Bu kelle aýdanymy etmeýär
Men bir ýana ol bir ýana yzgaýar
Men bu kellesiz oňup bilemak
Oňa boýun egmän duryp bilemak

Ol meni eýerläp, kündeläp mündi
Yh diýip taýak bilen syrtyma urdy
Men çapdym agzymy iki ýan uryp
Öňümden çykana it bolup üýürüp

Bu kelle meni masgara edýär
Hemişe araga, piwo ündeýär
Hany içeli, uraly birini diýýär
Onuň bu sözi meni mes edýär

Meni mes edýär, meni güldüräýr
Dilime erk berip adamlary kemsidýär
Käwagt umuman bolmazy aýydýar
Ýör bir zady göterip gideli diýýär

Bu kelle aýdanyny etdirýär
Meni münüp iki ýana at salýar
Indi näme etmeli şuny bilemak
Aýyryp zyňmana güýjim ýetenak

Hawa, häläm bir zat ynjalyk berýär
Uzaga gitmän ölersiň diýýän
Hemme etini iýenler ölüp gutrady
Senem itçe bolman ölersiň diýýän

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 7-06-2024, 19:47

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler