Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
Çykyp,
Çümüp git.



Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.



Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda-çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda-tirkeş-tirkeş bulut bol,
Teşne görseň, dodagyna damyp git.



Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek
Ýele garşy yňyp git.



Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.



Dost paýlansa "Äber!" diýip gyssanma,
Alaňdan soň-gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse-
gözleriňi hem gysganma,
Birin ber-de,
biri bilen oňup git.



Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý-
Parhy ýokdur:geýseň bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.



Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa-kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr. Bäş telpegi
bir gyňaja daňyp git.



Gözelligi
sor bagryňa, öýkenňe .
Söýülseň söý,söýülmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi,öz közüňi goýup git.



Ýeňip ýaşa:ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň-
Bir
oguldan
ýeňilip hem ýeňip git.



Ýeňsin ogul
dil bilen däl, iş bilen,
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul-
gözüň rahat ýumup git.



Gözüň sürtüp mehum enäň alnyna,
Bir aglapdyň.Indi bir aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere sümüp git.



Dünýä gelmegiň-de
nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de
nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyň gonup git.



Başarsaň-köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan-tanyş.
"Žiguliň " içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.



Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman-
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan,
Elbetde, alybam,şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp,
çar tarapa eňip git.



Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem-
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le...Ýaş hakynda dymyp git.



Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme,
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime-
Içi közli ojar ýaly sönüp git.



Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.


File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Allaş tarapyndan 4-07-2024, 04:49

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler