Balarylar öýlerini hem-de iýmit çeşmelerini, ýagny gülli ösümlikleri ösen GPS (Global Positioning System-Global ýerleşme ulgamy) ulgamyndan peýdalanýan ýaly, azaşmazdan tapyp bilýärler.
Bir ary bir gezekde iňňäniň ujy ýaly bal toplaýar. Muňa garamazdan, käbir ary sürüsi her günde bir kilograma barabar bal ýygnap bilýär.
Erigiň ýa-da islendik başga bir ösümligiň güllänini gören bolsaňyz gerek. Olaryň ählisi biri-birine meňzeş. Şeýle bolansoň, olary tapawutlandyryp bolmaýar. Emma arylar beýle däl. Öň gonan gülüni ýadynda saklap, ikinji gezek şol güle gonmaýar.
Balarylar diňe gonan güllerini däl, eýsem, adamlaryň ýüz keşbini hem ýadynda saklaýar.
Balary öýjükleriniň galyňlygy bir millimetriň ondan birine barabar. Muňa garamazdan, öz agramyndan ýüzlerçe agyr ýüki göterýär.
Balarylar 6 hepde töweregi ýaşaýar.
Çeşme Zaman gazeti
Arylar barada gysgaça maglumatlar
Bilim,
Abaddon
tarapyndan
5-06-2021, 18:57