Körpejä aýdylmagyny öwrenmesi iň bir kyn düşýän harplaryň biri-de, “R” harpydyr. Bu tutuk sesi dürs aýtmak üçin diliňi takyk hereketlendirmegi başarmak gerek. Muny oňarmasaň, sesiň nädogry aýdylyşynyň dürli (meselem “L” ýa-da “Ý” sesli) görnüşleri ýüze çykýar. Çaganyň “R” sesini aýdyşyny barlamagyň aňsat usuly bar: munuň üçin oňa ilki bilen bu sesiň diňe özüni (“R-r-r”), soň bolsa düzüminde bu harp bolan sözleri (garga, tumar, gara, tara, sary…) sözleri gaýtaladyň. Eger-de, körpeje sesiň arassa özüni dürs aýdyp bilmeýän bolsa, ony sözde-de dogry sözlemez, şonuň üçin ony sesiň ilki özüni aýtmakda türgenleşiriň.

Çaga näme üçin “R” harpyny aýtmakda kösenýär?

Bilermenler çaganyň “R” harpyny dürs aýtmakda kynçylyk çekmeginiň birnäçe sebäbini bolup bilýändigini belleýärler. Şeýle sebäpleriň arasynda sözleýiş beden agzalarynyň hereketjeňliginiň bozulmalaryny, dil uýanjygynyň bolmalysyndan gysgalygyny, çaga gürlände, nädogry dem alýandygyny we beýlekileri görkezmek bolar. Bulary ýeňip geçmek üçin çaga bilen uly aýnanyň öňünde arkaýyn oturyp, sesi dogry aýtmak üçin diliňi, dodaklaryňy hereketlendirmegiň tertibini görkeziň: dodaklaryňyzy şapbyldadyp durşuňyza agzyňyzy açyp-ýapyň; dodaklaryňyzy bir ýere üýşürip çommaldyň, soň bolsa, ýuwaşdan ýylgyryň; sag we çep gözleriňizi gezekli-gezegine açyp-ýumuň; diliňizi mümkin boldugyça daşyna uzadyň, soň bolsa, çuň bukuň we ş.m.
Çagalar bilen işleýän logoped lukmanlar şu maksat bilen ýörite artikulýar gimnastikasyny ýerine ýetirmegiň hem oňat netije berýändigini belleýärler.

“Taýçanak” – diliňi agyz boşlugynyň ýokarky kentlewügine pugta ýelmemeli, soň bolsa, jukguldap aýyrmaly (10-20 gezek);

“Suratçy” – ýasy diliň bilen ilki ýokarky dişleriňden bogazyňa tarap, soň yzyna ýalmanmaly;

“Kömelejik” – diliňi kentlewügiňe dilasty uýanjyk mazaly çekilýänçä ýelmeşdirmeli, şunda diliň özi “kömelejigiň kellesi”, dilasty uýanjyk bolsa, “kömelejigiň aýagy” bolar;

“Çybynjyk” – diliň ujuny alweolara pugta gysyp, “dz-z-z” sesini mümkin boldugyça süýndürip aýtmaly;

“Motorjygy otlamak” – diliň ujuny dişiň arkasyna gysyp durşuňa, “dyn-dyn-dyn” sesini mümkin boldugyça çalt gaýtalamaly, uzagyndan bolsa, ony “dyr-dyr-dyr” sesine çalyşmaly.

Bu maşklary körpejä her gün aýnanyň öňünde irginsiz gaýtaladyň. Bir çaga bu sapaklary tiz özleşdirýär, beýlekä biraz kynrak düşmegi ahmal. Ýöne dessine bolmady diýip umytdan gaçmaň. Asylly maksada gulluk eden hemişe-de ýeňýändir!

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Men_we_Sen tarapyndan 9-06-2021, 11:17

  • Albassy Albassy off № 1 9 июня 2021 11:30
    Gowy maglumat, minnetdar ýetireniňize
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler