Bir gezek şeýle hadysa boldy,
Internetde biri maňa topuldy.
Men barada ýaman sözi ýazypdyr,
Ýaman sözün bir küdeýe öwrüpdir

Bu diýenini okap gaharym geldi
Depe saçym üýşüp bir ýere geldi,
Gazap atyn münüp ýola atlandym,
Şol ýazany ýere sokmakçy boldum.

Ol barada maglumaty topladym
Özüniň aýbyny ýekän-ýekän sapledim
Men mal bolsam sen sygyr diýdim
Men tentek bolsam sen akmak diýidim

Bu sözlerim size hörek bolandyr,
Öz edniňiz ýadyňyza düşendir
Ýene kimler biri şu ýagdaýa düşendir.
Internetde sögüşenler bolandyr

Edil şu wagt bu adamy iýesim geldi
Etini dograp köçä zyňasym geldi
Bir özüme diýen bolsa kanagatjak etjek
Milletime degen bolsa näme etjek?

Internetde gopgun baryn turuzdym
Özümiň boluşymy dogrydyr öýütdim
Bu wagt gaharym kelläme urdy
Gahar agy-garany çala saýgardy

Bir çene çenli hemmä topuldym
Wagt geçip biraz gazabymdan peseldim
Gün çykyp gara bulut sowuldy
Kelläm birazajyk hyýalymdan durlandy

Indi öz boluşyma gaharym geldi
Wagtymyň boş gidenine gynandym
Nämä gerekdi maňa sögüşmek
Her ýetene gymmat sözüm ýitirmek

Näme üçin bu adam ýolumy kesdi
Özüme däl milletime degsindi
Yza galak diýip agzyny burdy
Öz milletin sizden artyk diýip eseldi

Hamala olar bizi basyp alanmyş
Milletimize hökmürowan bolanmyş
Taryhy agdaryp üstüme çozdy
Bir gulaç agzy köwek kimin öweldi

Ýene diýdi sizde minnetdarlyk ýok
Bergni yzyna gaýtarmaklyk ýok
Biz sizi basyp alyp sowatly etdik
Bir ýurt edip baryňyzy jem etdik

Ýogsa it-pişikden parhyňyz ýokdy
Günüňiz bir bolsa urşyň ikidi
Başga ýene nämeleri diýmedi.
Başlan sözün goýar ýerde goýmady

Men diýdim, oňa ertekini dokama!
Özüňi artykmaz saýyp boşy sözleme
Türkmen halky bir Hudaýy bilýändir
Ýerden gyrbyldaýan zat oňa boýundyr

Göwnüňedir hökmürowanlygyň
Aragyň güýjine sammyldaýanlygyň
Türkmene erjesseň darganyň bolar.
Bu taryhdan adyň öçdügi bolar.

Yzy bar emma dowam etmeýän
Bu namany şu tapgyrda gutarýan
Ýene bir gün gowulykda duşarys
Köşkler içre salam-helik ederis

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 5-04-2024, 12:03

  • Hemedany Hemedany off № 1 5 апреля 2024 15:27
    Selämä, selämu aleýkum diýip geçibermelidir iň garyp (jahyl) adamlar bilen jedelleşmän. Ynsan iň uly ýaragy, baýlygy, ýagny akly, bilimini ulansa hemişe utjagyna gürrüň ýokdyr.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 2 5 апреля 2024 17:01
    Milletiň erbedi bolonok.Milletiň içiniň erbet adamlary bolýar.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler