesilşalygy dolandyryş başyna geçdiler we Eýranda iki ýüz ýyl hökümdar-lyk etdiler. Bu ähli
bulam-bujarlyklar Isgender rumlynyň Eýran babatdaky
syýa-saty sebäplidi. Çünki ol eýranlylaryň hereketlerinden gorkýanlygy sebäpli, Rumy Eýran
howpundan goramak üçin, eýranlylaryň we Rumuň olaryň zyýanyndan howpsuz galary ýaly ol ýurtda taýpalar hökümdarlary hökümetligini berkarar etmek
pikirine düşdi. Ahyry Erdeşir Babakan peýda boldy we bu pytraňňy patyşalagyň soňuna çykdy. Ärsakly döwletiniň hakyky müddeti b.e.öňki 256-njy, ýagny onuň Eşkan 1 tarapyndan esaslandyrylan ýylyndan tä Orduwan 5-njiniň ölen we hökümetiň olardan Erdeşir Sasanla geçen 224-nji ýylyna çenli, takmynan 480 ýyldyr. Eger şol sanda Eşkden öň Isgendere we Selewklilere garaşsyz Eýranda höküm süren Isgenderiň ornuna geçenleri hem bu sana goşsak,
onda olaryň hökümdarlyk wagtynyň jemi 554 ýyl bolýar. Gynansakda, bu döwrüň dowamlylygy Zer-duşty (otparaz) dininiň rowaýatyna görä iki ýüz ýyla çenli gysgalypdyr. Pehlewi diliniň dini kitaplaryndan bolan «Bünde-hiş»3 kitabynyň rowaýatyna görä, Zerduştyň ýüze çykan wagty Guştaspyň soltanlygynyň 30-njy ýylynda bolup, Isgenderiň Eýrana eden hüjüminden 257 ýyl töweregi öňdür. Isgenderiň Eýrana eden ýörişi b.e.ö. 330-njy ýyl. Şoňa görä, Eýranyň dini taryhynda
Zerduştyň ýüze çykan wagty b.e.ö. 558-nji ýyl bilen gabat gelýär. Şeýle-de şu taryha laýyklykda Isgender bilen Erdeşir Babakanyň arasy 260 ýyl bolupdyr. Eger Zerduşt bilen Isgenderiň arasyndaky 258 ýyly oňa goşsak, 518 ýyl bolýar, ýagny dini taryha görä, Erdeşiriň tagta çykan wagty Zerduştyň ýüze çykan wagtyndan 518 ýyl [aňry] geçýär. Milli taryhlarda ärsaklylar döwrünigysgaldyp
hasaplamaklarynyň sebäbini Abylhasan Aly bin Hüseýin Mesgudy (345-nji hijri ýylynda ölen) özüniň «Et-tenbih wel eşraf» atly kitabynda şeýle ýazýar:
«Parsylaryň webeýlekiymmatlaryň arasynda Isgenderiň taryhy barasynda çap-razlyk bar. Ol bolsa dini we şalyk syryndan hem-de parsylaryň syrlaryndan bolup, otparaz dini alymlaryndan we ruhanylaryndan başga hiç kim habarly däldir. Men Parsda, Kermanda we Eýranyň beýleki şäherlerinde parsylaryň
kitaplarynyň, eýranlylaryň taryhy ýazgylarynyň we jeňnamalaryň4
hiç birinde ýok bolan matlaba sataşdym: Ol inçe matlap şudur: Zerduşt Awestada:
«Parsylaryň döwletiniň ahwaly özünden üç ýüz ýyl soň bulaşyk bolar. Özüniň döwründen müň ýyl geçeninden soň Eýranlylaryň din we döwleti ýykylar» diýipgetiripdir. Zerduştlylaryň aýdyşlaryna görä, Zerduşt bilen Isgenderiň arasy takmynan üç ýüz ýyldyr. Erdeşir Babakan Isgenderden bäş ýüz ýyldan gowrak soň şalyga geçýär. Erdeşir patyşa bolanda Zerduştyň Eýran döwletiniň ömri baradaky öňdengörüjilik eden müň ýyl müddetinden iki ýüz ýyldan köp galmandygyny aňdy. Onsoň ol Eýran döwletiniň ýok bolşy baradaky onuň aýdan öňden görüjiligi parsylary näumyt eder we öz soltanlygyna ýardam bermekden saklar diýen gorkudan
özi bilen Isgenderiň arasyndaky bäş ýüzden gowrak ýyly ýarym azaltmagy [we Sasanly döwletine iki ýüz ýyly artdyrmagy]5
ýüregine düwüpdir. Onsoň taryh
düzetmeklige başlap, halkyň arasynda «Özüniň dörän we Orduwan ärsaklynyň öldürilen wagty Isgenderden iki ýüz altmyş ýyl soň ýüze çykdy we taýpalar
hökümdarlygynyň soltanlygy bu mukdardan köp bolmady» diýip ýaýratdy. Eýranlylaryň we beýleki
milletleriň (rumlylar) taýpalar hökümdarlygynyň ýyllarynyň taryhy baradaky çaprazlygy şu sebäplidir».6
Görşümiz ýaly Mesgudynyň rowaýatyna görä, ärsakly döwrüni gysga sanamaklaryna Erdeşir
Babakanyň taryh düzmegi (ýasamagy) sebäp bolupdyr.
Şeýlelikde, dört ýüz segsen ýyllyk ärsakly hökümetiniň döwri Eýranyň adaty taryhlarynda Erdeşir Babakanyň eli bilen iki ýüz ýyl gysgaldy. Sasanly döwrüniň ahyrlaryndaky Eýranyň ýeke-täk resmi we döwlet taryhy bolan «Hudaýnamada» partlar barada üns berere laýyk beýan bilgeşleýin edilmändir we olaryň lowurdaýan beýanlary unudylmaga gönükdirilipdir. Öňki geçenleriň ärsaklylar baradaky kitaplaryndan
bar bolan ýeke-täk ýazgyly dokumentlerimiz ýunanly we rumly taryhçylarynyň we ýyl ýazgylary düzüjileriniň Rum taryhy barada ýazan taryhlarydyr.
Çünki gadymky rumlylar ärsaklylar bilen döwürdeş bolupdyrlar we üç ýüz ýyldan-da gowrak olar bilen
söweş we jeň edipdir. Şol sebäpli taryhçylar gadymy Rumuň taryhy hadysalarynyň beýanynyň içinde ärsakly taryhyna we ol nesilşalygyň patyşalarynyň döwründäki wakalara yşaratlar edipdirler. Onsoň günbatar ýurtlaryň täze taryhçylary bialaç ärsaklylaryň buýsançdan doly taryhyny olaryň rumly we ýunanly duşmanlarynyň dilinden beýan edýärler we partlaryň we ärsaklylaryň taryhy ady bilen köp kitaplary ýazyş sapagyna
düzýärler. Eger ärsaklylaryň bu rumly we ýunanly duşmanlary bolmadyk bolsady, hökman ärsaklylar taryhy unudylardy. Şeýle-de Eýranyň milli dessanlaryndan(hekaýatlaryndan) hem biziň elimize Firdöwsiniň «Şanamasynda» beýan edilenden artyk zat gelip ýetmezdi.
Ärsaklylar barada täze röwüş (ýörelge) bilen giňişleýin kitap ýazan daşary ýurt ýazyjylaryndan ilki bilen fransuz ruhanysy Sen Martiniň (Saint Martin) adyny agzamalydyr. Ol ermeni taryhçylarynyň rowaýatlarynyň esasynda bu nesilşalygyň taryhyny 1816-njy ýyldan 1820-nji ýyla çenli iki jiltde neşir etdirdi.
Beýlekisi türk taryhçysy we ýazyjysy Abdyllatyf Subhy paşadyr (1242-1303 hijri). Ol «Tekmiletil ybar» atly iki jiltlik kitaby türki-osmanly dilinde ýazdy. Bu kitaby Halyl Ependi el-Hury arapça ter-jime edip, 1870-
nji ýyllar içinde surat-lar bilen neşir etdirdi.
Beýlekisi iňlis gündogar öwrenijisi Jorj Rawlinsondyr (G.Rawlinson). Ol ärsak-ly taryhy barada iki kitap ýazyp, onuň biri «Gündogaryň altynjy uly patyşalygy ýa-da Part geografiýasy, taryhy we arheologiýasy» ady bilen 1873-nji ýylda, beýlekisi bolsa «Part» ady bilen 1893-nji ýylda Londonda neşir edildi.
Ýene-de biri Guteşmidiň (Gutshmid) kitabydyr. Onuň
Eýran taryhy baradaky ýaz-gylary «Isgenderiň zamanyndan tä ärsakly-laryň ýok bolan döwrüne çenli Eýran taryhy we onuň goňşy ýurtlary» ady bilen onuň ölüminden soň Tiudor Nöldekäniň (Noldeke) tagallasy bilen 1888-nji ýylda Germaniýanyň Tubingen
(Tubingen) şäherinde neşir edilýär. Bu kitap jenap Keýkowus Jahan-darynyň galamy astynda terjime edilip, Tähranda ylmy çaphana tarapyndan neşir edilýär.
