-Akyl öwretmek niýetim ýok, özüme ündäp sopy etmek hyýalymda ýok. Men diňe özüm üçin ýazýan. Bu barada öň hem aýdypdym. Meni guwandyrýan zat bu meniň ýazyp bilýänligim. Ýazmak bilen men özümiň kimdigime düşünýän. Bu örän wajyp. Dürli döwürlerde dürli pikirlerde bolýan. Mysal üçin, geçmiş döwrümiň bir pursadynda men dünýä bary-ýogy birnäçe epelmentden we hadysadan durýar diýip ýalňyşan ekenim. Hakykatda bolsa, durmuş örän çylşyrymly pursatlardan we bu çylşyrymly ýagdaýlaryň özara köp dürli gatnaşygyndan durýandygyna göz ýetirdim. Egerde men ýazmak bilen meşgullanmadyk bolanymda köp zatlara düşünmezdim. Elbetde, ýok. Şeýlelikde meniň bu açyşymda hatda biziň ýaman diýip düşünýän puratlarymyzyň haýsam bolsa bir purasdynda gowy ýagdaýlar hem bolup geçýär. Mysal üçin, durmuşyň aýratyn pursatlary aýylganç emma aýylganç pursat gutarýarda gezegini biziň üçin ýakymly pursatlara berýär. Meniň bu aýydanym ullakan açyş däl. Bu hili ýönekeý açyşlary siz hem edensiňiz?
-Hawa, onsoň biziň häzirki maksadymyz okuwa girmek uly bol, kiçi bol. Bu ýyl okuwa girmegiň aýgytlaýjy ýyly boljakdygyny eýýäm habar beriş serişdelerimiz hem aýytdy. Men size öňki çykyşymda Arkadag şäherine okamana geliň diýipdim. Bu dogry. Men tassyklaýan. Arkadag şäheriniň nämedigine düşünmek üçin bu şähere gezmäne geliň! Şäheri görüp oňa gözüňiz gitse bu ýerde okamak meýliňiz hem oýanar.
Adamy özüňe yrmagyň ýoly bu adamy geň galdyrmak. Göz öňüne getiriň ýaşlarymyzyň hemmesi okuw jaýaryna sürlenişip barsa institutyň rektoty hem bu sürlenişip baran okuwa girjekleri görse näme pikirde bolar. Elbetde, ol bir zat etmeli bolar ýagny okuwa baran ýaşlary ýöne ýere yza gaýtarmazlyk bolar. Şonuň üçin bar bolan ähli okuw jaýlarynyň öňi okuwa baranlardan doly bolmaly. Şunça köp adam okuwa girmekçi bolýar diýip daşary ýurt habar beriş serişdleri hem geň galyp ýazmaly. Meniň bu teklibimden ýüz döndermäň. Indiki ýyl men bu işleri etmerin. Indiki ýyl men başga işlere geçip gitmeli bolaryn. Şonuň üçin şu ýyl okuwa girip galyň. Öň aýdyşym ýaly ekzamenlere taýynlanmaly. Bu siziň okuwa girmek islegiňizi güýçlendirer. Bary-ýogy şu. Meniň bu aýydanlarym okuwa okamagyň we bilimli bolmagyň köne usuly. Geliň indi okuw okamagyň, okuwdan üstünlik gazanmagyň ýene nähil usullary bar. Bu barada hem aýydýyn. Şeýle bir ýagdaý boldy. Irte döwürden bäri maşgalasynyň hemmesiniň mugallymçylygy okap mugallym kärinde işleýän bir öýe myhman boldum. Meni geň galdyran zat alty-ýedi adamyň mugallymdygyna garamazdan bu öýde komputere, noutbuga gözüm düşmedi. Meniň diýjek bolýanym näme üçin mugallymlar okuwa sapak berende komputeri ulanmaýarlar. Meniň synlaýşyma görä mugallymlar internetden hem peýdalanmaýarlar. Umuman men geň galýan. Internetden peýdalanman bilimli bolup bolmajakdygyna men az ynanýaryn. Ýöne men hiç kimi tankyt etmeýän. Esasy zat internet bilim almagy ep-esli arzanlaşdyrýar, bilim alnyşyny çukurlaşdyraýar. Internet talaby güýçlendirýär. Başgada ýene köp zatlara peýdasy bar. Muňa düşünmek üçin internetden bilim, sowat aljak bolup synanmaly.
Bilime ynanýan adam köp däl. Munyň sebäbi adamlaryň aglabasy orta mekdebi tamamlamak üçin on ýyl sarp edende bolsa mekdebe gutaranlara hiç hili talap ýok. On ýyl okap alan dokumentiň bilen işe girip aýlyk alyp bolmaýar. Goşmaçaa ýene azyndan bäş ýyl okap institutyň diplomyny almaly ýada iň bolmanda bir-iki ýyl okap tehnikum ýaly bir zatlary okamaly.
Bilimiň gerekdigini men size ýatladyp goýmakçy. Haýsy zatlary öwrenmeli okamaly diýseň meniň özüme dizaýny öwrenmelidigini bilýarin, onsoň jaý proektirlemäni bilseň gowy boljak ýaly, surat çekip bilseň hem ters iş däl, onsoň özüň goşgy düzüp aýdym aýdyp bilseň bu işler hem ters däl. Taksiçilik bolýar, gurluşyk işleri hemişede gerek. Daýhançylyk ýatdan çykmaly däl. Mal saklamaly, goýun-geçi bakmaly. Emma bu işleriň hemmesiniň yzynda hökmany suratda okuw bolmaly. Soňky döwür ekologiýany bilmek zerurlygy ýüze çykdy. Turizm hem gowy iş. Örän köp işi hiç ýeri gutarmazdan alyp barýan adamlar az däl. Emma men okuwy hemişede öňe goýýan hatda okuwa sarp edien wagt girdeýji bermesede. Okuw bilen pul biri-birine boýun egesi gelmeýän zat. Okuw hemişede gerek öň aýdyşym ýaly. Bu babatda birje tymsal getireýin. Okuwyň üstünden gülünýän pursatlar örän köp. Ine, häzirki tymsal hem şu aýydanyma degişli.
-Derýadan gaýyk bilen geçiriji bir adam bir dil ugryndan alym bolan bir adamy gämisine ýükläp derýadan geçirýän pursadynda alym gaýykça sorag berýär. “Inim haýsy ugyrdan bilimiň bar”. Onda gaýykçy özüniň hiç bir ylmynyň ýokdugyny aýydanda dilçi alym onuň üstünden şeýle diýip gülýär. “Heý, ömrüni boş geçiren adam sen” diýip. Edil şu wagt derýada apy-tupan gopup gämini agdara getirýän pursadynda gämiçi dilçiden soraýar. “Suwda ýüzüp bilýäňizmi agam.” Emma dilçi alym gözüni petredip gorkup özüniň suwdan gorkýanyny we suwda ýüzüp bilmeýänini aýydýar. Igenmek gezegi gämiçä gelýär. Ol dilçi alymyň üstünden gülýär. “Agam siz derde ýaramaýan ylymy öwrenipsiňiz” diýip. Dogrydanam diňe bir ugry okap alym bolanyň biziň döwrümiz üçin ýeterlik däl. Köpugyrly okuwa kowalaşmaly. Ýene bir tymsal getireýin. Bir arap düýesine gumdan toprak basyp alyp gelýän purasdynda oňa bir alym dogry gelýär. Arap topragy halta azly-köpli basypdyr, üstesine haltalary düýä basanda gyşyk-myşyk basypdyr we haltalar agramy bir ýana berip düýe biçäräni agsadypdyr. Muny gören alym araby togtadyp, onuň haltalaryny ilki ýere agdaryp onsoň haltalary öz agramyna garap dogrylap, düýä tertip bilen basyp beripdir welin arap düýesiniň tekiz we aňsat ýreýşine geň galyp ýaňky alyma sorag ýagdyrypdyr. Ol aýdypdyr alyma “Sen bu ylymyň bilen bir ýurdyň patyşasy bolsaň gerek”. Onda alym “ýok men patyşa däl” diýipdir. Onda arap oňa “megerem sen bu ylymyň bilen bir ýurtda ministr ýada hakim, iň bolmanda kazy bolsaň gerek” diýipdir. Onda alym arabyň bu sözlerini hem inkär edipdir. Birden arabyň gahary gelipdir. Sen bu ylymyň bilen patyşa bolmadyk bolsaň ondä sen bir gezip ýören kellesi boş ykmanda bolsaň gerek diýip, alymyň tertip bilen ýüklän haltalaryny aşak agdaryp urypdyrda ýene öz bilenini edip haltalary başly-barat zyňyp özäm düýede ters otyryp ýoluny dowam edipdir. Bu tymsal nämäni düşündirýär. Adamlaryň aglabasy oýlaýar. Okuw okndan soň hökmany suratda ýokary wezipeli işlere girmeli diýip. Bu ýalňyş pikir. Bilim, okuw öz pursadynda gerek. Şoňa çenli ätiýaçda bolsa ýagşy.
Sygyr çopana dizaýner bolmak hökmanmy
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
25-07-2024, 19:17