Habar tutaňok aram aram
Pozup bilemok seni garalabam
Söýgiňi näçä satdyň
Nädip çydaýaň halamanam
Diňe ýatlama galdy maňa

Söýgiňi näçä satdyň ow
Söýgiňi näme üçin satdyň aýt
Näçä satdyň dymma

Seniň üçin aňsat
Taşlamak aňsat
Gözüm garaňkylady düşen ýaly agşam
Ýöne entek daňdan
Ýaralam kän bilermikäm ony bagyşlap
Gürleşeli açaçan
Saňa nädip ýolumy taparyn
Soňky sapar uzatdym ýüregimi saňa

Gizledi yşygyny aý
Diýeňde: "Bile däl biz, unudaý"
Gözleriňden okaýyn

Söýgiňi näçä satdyň ow
Söýgiňi näme üçin satdyň aýt
Näçä satdyň dymma

Näme gerek saňa aýt
Hemişe görmek üçin ýanymda
Şeýle ýeňilmi meni aldamak?!
Diýýäň:"Bagyşla", aýyr eli
"Sen diňe meňki", şeýlemi?
Ýüzüňem reňki üýtgedi
Diýýäň:"Öýkelek"
Gaharymy başladym tüýkürip
Seniň üçin barysy gülküli
Meniň üçin barysy gülgüne

Habaryňam ýok
Meniň düýşüme girýäniňden
Öz erkime bahanam ýok
Meniň ýaly samsyk tanamok
Gep herkime meniň ýagdaýym
Gowusy men gaýdaýyn
Näme üçin ony saýladyň?
Ber ýekeje soragyma jogap

Söýgiňi näçä satdyň ow
Söýgiňi näme üçin satdyň aýt
Näçä satdyň dymma.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, PerhatSabirov tarapyndan 6-08-2024, 17:44

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler