Oguldürlime sonatlar çemeni

1.

Uzyn gara gijeleňde alaşdym,
Garaşdym, irkilen aýyň dogarna.
Gije uçup hol güneşe ýanaşdym,
Dagy nätjek , ylham joşup çoganda?

Ýanýaryn ýagmyryň ortarasynda,
Düşeginde irkilipdir sübüläm.
Täsin bir söz tapdym yşk babatynda,
Olaň bary akyp barýar seň bilen.

Gözlerimden yşkym okap bilýärmiň?
Seret oňa, gör nämeler aýdyp dur.
Çyragy sen dünýäniň däl, dünýämiň,
Diňe maňa ýalkym saçýan abajur.

Sen ömrümiň ýaşalmaly ýyllary,
Dideleriň demirgazyk Ýyldyzy.

2.

Dideleriň demirgazyk Ýyldyzy,
Gidip barýan indi şoňa seredip.
Täleý nirden tapyp berdi ol gyzy,
Ynsan içre seýrek duşýan melegim.

"Melek" diýsem geň görmegin perizat,
Melekdenem sensiň eziz görenim.
Päk adamzat, melekdenem eziz zat,
Diňe sensiň täk Taňrydan dilegim.

Hem eliňem süýji, diliňem süýji,
Belent waspyň nirelerde ýerleşýär?
Lalam gepledermiş söýgüniň güýji,
Mende yşk bar galamlary gürledýän.

(We ömrümiň şu ýerinde ýaý açdym)
Bu älemde üýtgeşik bir aý açdym.

3.

Bu älemde üýtgeşik bir aý açdym,
Ýöne ony gijelerden gözlemäň.
Şu gözele "bagtym" diýip garaşdym,
Indi bagty nirelerden gözleýän?

Her gülende güller açýan Gülkahkam,
Ruhumda, kalbymda, aňymda eken.
Uzaklardan gözleýärdim men arman,
Aslynda ol meniň ýanymda eken.

Gülsemde men , seniň bilen güleýin,
Ölsemde men, seň ýanyňda gömleýin,
Ömür baky seniň bilen bolaýyn,
Şu gyzgynjak gujagyňda galaýyn.

Ykbalyma düşdi birden ýyldyrym,
Ýazgydymy ýagtyldýar ol ýylgyryp.

4.

Ýazgydymy ýagtyldýar ol ýylgyryp,
Garaja gözleri ylham çeşmesi.
Indi meni garratmaýar ýyllaram,
Sen ömrüme Allaň beren peşgeşi.

Aglasaň ýagşyňa eziler kalbym,
Gamlansaň gar ýagyp doňar bu dünýäm.
Garaja gözlerňe baglanyp galdym,
Sen meni täzeden indirdiň dünýä.

Bu dünýäde öňküdenem bagtly men,
Aslynda durmuşam hezil eken-ä.
Neneň ýaşamajak şeýle bagt bilen?
Durmuş ýaryň bilen gözel eken-ä.

Okumyşlar okan däldir bu baby,
Durmuş romanymyň täze kitaby.

5.

Durmuş romanymyň täze kitaby,
Näçe ýazyp bilseň ýazybermeli.
Başga ýurt barmyka öz ýurdum ýaly?
Erkana, arkaýyn gezibermeli.

Şuwlaýar ýene-de gaharjaň şemal,
Bu daglar üstüme gaýdaýjak ýaly.
Diňşirýän şemalam pyşyrdap şu hal,
Aýdylmajak sözi aýdaýjak ýaly.

Wah nätjek isleseň islemeseň-de,
Her setirde kalbyň yzasy gelýär.
Kagyzlar garalmak islemese-de,
Galamam ýürege ýazasy gelýär.

Maňa gerekmikä başga baýlygam?!
Gözelleşýän poeziýa şalygym.

6.

Gözelleşýän poeziýa şalygym,
Dürleriň döküler dodakdan kalba.
Uçsa uçup geçsin gyzyl ýaglygyň,
Ömürlik söýgülim ýanymda bolsa.

Toý güni getirdiň şu uly bagty,
Ýylgyrdyň, dünýäme düşdi ýyldyrym.
Gap-garaňky dünýäm, boldy ýap-ýagty,
Bolduň baky demirgazyk Ýyldyzym.

Duýguly dünýämiň dumanly wagty,
Ýalňyzlykdan halas eden ýalňyzym.
Aýt nirden tapaýyn bu uly bagty?
Hatda bagtam hyrydary şol gyzyň.

Şükür Taňrym ýazdy şeýle permany,
Oguldürlim dertlerimiň dermany.

7.

Oguldürlim dertlerimiň dermany,
Ýazjak ssenarimde görnükli keşp sen.
Ýöne bize kino düşmek hökmanmy?
Allajan gorasyn ýasama yşkdan.

Bir çemçe sen, şol çeşmäňe teşne men,
Heý ynsan ýaşarmy söýgüsiz , suwsyz?!
Oguldürlim girdiň köňül köşge sen,
Kirlenen kalbymy ýylgyrşyň ýuwsun.

Indi mundan beter bagta gyzmaryn,
Şükür ýaşap ýörün aýlygym bilen.
"Garyp" diýip göwnemedik gyzlaryň,
Içlerin ýakýaryn baýlygym bilen.

Durmuşda gazanan uly baýlygym,
Çeňňegime ilen altyn balygym.

8.

Çeňňegime ilen altyn balygym,
Ähli arzuwlarňy bitirýär aýtsaň.
Bu balyklaň nirelerde barlygyn,
Özleri bilsinler , hiç kime aýtman .

Hiç ezýet bolmasa lezzet bolarmy?
Mugtyna ýazylýar gymmat goşgular.
Heý şahyra beýle minnet bolarmy ?
Bu dünýäniň derdi ýetik başgada.

Goý olar gezsinler ylham bagynda,
Hasratlarmy hol mazarda jaýla ýar.
Bilseňiz melekler säher çagynda,
Rysgal-döwlet bilen ylham paýlaýar.

Säherler aýlansam düýşüňe girip,
Saňa sonetleriň güllerin tirip.

9.

Saňa sonetleriň güllerin tirip,
Şanyňa iň gowy şygyrlar ýazsam.
Bolmasa sözleriň baryny syryp,
Hiç kimiň düzmedik goşgusyn düzsem.

Gyýylma göz ýaşlaň ömrümi gäder,
Muhapbet meýinden şaň bolaýynla.
Aýdylmadyk sözi aýdaýsam näder?
Heniz hiňlenmedik heň bolaýynla.

Gazal dilimde dur, galam elimde,
Bu goşgulam , boldumyka goş-golam.
Ýazylmadyk goşgy ýazjak bolamda,
Öýkeledi menden ýazan goşgulam.

Saňa sözlenmedik sözler sözlesem,
Otuz ýaş toýuňa sowgat eýlesem.

10.

Otuz ýaş toýuňa sowgat eýlesem,
Göwnümi, ömrümi, özümi saňa.
Barlygym, baýlygym seňki diýmeseň,
Ondan başga näme galdyka maňa.

Ylham perim hem ilkinji okyjym,
Ýazaýynla gulagyma pyşyrda.
Durmuşymdan ýokdyr asla ökünjim,
Hanha gije Güneş dogdy daşarda.

Ylgap çykdym, ylham çykdyň nireden?
Ger ganatyň , äkit meni uzaga.
Ýeriň ýüzi ýaýlyp ýatyr şireden,
Uç asmanda, düşäýmeris duzaga.

(Ähli hyýallary gutarar gyryp,
Osman çyksa birden gyljyny syryp)

11.

Osman çyksa birden gyljyny syryp,
Garşysyna çykyp biljekler hany?!
Sözler ýatar kalpda, gursagyň ýaryp,
Ýazylmaly wagty ýazmasaň göni.

Sözle galam zat galmasyn içiňde,
Göz ýaşlaryň dökülmesin düşnüksiz.
Gark boldukmy, galdyk umman içinde,
Sözlesene nirelere düşdik biz?!

Ýazyp dur-a ýürekdäki sözleriň,
Iňňe bilen guýy gazan barmaklaň.
Jadymydy, jadylady gözleriň?
Onki süňňüm sannyradýar bir baksaň.

Açyk aýan edip bilsem meýlimi,
Tukat ojagmyzyň artar meýlisi.

12.

Tukat ojagmyzyň artar meýlisi,
Çagajygmyň kikir-kikir gülşüne.
Munda köňül gam dagynda neýlesin?
Edil şu wagtky deý , balam gül diňe.

Gülşüňe güllerem aşyk bolarlar,
Alçak balam , aljak balam göwnümi.
Aşyk bolanlara magşuk bolarlar,
Siz üçin ýaşaýan galan ömrümi.

Melikesi bu düşnüksiz dünýämiň,
Ädimlerim saňa sary atygsar.
Seni niçik söýýänimi bilýärmiň?
Aýtjak sözlem damagyma dykylýar.

Gaýgy-gussalarym özünden ýiter,
Bagtyňa begensem özüňden beter.

13.

Bagtyňa begensem özüňden beter,
Sözleriň melhemdir, gözleriň ylham.
Seniň söýgüň meni daglara elter,
Nädip uçjagymy bilibergin soň.

Sözlerim soňlanmaz sözlänim bilen,
Sözledikçe syrly bolar sözlerim.
Gözlegim gutarmaz gözlänim bilen,
Gözledikçe uzar gider gözýetim.

Ne güldürýäň, ne öldürýärsiň meni ,
Gezip ýören ne öli ne diri men.
Başga dünýä sen indirýärsiň meni,
Geň görmegin ölüp ýene direlsem.

Dünýäligiň özi şol akar gider,
Sen bolsaň ýanymda şol maňa ýeter.

14.

Sen bolsaň ýanymda şol maňa ýeter,
Ýaşalmaly iň bagtly ömrümsiň.
Bir-birege bolup mydam elýeter,
Ömürlerim ömürlerňe öwrülsin.

Älemiň özüde yşka ýugrulan,
Serçejikler "Söýýän" diýip jürküldär.
Taýyn küýsäp guguldaşsa gumrular,
Menem gije goşgy ýazjak irkilmän.

Asla seni söýüp, wasp edip doýman,
Ýazjakla iň gowy söz tapyp bilsem.
Şahyryň boýnuna gandallap goýlan,
Sözdenem ýokarda (söz) tapyp bilmek.

Kölüm joşup möwç alanda alaşdym,
Uzyn gara gijeleňde alaşdym.

Magistral

Uzyn gara gijeleňde alaşdym,
Dideleriň demirgazyk ýyldyzy.
Bu älemde üýtgeşik bir aý aýdym,
Ýazgydymy ýagtyldýar ol ýylgyryp.

Durmuş romanymyň täze kitaby,
Gözelleşýän poeziýa şalygym.
Oguldürlim-dertlerimiň dermany,
Çeňňegime ilen altyn balygym.

Saňa sonetleriň güllerin tirip,
Otuz ýaş toýuňa sowgat eýlesem.
Osman çyksa birden gyljyny syryp,
Tukat öýümiziň artar meýlisi.

Bagtyňa begensem özüňden beter,
Sen bolsaň ýanymda şol maňa ýeter.

© Gerçeknazar AMANNAZAROW

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 21-04-2024, 10:03

© Islenen.ru - Düzgünler