2027-nji ýyldan gelen...
Geljekden gelen adamlar hakynda iki ýeke maglumatlary eşidensiňiz. Ol adamlar göýä geljekdäki uruşlardan-salgymlardan adamzady hüşgär etmäge gelendirin diýip hasaplaýarlar.
Olar geljegi gözleri bilen görüp, wagt maşynynda häzirki döwre gelýärler. Şolaryň biri hem tik-tokda meşhur wideoroliklary bilen adygan niki Hawýer atly ispandyr.
Çynmy-ýalanmy bu hakda intek doly maglumatlar ýok. Ýöne onuň 2027-nji ýyla düşüp ýeke öziniň düşüren wideoroligi hakykatdanam geň!
Onuň aýlanýan we gezýän ýerlerinde özünden başga hiç kim şäherde ýok we käbir ýurtlaryň paýtagtlarynda gezim edýär. Gezýärkä görenlerini kamera alýar.
Tik-tok hasapdaky ady @unicosobreviviente bolan ulanyjy gezim edip Watikan kitaphanasyna, Fransiýanyň Pariž şäherine we Moskwa barýar.
Wideoda hasam geň galdyrýan zat hem göýä adamlar şäheri taşlap giden ýalydy. Göýä wagt boşlugynda duran ýaly...
Swetaforlar işleýär, maşynlar parklarda dur, köçe-de adam gara ýok, hiç kim ýok.
Käbir adamlaryň aýtmaklaryna görä 2019-20-nji ýyllardaky Koronowirus karantin wagtynda adamlaryň öýlerinden daşyna çykyp bilmeýän wagtynda düşürilen wideokamera diýip hasap edýärler. Bu hakda siz näme pikir edýärsiňiz?
2027-nji ýyldan gelden
Sorag-jogap,
Serdar3030
tarapyndan
28-03-2024, 23:57