Gös-göni ärsakly döwletiniň we part ilatynyň taryhy barada ýazylan ýene bir kitap Nilson Dubuwanyň (N.Debevoise) awtor-lygynda 1939-njy ýylda Amerikanň Birle-şen Ştatlarynda Çikagoda neşir edilen «Part syýasy taryhy» atly kitapdyr. Bu kitaby Jenap Aly
Asgar Hikmet parsça terjime edip, Tähranda neşir etdi. Partlar barada ýazylan iň täze kitap öňüňizdäki, ýagny London uniwersitetiniň Westenfeld institutynyň (fakultetiniň) professory Malkum Kallejiň (Malcolm A.R. Colledge) ýazan «Partlar» kitabydyr. Ol ony öz
şägirtleri (okuwçylary) üçin on bölümden we 243 sahypadan ybarat edip, 1964-nji ýylda şol şäherde çap etdirýär. Bu kitap gös-göni ärsaklylaryň taryhy barada çap boluş sapagyna düzülen iň täze daşary ýurt eseridir. Bu ýatlanylýan kitaby işeňňir alym we başarjaň terjimeçi jenap Mesgut Rejep Niýa iňlis dilinden pars diline akgynly terjime etdi. Ol dolulygyna asyl nusgasy bilen laýyk gelýär we her bir nukdaýnazardan ynama
esaslydyr we ýüzlenilmäge laýykdyr. Bu kitabyň bölümleriniň tertibi: geografiýa, part taýpalarynyň Eýrana gelmegi, part we Rum gatnaşygy, patyşalyk
ýörelgesi we ola-ryň hökümeti, olaryň ykdysadyýeti we jemgyýeti, din we ölenleri jaýlaýyş usullary, ymaratçylyk, sungat, olaryň ýykylmagy we ýok bolmagy hem-de olardan galan ýadygärlikler
baradadyr.
Awtor bu gysgaça we gymmatbahaly kitabynda partlara degişli ähli çeşmelerden peýdalanmaga, öz kitabynyň bölümlerini redaktirlemekde dykgat bilen nazar salmaga we uly çydamlylyk görkezmäge tagalla edipdir. Awtor mümkin boldugyndan ýyl ýazgylaryndan, ganly hadysalaryň beýanyndan we
söweşleriň düşündirişinden gysgaldyp, ol döwrüň ilat,
jymgyýet, medeniýet we sungat taryhyny artdyrmaga doly görnüşinde jan edipdir. Şol sebäpli partlar barada ýazylan bu taryh ol kowumyň durmuşynyň aýnasydyr
hem-de okanyňa degýän peýdaly kitapdyr. Şu setirleriň7 awtory Eýranyň şahyn-şalarynyň iki müň bäş ýüz ýyllyk baýramçylyklarynyň geçirilmegi mynasybetli «Partlar ýa-da gadymy pehlewiler» atly bir
kitap ýazdy we onuň şol nesilşalygyň syýasy taryhy
barada bolan birinji jildini ýokary okuw mekdebiniň neşirler ulgamynda 1350-nji şemsiýylynda neşir etdi.
Şeýle-de şol döwrüň medeniýetine, sungatyna we ösüşine degişli bolan ol kitabyň ikinji jildini hem jemlän bellikleri (düşündi-rişleri) bilen birlikde neşir etmek niýeti bardy. Malkum Kallejiň kitabynyň terji-mesiniň
golýazmasyny okanyňdan soň, ony giňişleýin berlen we
peýdaly bir kitap hasaplap, öz kararyndan boýun gaçyrdy we alym terjimeçini gyssanmaçlyk bilen ol kitaby neşir etmäge ruhlandyrdy. Indi jenap Mesgut
Rejep Niýanyň terjime eden Malkum Kallejiň partlaryň
taryhy bara-daky kitaby özbaşdak we peýdaly bir kitap bolmagyndan daşgary ol döwrüň ösüş, medeniýet we sungat baradaky çekişmeleri öz içine alýanlygy
nukdaýnazaryndan men ben-däniň «Partlar ýa-da gadymy pehlewiler» atly kitabynyň ikinji jildi hem
hasaplanýar. Men bu üstünlik bilen eziz dostum jenap Rejep Niýany gutlap, «Partlar ýa-da gadymy pehlewiler» atly kitabyň ikinji jildini neşir etmek
zähmetinden azat edenligi üçin minnetdarlyk bildirýärin.


Düşündirişler:
*Part: bu ýerde - Parfiýalylar diýmekligi aňladýan atlandyrma. Pars däldir.
1. Hudaýnama (pählewiçe Hwatam name – patyşa kitaby) - Sasanlylar
döwrüniň ahyrlarynda Eýran şalarynyň ykballary barada ýazylan bir kitapdyr. Yslam ýüze çykandan soň bir topary «Siýer el-muluk» ady bilen arapça
terjime edýärler. «Şanamanyň» esasy bolan hem hut şolardyr.
2. Bu ýerde «Hudaýnama» kitaby göz öňünde tutulýar.
3. Bündehiş (Bundahyş) – Pehlewi dilinde ýazylan bir kitap bolup, Sasanly
Awestasynyň we Zendiň gysgaça berlen görnüşidir. Mowzugy jahanyň
ýaradylyşy, kyssalar, ertekiler,tebigatlar we beýleki zatlar baradadyr.
4. Bu ýerde belli bir uly şahsyň alyp baran işlerine we başdan geçirmelerine
degişli ýazylýan kitaplar hem göz öňünde tutulýar. (Parsça Kärnama).
5. Bu ýaýyň içindäki söz şu girişi ýazan awtoryňky.
6 Et-tenbih wel Eşraf. Mesgudy. Bagdat neşiri. Sah. 85-86
7. Bu ýerde, şu makala göz öňünde tutulýar.




Muhammet JAWAT Meşkur

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Serdar3030 tarapyndan 20-03-2024, 01:16

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler