Alýaskada höwürtgeleýän Risanka atly guş Ýuwaş ummanynyň üstünden gonman 3200 kilometr aralygy geçip bilýär.
* * *
Afrika düýeguşunyň penjesiniň zarby at toýnagynyň güýjünden has elhençdir. Ýöne weli, düýeguş saňa hüjüm edeninde, taýagyň başyna telpegiňi gysdyr-da galdyraý, ol zut gaçmak bilen bolar. Sebäbi düýeguş diňe özünden boýy pes jandara hüjüm edýär.
* * *
Baltika deňziniň iň çuň ýeri 460 metrdir.
* * *
Iri ýyrtyjylardan ýolbarsyň ýüregi iň kiçijik ýürekdir.
* * *
Dünýäde iň süýji ösümlik Paragwaýyň topragynda ösýär. Onuň şiresi gantdan üç ýüz esse süýji .Bir bulgur kofeni ýa-da çaýy süýjetmek üçin şol ösümligiň ýekeje damjasy ýeterlik.
* * *
Erkin ýaşamaýan haýwanlaryň arasynda iň ulusy Çikago haýwanat bagynda saklanýan maýmyndyr. "Sinbad " diýip atlandyrylýan bu maýmynyň agramy 420 kilograma, boýy 2 metr 18 santimetre ýetýär.
* * *
Bir gektar tokaý giňişligi tomusda her gün 40 tonna çenli suwy bugardýar.
Toplan Resul Saparow.
Giňdir dünýä-geňdir dünýä (1)
Bilim,
Allaş
tarapyndan
5-07-2024, 22:00