Aşgabadyň Halkara howa menzili: desganyň kökleri ýaýran jadyly agaçlara meňzeş sütünleri, tolkun görnüşli beýik gümmezi, palmalar, güller, bezeg pannolary we beýleki gyzykly dizaýner çözgütleri ertekilerdäki ajaýyp bagy ýatladýar. Merkezi Aziýada örän iri we tehnologiýa taýdan üpjünçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan bu howa menzili 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Şolaryň 48-si esasy desgalardyr. 5 gatly baş terminalyň tutýan meýdany 190 müň inedördül metrden hem geçýär. Uçarlaryň hereketini guramak we dolandyrmak, ýolagçylara hyzmat etmek, ýokary halkara ülňülerine laýyklykda el goşlaryny hem-de ýükleri işläp geçirmek, hyzmatlaryň tutuş toplumyny guramak ulgamlarynda howpsuzlyk kadalarynyň üpjün edilmegine toplumlaýyn çemeleşme amala aşyrylýar. Aşgabadyň Halkara howa menzili sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr.
Singapur Çangi aeroporty: şäher döwletiniň ýeke-täk howa menzili kebelekli bagy we altyn balykly howzy bilen tanalýar. Arassalygy, ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlar, söwda etmek üçin döredilen şertler, ýükleri almak üçin kämil ulgam we wagtyňyzy gyzykly geçirmek üçin döredilen hyzmatlar howa menziliniň myhmanlarynda hoşallyk duýgularyny döredýär. Üsti aýna bilen örtülen gümmez görnüşli binanyň içindäki köp gatly baglar, ösümliklerden döredilen labirint, çagalar üçin oýun meýdançalary, okalga zaly we beýleki hyzmatlar syýahatçylary geň galdyrýar. Bu ýerden 106 sany awiakompaniýanyň uçarlary dünýäniň 250 şäherine howa gatnawlaryny amala aşyrýar. Howa menzili ýylda 53 milliondan gowrak ýolagça hyzmat edýär.
Seul Inçhon aeroporty: Koreýa Respublikasynyň paýtagtyndaky bu aeroport owadanlygy babatda dünýäniň iň meşhur howa menzilleriniň biri hasaplanýar. Her ýyl 42 million töweregi ýolagçylary kabul edýän aeroport, takmynan, 47,5 kilometr meýdany eýeleýär. Bu ýerden geçýän ýolagçylar hammam, massaž, ýatak jaý ýaly birnäçe hyzmatdan mugt peýdalanýarlar. Paýtagt Seulyň merkezinden 70 kilometr uzakda ýerleşýän aeroportda ýylyň dowamynda hereket edýän buz meýdançasy, 18 çukurjykly golf meýdançasy ýerleşýär, şeýle hem koreý senetçiligi, aýdym-sazy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän medeniýet merkezi bar. Ýolagçylaryň resmi işlerini ýerine ýetirmek we üstaşyr geçýän ýolagçylara hyzmat etmek boýunça dünýäde birinji orny eýeleýän Inçhon şäherinde kenarýakadan uzak bolmadyk ýerde iki adanyň birleşdirilmegi bilen giňeldilen adanyň üstünde gurlupdyr.
Gonkong aeroporty: geçen ýyl 59,9 million ýolagça hyzmat eden, 280 dükany bolan howa menzili söwda ugry boýunça üçünji orny eýeleýär. «Skytrax»-yň (aeroportlara baha berýän kompaniýa) 5 ýyldyz bilen baha beren Gonkong howa menzili dürli ugurlarda öňe saýlanyp, iň gowy iýmit hödürleýän howa menzilleriniň arasynda birinji boldy.
Shiphol Amsterdam aeroporty: ýylda 60 milliona golaý ýolagçyny kabul edýän howa menzili kitaphanasy, muzeýi, dükanlary bilen tapawutlanýar. Niderlandlaryň paýtagtynyň halkara howa menzilindäki muzeýde sungatyň we bilimiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berilýär.
İň owadan howa menzilleri
Täzelikler,
Men sho
tarapyndan
5-06-2021, 23:07