Biziň bu saýtymyzyň agzalarynyň boluş ýagdaýy jemgyýetimizde bar ýagdaý. Agzalar asmandan düşen adamlar däl. Şu jemgyýetde ösüp kemala gelen adamlar bolany üçin olar ju jemgyýetde bar bolan nogsanlyklary özünde jemlän agzalar. Ýallaklamak, ýalan dost bolmak, işiň düşüp ondan bitjek adama maşgalaň bilen hyzmat etmek bu aýydanlaryma we onuň görnüşlerine hemişede duşyp durys. Mysal üçin, bir edara işe girip onda işlemeli bolsaň hökmany suratda onuň başlygyna, başlygyň otunbasaryna, buhgaltere, mastere we umuman ýolbaşçy diýýänleriň hemmesine ýaranjaňlyk etmeli. Başlyk gygyrsa oňa hiç zat diýmän kelläňi aşak edip özüňi müýnli edip görkezmeli, başlygyň aýalyna we çagalaryna hem ýaranjaňlyk etmeli wagtlar hem bolýar. Elbetde, men däl. Men ýaranjaňlyk etmekden gaça durýan adam. Başlygy we beýleki ýolbaşçylary öýüňe çagyryp iki bükülip hyzmat etmeli. Şu hili ýagdaý biziň saýtymyzda hem bardy. Saýtymyz şol sebäpli şu kyn ýagdaýa düşüp onuň agzalary duw-dagyn boldy emma men ynam bildirýän saýt agzalyrymyz ýenede jemlener diýip tama edýän. Öňümizde duran meseleler bir ýada birnäçe adamyň etjek işi däl. Müňlerçe adama hem iş tapylar. Ýazmaly zadymyz köp. Hoş sag boluň.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 7-07-2024, 16:00

  • DonMaxx DonMaxx off № 1 9 июля 2024 02:55
    menem yadyma dushenok admina gowysyranym
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 2 9 июля 2024 18:19
    Garaz saytdaky agzalar biryerlerik dargapdyrlar...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler