"Baky şäher " adyny alan gadymy Rimde şäheriň darajyk köçelerinde dürli görnüşdäki ulaglardan ýaňa ýöräre ýer bolmansoň, meşhur serkerde we döwlet işgäri Gaý Ýuliý Sezar ýol hereketini sazlamak boýunça alada edip başlaýar we ýol hereketiniň gadymy Rim düzgünlerini ulanylyşa girizýär. Olaryň birnäçesi biziň zamanymyzda hem ulanylýar. Mysal üçin, garşylyklaýyn gelýän ulaglar biri-biri bilen çaknyşmaz ýaly, bir taraplaýyn hereket ulanylyp başlanypdyr. Mundan başga-da, Gün ýaşandan soňra Rimde arabadyr ekipažlar bilen gezmek gadagan edilipdir.
Başga şäherlerden gelýän ulag eýeleri üçin hem düzgünler işlenip düzülipdir. Olar hökman öz ulaglaryny şäheriň daşynda goýup, köçelerde pyýada gezmeli edilipdir.
Düzgünleriň berjaý edilişine berk gözegçilik ýola goýlupdyr. Gözegçilik ozal ýangyn söndürmek bilen meşgullanan gulluklara tabşyrylypdyr.
Şol zamanda swetoforlar (ýol yşyklary) bolmandyr. Olaryň ýerine ýörite saýlanyp-seçilip alynýan ýyndam adamlary ulanypdyrlar. Şol adamlar çatyryklarda hereketleri sazlamaga, ulag eýeleriniň arasynda ýüze çykýan dawalary çözmäge borçly edilipdir.
Öz ulaglary bolan adamlardan aýratyn töleg alynypdyr. Ýolagçy gatnadýan ulaglara çylşyrymly gurluşly çarh oturdupdyrlar. Olar 500 metr geçenlerinde, şol çarh enjamyň ýokarysyna berkidilen gapyrjakdan aşakdaky gapyrjaga daşjagaz oklapdyr. Ulag degişli ýere baranda, ulagyň eýesi we oňa münen ýolagçy bilelikde gapyrjaga düşen daşjagazlary sanapdyrlar. Şolar boýunça hem hak tölenipdir. Şundan çen tutsaň, dünýäde ilkinji taksi hem gadymy Rimde döräýen ýaly.


Taýýarlan
Amanmyrat
Kiçigulow.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Allaş tarapyndan 1-08-2024, 12:52

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler