Ihsiji (Ilçi) kagan[1] ýa-da Gara Yssyk Kagan. Ol 552-553-nji ýyllarda gurulan Göktürk kaganlygynyñ kagany bolupdyr. Bumyn kaganyñ ölüminden soñ onuñ ýerine ogly Gara (Kolo) geçdi[1][2]. Emma SS 84 we PS 99-daky maglumatlarda Bumyn kaganyñ ölüminden soñ ýerine jigsi Aý atly bir şahsyýetiñ geçendigi hakynda ýatlanylýar. Beýleki bir tarapdan 587-nji ýylda Çuluhunyñ tagta geçjek wagty agasy Işbara kaganyñ ogly Ýangýunyñ arasynda bolup geçen gürrüñlerde [1][3] Garanyñ Bumyn kaganyñ oglydygy ýatlanylypdyr.
Netijede Aý diýilýän şahsyýetiñ tagta geçendigi hakyndaky maglumat nä derejede dogrudygy ýa nädogrudygy belli däl. Bumyndan soñ Aý geçipdirmi ýa Yssyk[1][4]?
Gara kagan bolanyndan soñ Ihçisi (Ilçi) lakamyny alypdyr. Has öñler basylyp alynan taýpa Juwan-juwanlardan Anakuwiniñ agasynyñ ogly Teñşutsäni we onuñ goşununy Woýeniñ[1][5] demirgazygynda Mulaý dagynda yzyna serpikdirdi.
Ýeñilenler günbatar Weý döwletine tarap gitdiler. 553-nji ýylyñ Maýynda Günbatar Weý döwletine ilçi ugradyp, elli müñ aty sowgat hökmünde imperator peşgeş berdi[1][6]. Kaganlygy az wagtda dolandyran Gara lakamly Yssyk kagan şol ýyl dünýeden ötdi[1].

Çeşme:

1. Göktürkler I-II-III, 1-njy jilt we 2-nji neşir, sah-23. Türk Taryh Guramasynyñ neşiri 2014. Professor doktor Ahmet Taşagyl (türkçe).
2. Ç.S. 50 Gök böl. I. 909 TÇTÇ (Tsu chih, Tung chien) 165 şol ýerde.
3. TÇTÇ. 176, s.5489,5490.
4. Bu hakda serediñ: Liu Itong ''Sui Şu Tuçue-çuan Kao-çu'', Pien-çeng Ýen Çiu Suo nien pao, Tiapeý. sah-12, 1981. S.78-79 Ecsedy. Trade., s 156. n. 19.
5. Wo-ýe, häzirki Zehol welaýatynyñ Ordo çäkleri tarapynda.
6. Ç.S. 50, şol ýerde TÇTÇ 165. şol ýerde Gök türk döwletiniñ gurulagynda Puenitiendäki maglumatlar üçin seret: St Julien. Dociments Histori Yues Sur Les Tou-kioue, Pariz 1877, s. 2-10

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 6-06-2021, 07:04

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler