Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen berkarar bolan Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwri gözbaşy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan türkmen halkymyzyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge giň ýol açdy. Ýurdumyzda halkara ylmy maslahatlaryň yzgiderli geçirilip durulmagy dünýä tejribesini durmuşa ornaşdyrmaga, özara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam edýär. Bu babatda Türkmen halkynyň milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: "Galkynyşyň we ösüşiň röwşen ýoly bilen öňe ynamly barýan eziz Watanymyzda halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny, akyldarlarymyzyň we şahyrlarymyzyň bize goýan ylmy-edebi miraslaryny düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak maksady bilen, halkara ylmy maslahatlary ýygy-ýygydan geçirilýär. Munuň özi döwletimizde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlykda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär" diýip jaýdar belleýär.
Halkymyz 2010-njy ýylda türkmen edebiýatynyň saýrak bilbili Mollanepesiň 200 ýyllyk dabarasyny belläp geçdi.
Hawa, türkmeniň nusgalyk edebiýatynda yz galdyran beýik söz ussadynyň edebi mirasyny dolulygyna öwrenmek biziň mukaddes borjumyz. Beýik söz ussady türkmeniň nusgalyk edebiýatynda "Yşk mülküniň şasy "hökmünde ykrar edilen şahyrdyr. Bu at oňa meşhur "Zöhre-Tahyr "dessanynda özi barada beýan eden sözlerinden ugur alynyp dakylypdyr.
Yşk mülküniň şasy renen,
Gaşymda mähremim ýok.
Mollanepes öz döwrüniň ylymly-bilimli, sowatly adamy bolupdyr. Ol Marydaky, Buharadaky medreselerde okap, bilimini artdyrypdyr. Türkmeniň nusgalyk edebiýatynyň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň, Gündogaryň görnükli şahyrlary Nyzamynyň,Nowaýynyň, Ferdöwsiniň, Rumynyň kitaplary şahyryň edebiýat äleminde kämilleşmeginde aýdyň çeşme bolup hyzmat edipdir.
Taryhy maglumatlar şahyryň halypasynyň Kemine bolandygyna güwä geçýär. Ol ussady bilen ýakyn döredijilik aragatnaşygyny saklapdyr.
Şahyryň döredijiliginde Watan, il-ýurt, gahrymançylyk häsiýetli şygyrlar aýratyn orny eýeleýär. Şahyr çylşyrymly döwürde ýaşansoň, öz eserlerinde dürli wakalary şöhlelendiripdir. Öz döwrüniň belli serdarlaryna, hanlaryna, söweşjeň batyr ýigitlerine bagyşlap ençeme şygyrlary döredipdir. Meselem, ol Ahalyň belli hany bolan Garaoglana bagyşlap "Garaoglan han","Ýetişsin","Garaoglan serdary ","Zaman geldi ","Gelen Garaoglan "ýaly birnäçe şygyrlar döreden bolsa, Mary, Sarahs wakalarynda edermenlik görkezen Gajarbaýa bagyşlap "Gajarbaý","Mertleriň merdanydyr " ýaly şygyrlary döredipdir.
Begler gulak goýuň uşbu güftara,
Wasp eder men batyrlary, serdary...
Mollanepesiň şygyrlar toplumyny bagyşlan şahsyýetleriniň biri-de öz döwrüniň belli serdary Öwezmyrat hojamdyr. Şahyr oňa bagyşlap "Jany-jananlar seniň","Zorym Hojam","Hojam sen ","Bedewdir ","Dessan içinde ","Haýranydyr " ýaly birnäçe şygyrlary döredipdir.
Asly bina bolmuş Ahal ilinde,
Öwezmyrat han hojamyň golunda,
Bahasy müň tümen şalar pulunda,
Ner kuwwatly, peleň zorly bedewdir.
20-nji asyryň başlaryndan başlap Orta Aziýa türkmenleriniň edebiýatyny, dilini, halk döredijiligini, etnografiýasyny öwrenen akademik A.A.Samoýlowiç Öwezmyradyň 1826-1831-nji ýyllarda hanlyk eden Nurberdi hanyň neberesindendigini ýazypdyr. Ýagny, Nurberdi hanyň Kazy diýen dogany bolupdyr. Onuň-da iki ogly bolup, ulusyna Öwezmyrat han diýipdirler.
Eý,Nepes, waspyňny diýsem, ähli
Söýünhan piri sen,
Ismiň Öwezmyrat hakdyr,hojalygynyň
şiri sen,
Mähriban ähli ulusnyň derdiniň
tedbiri sen,
Müňde bir waspyňga ýetmez uşbu
dessanlar seniň.
Öwezmyrat hanyň üç ogly bolup, ulusyna Atamyrat han, ortanjysyna Allaguly han, kiçisine Baba han diýýär ekenler.
Mollanepes öz döwrüniň belli hany Gowşut han bilen hem aragatnaşyk saklapdyr. Şahyr 1860-1861-nji ýyllarda bolan gajar urşunda eline ýarag alyp söweşipdir. 1862-nji ýylda hem agyr ýara sebäpli aradan çykypdyr. Ol Wekilbazar etrabyndaky Hoja Abdylla gonamçylygynda jaýlanypdyr.
Mollanepesiň ata Watan,ene toprak, il-ýurt, merdi-merdanalyk, dost-doganlyk hakdaky şygyrlary Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn mekdepdir. Ol şygyrlar merjeniniň üstünden näçe asyr geçse-de, öz hümmetini egismän, ýagty saçyp dur.
Bahar Akmämmedowa,
mugallym.
"Wasp eder men batyrlary, serdary"
Edebiýat,
Allaş
tarapyndan
1-08-2024, 17:23